Ýakynlykda bir wagyzda boldym şonda wagyz edýän gelin “Her bir ynsan Allamyň öýüdir olary ynjytmaga siziň hakyňyz ýok. Bir musulman bendesi ynjasa Allam ynjar” diýdi. Özüm haýran galýan bulary diňlemek ýaman gowy boldy ýüregiň giňäp gidýä. Gyzlar bolup ol geliniň daşynda tegelenip diňledik adam köp boldy barysy gelin-gyz aglaýanlaram bardy aramyzda. Wagyz edýän yslama giren 18 ýaşly gyza “men seň öňüňde baş egýän…” diýdi ol gyz bolsa “beýtmäň siz menden uly ahyry” diýip köp biraz gürrüň etdiler weli wagyz edýän gelin aglady “men näme üçin saňa baş egmäýin sen 18 ýaşyňda yslama girdiň onuň nähili gözeldigini bildiň, Allamy tanadyň men bolsa 35 ýaşyma çenli şu zatlara düşünmändirn…” diýip aglady. Ol gaty gynanýan ekeni yslama giç girenine. Başgada ol gelin “Allamyň ýaradan bendelerine dil ýetiräň. Hiç wagt lola lola diýmäň belki ol öz ene-atasynyň günäsi zerarly şu ýoldadyr. Bu günki aýdan zatlaryňyzy ertir özvňiz öz eliňiz bilen orup alarsyňyz! (diýjek bolýany belki şoň ene-atasy bir wagt biriniň cagasyna dil şetirendir şol zerarly hem Alla olara öz çagalarynyň üsti bilen görkezýä) “Men yslamda ol bolsa namazsyz” diýip yslama girmedikleri kiçeltmäň ol düşünýän däldir. Belki olam ertir yslama girip sendenem berk kabul eder” diýip köp gowy zatlar aýtdy meň paňkelläm şu wagt işlänok. Wagyz öňem diňleýädim weli beýle täsir edenokdy. Oň diýýän zatlaryny eşidýäň weli hemme adama mährem bolasyň gelýä. Ýöne näme üçindir ony başaramyzok dünýäde näçe gowy zatlar barka biz erbet zatlara üns berýäs gowy sözlere derek erbet sözleri ulanýas. Bu dünýä şeýle-de dara onam ýigrençden doldyrmalyň! Belki sizem wagyz ýa bir ýerlerde gyzyklyja zat eşidensiňiz ýazsaňyz okardyk!!

Köneler, Harmandali tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir