Beýik türkmen şahyry, nusgawy edebiýaty esaslandyrjy Magtymguly Pyragy özüniň “Ýat ýagşy” diýen goşgusynda: Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden, Agylynda yssy beren it ýagşy- diýmek bilen goragçymyz bolan itleriň käbir ynsanlardan adama haýyrlydygyny belleýär. Itler barada meşhur “Görogly” şadessanynda gyzykly beýan edilýän “it urşy” oýnunyň at üstünde oýnalşyny, ondan söweş tislimleriniň öwrenilşini hemmämiz okap lezzet alýarys. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri hem itleriň müçe ýyl hasabynda öz ornuny tapmagydyr. 11-nji ýyl “It ýyly” bolup, adamlar oňa rysgally, döwletli ýyl bolar diýip ynanypdyrlar. Bu barada il arasynda: “It ýyly ek, doňuz ýyly or” diýen aýtgy döräpdir. Gaýduwsyz, çydamly, güýçli, akylly, wepaly, batyr alabaý itleri özüniň gadymy görnüşini saklap, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Gözel Diýarymyz alabaý itleriň kemala gelen mekanydyr. Muny taryh bize subut etdi. Gadymy Jeýhundan, Nusaýdan we Gäwürgaladan tapylan itleriň heýkelleri, taryhy ýazgylar türkmen alabaýynyň gelip çykyşynyň gadymylygyny tassyklaýan maglumatlardyr. Aziýadanyň tumary hökmünde alabaý itleriň şekiliniň saýlanmagy halkymyzyň güýçli, gaýduwsyz alabaýyna bolan garaýşynyň wepalydygyny we ynamlydygyny aňladýar. Goý, bu tumar türkmen türgenleriniň hyjuwyny artdyrsyn! Itler barada aýtmaga, wasp etmäge zat kän. Çünki türkmen halky gapysynda saklaýan janly-jandaryna uly sarpa goýýar. Emma gynansakda “Süri agsaksyz bolmaz” diýilşi ýaly itlere kadaly gözegçilik etmeýän hojalyklar hem duş gelýär. Gözel ymaratlaryň, owadan baglaryň, gül pürkülen ýaly köçeleriň ugrunda eýesiz itleriň ygyp ýörmegi diýseň gynandyrjydyr. Şol sebäpli eýesiz itleri näme etmeli? Belki bu barada çynlakaý pikirlenmeli. Janly-jandarlara gözegçilik edilmese, gün-günden köçeler eýesiz jandarlardan dolup, çagalara, adamlara uly howp salar. Bu barada degişli edaralar, işgärler wagtynda çäre görmeseler, elbetde dürli keselleriň döremegine sebäp bolar. “Maslahatly don gysga bolmaz” diýilşi ýaly eýesiz jandarlar barada ýaşaýjylar bilen bilelikde bir netijä gelinmeli.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir