Mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17 –nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary gün-günden ýakynlaşmak bilen halkymyzyň ruhuna ruh, şatlygyna şatlyk goşýar. Bu Halkara derejeli oýunlara taýýarlygyň çäklerinde eziz diyarymyzyň ähli ýerinde dürli ähmiýetli çäreleriň ençemesi badalga aldy. Başy bulutlara direlýän Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy, myhmanlary kabul etjek Halkara howa menziliniň kaşaň binasy, V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbidir tumarynyň tassyklanmagy, sport we medeni çäreleriň tutuş tapgyry halkymyzyň kalbyndaky buýsanjyň şuglasy bolup şöhle saçdy. Мilli telewideniýe arkaly Aziada- 2017-niň mahabat şekilleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilmeli oýunlaryň düzümindäki sportuň 21 görnüşi hakyndaky düşündirişli ýazgylar, sport we ruhubelentlige degişli aýdymlar türkmen jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Aýratyn-da, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ak patasy bilen badalga alan 500 günlük atly ýöriş tutuş dünýäň halklarynyň gözellige we ýyndamlyga sarpa goýýan adamlarynyň guwanjyna öwrüldi. Нusaý galasyndan badalga alan atly ýöriş mähriban ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolup, V Aziýa oýunlaryna 250 gün galanda, biziň welaýatymyzyň bereketli topragyna gadam goýdy. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary bu şatlykly habary bagtyň alamaty hökmünde kabul etdi. Çünki, türkmen halky gadymdan bäri aty-da, at müneni-de üýtgeşik hormat bilen sylaýar. “At geldi –gut (bagt) geldi”, “ Aty baryň - ganaty bar”, “At aganan ýerde toý bolar” ýaly atalar sözüdir nakyllar hem munuň şaýadydyr. Şol sebäpli-de, atly ýigitleri welaýatymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Birata etrabynda garşylamak üçin il sylagly ýaşululardyr dilleri dogaly enelerimiz, zähmetkeş halkymyzyň wekilleri duz- çörek bilen çykdylar. 100 günläp dowam etmeli bu atly ýörişiň barşynda başy buýsançly ýigitler gadymy Lebabyň medeni we taryhy ähmiýetli ýerlerini aýlanyp görýärler. Welaýatymyzyň zähmetsöýer halkynyň medeni we ykdysady, ylym we bilim ösüşleri bilen tanyş bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ýaş nesliň ulanmagyna berlen sport mekdeplerinde bolup, olaryň türgenleridir tälimçileri bilen duşuşýarlar. Bedew atly - bedew batly ýörişiň maksady halkymyza Olimpiýa oýunlarynyň ýakynlaşýandygyny buşlamakdan ybarat bolsa, halkymyzyň hem maksady- agzybir we jebis döwletde ýaşamagyň bagtdygyny buşlamakdan durýandyr. Хer bir güni toý –baýrama beslenýän mähriban Watanymyzda uly sport bayramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan çäreleriň höwri köp bolsun! Türkmen türgenleriniň gazanýan sepgitleri artsyn! Türkmenistan döwletimiz barha güllesin we abraý alsyn!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir