Soňky ýyllarda tutuş dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli köp sanly adamlar öz dogduk obalaryny, watanyny taşlap gitmäge mejbur bolýarlar. Birleşen milletler guramasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bosgunlaryň sany ep-esli artyp, 65,3 milliona golaýlady. Ol hem bosgunlar hem-de migrasiýa meselesiniň tutuş dünýäde ýitileşmegine sebäp boldy. Dünýäde şeýle ýagdaýlar dowam edýän döwründe Türkmenistanyň alyp barýan parahat söýüjilikli hem-de ynsanperwer syýasatlarynyň netijesinde migrasiýa meseleleri netijeli çözülýär. Şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Türkmenistanyň raýatlygyna 1381 sany adam kabul edildi. Gaýra goýulmazdan raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu waka Türkmenistanyň halkara hukugynyň hem-de BMG-nyň Bosgunlar, raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýalarynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu çäreniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen diplomatlarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylarynyň şeýle-de raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi” atly halkara duşuşygy geçirildi. Duşuşykda BMG-nyň bosgunlarynyň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlaryna kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip we bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýandygy ykrar edildi. Migrasiýa bu gün dünýäniň düýpli meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmeginiň oňyn tejribesine hem-de migrantlara durmuş goraglylygyny we birmeňzeş mümkinçilikleri bermekde uly işler alyp barýar. Ýurduň migrasiýa meseleleri boýunça alyp barýan giň gerimli maksatnamalary we halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Aşgabatda migrasiýa meselelerine bagyşlanyp gurnalýan iri halkara forumlar hem oňa şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy we BMG-nyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde gurnaldy. BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy 1995-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işläp gelýär. 2014-nji ýylda türkmen tarapynyň teklibi bilen Aşgabatda “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahat: wehimleri kesgitlemek we öňe tarap ýol” diýen maslahat geçirildi. 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bosgularyň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde 10 ýylyň dowamynda (2014-2024 ýyllarda) raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça dünýä ähmiýetli işleri wagyz etmäge bagyşlanan çäre geçirildi. 2015-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hemişelik agzasy bolup durýar. Türkmenistan BMG-nyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna, ýagny “Bosgunlaryň derejesi hakynda” konwensiýa hem-de oňyn Teswirnamasyna, BMG-nyň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” konwensiýalaryna goşuldy we öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap, garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul etdi. Olar bosgunlaryň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýär, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Alnyp barylýan ynsanperwer syýasat netijesinde, dürli sebäplere görä, ýurtlaryň çäklerinden gitmäge mejbur bolan birnäçe goňşy we beýleki döwletleriň raýatlary üçin Türkmenistan ikinji watanyna öwrüldi. Sebäbi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de halkymyzyň ynsanperwerligiň milli däplerine eýerip, Türkmenistanda bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin hemme şertler döredilýär. Muňa şu aşakdaky sanlar şaýatlyk edýär: -2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, olardan 9 müň 500-e golaý adam bosgunlardyr. -Mundan başgada, 3 müňden gowrak adam ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy, olaryň hem 1800-si bosgunlardyr. -2011-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna 4 müň adam, 2014-nji ýylda 786 adam kabul edildi. 2015-nji ýylda ýurdumymyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýene-de 361-si pasport aldylar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2016-njy ýylyň 9-njy dekabrynda ýene-de 1381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permanyna gol çekilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir