2016-njy ýylyň 28-nji noýabryda Lebap welaýatynda Ymamnazar demir ýol bekedinde transmilli «polat ýoluň» — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny — Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýoluny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Taryhy ähmiýetli bu dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin täze mümkinçilikler dörediler. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda «Ymamnazar» demir ýol bekedini ulanyşa girizdi. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bu ýerde özara söhbetiň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, täze demir ýol ugrunyň şol gatnaşyklaryň ýygjam häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň etdiler. Dabaranyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary täze «Ymamnazar» demir ýol bekediniň, onuň gümrük bölüminiň enjamlaşdyrylyşy, alyp barýan işleriniň aýratynlyklary we bu ýerde ornaşdyrylan täzeçil usullar bilen tanyşdylar. Soňra döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mohammad Aşraf Ganiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän bu taslama Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan amala aşyryldy. Çölüň kyn howa şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin uly tagallalar we serişdeler gerek boldy. Bu ýerde, şeýle hem düzümleýin desgalar, lokomotiw depolary guruldy, goşmaça hem-de gapdal ýollar we beýleki desgalar bina edildi. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň ygtyýarynda döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň bolmagy, işleriň sazlaşykly guralmagy bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Açylyş dabarasyna ýygnananlara Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ähmiýetine bagyşlanan wideorolik görkezildi. Wideoşekil taryha, gadymy döwürlere, ýurdumyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwürlerine syndan başlandy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ulag ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda gurlan desgalara syn berildi. Bu ýerde şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylyşy görkezildi. Wideoroligiň esasy bölegi Aziýa halkara demir ýol geçelgesine, onuň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetine bagyşlandy. Taslama gatnaşýan döwletleriň täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýandygy, mundan başga-da, Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmek, täze şäherleri, kärhanalary gurmak, iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy beýan edildi. Şeýle hem wideoroligiň dowamynda demir ýoluň Atamyrat —Ymamnazar — Akina bölegi, onuň gurluşygynyň barşy, düzümleýin desgalary, Owganystana çekilen elektrik geçirijileri, nebit önümleri saklanýan terminalyň gurluşy barada gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiz dabarada sözlän sözünde täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda goňşy doganlyk Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatladyp, geçen döwürde türkmen demirýolçularynyň tutanýerli zähmeti netijesinde köp işleriň edilendigini belledi. Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň ugrunda 256 we 363 metre barabar iki sany uly köpri guruldy. «Gülüstan» we «Ymamnazar» menzilleri, täze beketler hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi işe girizildi. Milli Liderimiz bu ýoluň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýändigini belläp, Berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatyny has-da artdyrjakdygyny nygtady. Şol bir wagtda hem bu ýoluň Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça örän möhüm halkara geçelgä öwrüljekdigine, sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjekdigine ünsi çekdi. Täze demir ýoluň gurulmagy bilen Owganystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükleriň artdyrylmagyna amatly şertler döredilýär. Galyberse-de, Türkmenistany Ýewraziýa sebitinde «polat ýollaryň» uly çatrygyna, iri ulag-üstaşyr merkezine öwürýär. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabry Atamyrat — Ymamnazar — Akina halkara demir ýolunyň açylan senesi hökmünde taryha ebedilik girdi. Häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk düzümi milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän we ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýe bolan ýurduň baştutany bolmak bilen, ulag ulgamynda iri möçberli taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Demir ýoluň Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegi ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde, Lebap welaýatynda iri senagat merkezi döredilýär. Bu sebitde ägirt uly senagat kärhanasy — kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurulýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar babatda bu önümçilik toplumyna möhüm orun degişlidir. Bu ýokary tehnologiýaly kärhananyň ulanmaga berilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri açar. Garlygyň kaliý duzlaryna baý bolan ýatagy bu kärhana üçin çig mal binýady bolup hyzmat eder.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir