Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän aladalary, kabul edýän parasatly we il-ýurt bähbitli kararlary netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň düzümine girýän önümçilik kärhanalarynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Ministrligiň garamagyndaky senagat kärhanalarynda esasan sement, magdan däl materiallary, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demir-beton, daşy örtülen simler we kabeller, demir gurnawlar, ýokary we pes woltly elektrik geçiriji enjamlar, sorujylar we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, gazbeton, keramzit, kaolin, gips we beýleki gurluşyk materiallary öndürilýär. Şol sanda, ministrligiň garamagyndaky “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän Iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň hem-de “Demirbetonönümleri” zawodlarynyň durky täzelenip, häzirki günde olarda jaý gurluşygy üçin öndürilýän iri panelleriň, demirbeton önümleriniň we konstruksiýalarynyň hil derejesi ýokarlandyrylýar, önümleriň öndürilişi artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça edýän ýadawsyz aladalaryndan we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek barada durmuşa geçirýän uly ähmiýetli işlerinden ruhlanyp, şeýle hem görkezilen kärhanalaryň durkynyň täzelenmegi we häzirki zaman enjamlarynyň oturdylmagy bilen önümçilik öndürijililiginiň ýokarlanmagy netijesinde, olaryň öz öndürýän önümlerini peýdalanmak bilen, döwrebap we ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary bolan bir we köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklyk ýola goýuldy. Ýaşaýyş jaýlary gurulanda, olaryň daşky görnüşinde, germewlerinde, eýwanlarynda we beýleki böleklerinde milli äheňdäki nagyşlar ulanylýar, jaýlaryň öň tarapy, girelgeleri we basgançaklary suwa durnukly ýokary hilli boýaglar bilen boýalýar, jaýlaryň üçekleri demir çerepisalar bilen örtülýär. Bu gurulýan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy işlenip düzülende girelge meýdanynyň 8,23 m2-dan 11,83 m2-a çenli ulaldylmagy, iýmit we aşhana gap-gaçlary saklanylýan ammar otagynyň girizilmegi, aşhana otagynyň 11,44 m2-dan 17,63 m2-a çenli meýdanynyň ulaldylmagy, kir ýuwulýan, geýim guradylýan we geýim ütüklenilýän otaglaryň girizilmegi, maşgalanyň agzalary we myhmanlar üçin hajathanalaryň we ýuwunylýan otaglaryň aýratynlykda ýerleşdirilmegi, myhmanhana otagynyň meýdanynyň 18,03 m2-dan 36,60 m2-a çenli ulaldylmagy göz öňünde tutulan. Bularyň hemmesi raýatlarymyz üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän oňaýly ýaşaýyş şertlerini döredýär. Netijede, bu ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak barada ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowyşýan islegnamalar günsaýyn artýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir