Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek paýtagtymyzda geçiriljek “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça v Aziýa oýunlary” eziz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä halklarynyň arasynda belende göterýär we dabaralanmagyna getirýär. Agzybirligiň, dostlugyň, doganlygyň mekanyna öwrülen nurly-asuda Watanymyzda bu uly çärä taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiz türkmen sportyny dünýä tanatmak maksady bilen uly işleri amala aşyrýar. Şol sebäpli Ýaşyl Tugumyzy belende götermekde Aziýada oýunlaryna gatnaşjak türgenlerden ildeşlerimiziň tamasy uludyr. Olar Türkmeniň abraýyny arşa götermekde halkymyza mahsus bolan gujurlygyň, merdanalygyň, maksada okgunlygyň ýokary nusgasyny görkezmeklerini dileýäris. Emma “Aziýada-2017”-iň çäklerinde ýaryşlara gatnaşjak türgenlere, myhmanlara türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerligi, hoşniýetliligi, dostanalygy, gülerýüzlüligi, agzybirligi ýaly Mukaddes däp-dessurlary, edim-gylymlary görkezmek iň esasylaryň biri bolup durýar. Bu bolsa Türkmenistan Watanymyzyň bagyýar raýatlatyna baglydyr. Goý uly ynam, ýagşy umyt-arzuwlar, oňat niýetler, beýik üstünlikler bilen Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda garşy alynjak “V Aziya oýunlaryny” dost-doganlygyň, sagdynlygyň, ruhybelentligiň baýramy bolsun! Sagdynlyk we ruhybelentlik ýylyna täze öwüşgin berjek “V Aziya oýunlaryny” şatlyk-şowhunly geçirmek, täsin oýunlara tomaşa etmek, gatnaşmak hemmämize nesip etsin!

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir