Ýurdumyzyň esasy howa derwezesi Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda göreldeli toplumdyr. Onuň ýükleriň daşalmagynyň hem-de ýolagçylaryň gatnadylmagynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklary örän uludyr. Türkmenistanyň sebit we kontinent derejesinde halkara ulag geçelgelerini döretmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň birine öwrülen bu Halkara howa menzili Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda ak mermere beslenen paýtagtymyzda ulanmaga berildi. Täze howa menzili toplumy, nesip bolsa, sebitde häzirki zaman ulag-üstaşyr üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegine öwrüler. Bu döwrebap toplum Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Sebitara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin ösüşine uly itergi berer. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmäge giň mümkinçilikleri açar. Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalar bolup durýar. Bu desgalaryň hatarynda baş we ikinji ýolagçy terminalyny, ýük terminalyny, uçarlara tehniki hyzmat edýän angarlar toplumyny, okuw hem-de lukmançylyk merkezlerini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar. Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir yyldan 14 million ýolagça hyzmat eder. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirer. Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugynda iň häzirki zaman nawigasiýa enjamlary oturdyldy. Döwrebap howa menzili halkara derejesinde hyzmat edip, dürli görnüşli we agramly uçarlary kabul edip biler. Halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, ýurdumyzyň howa şertleri, howpsuzlyk kadalary göz öňünde tutulan täze howa menzili tutuş toplumyň ýokary netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýangyna garşy we awariýa-halas ediş, iýmit gulluklarynyň, awiasiýa-meteorologiýa merkeziniň binalary, logistika toplumynyň ammarlary ýerleşýär.Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep, ussahanalar, ýolagçylar we ekipaž agzalary üçin ähli amatlyklary bolan myhmanhana we köp sanly beýleki binalar hem-de desgalar bar. Ýurdumyzyň esasy howa derwezesi Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda göreldeli toplumdyr. Onuň ýükleriň daşalmagynyň hem-de ýolagçylaryň gatnadylmagynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklary örän uludyr. Bu binanyň açylyş dabarasynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Jek Brokbenk:” Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge “Iň uly göl” diýip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin teklip edildi. Bu teklip içgin öwrenildi hem-de zerur bnolan maslahatlaşmalar geçirilenden soň, degişli çözgüt kabul edildi” diýip belledi.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir