Baş şäherimiziň iň gözel künjeklerinde , ýollaryň kesişýän ýerinde binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatlarynyň sazlaşygyndan döredilen nyşanlardyr heýkelleriň oturdylmagy ähli ildeşlerimize ruhybelentlik we ylham bagyşlady. Sebäbi bu desgalar gözel paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna sazlaşykyly utgaşyp şäherimiziň görküni hasda artdyrdylar. N.Andalyp we Magtymguly şaýollarynyň durky döwrebaplaşdyrylan aýlawly çatrygyndaky özboluşly binalar onuň aýdyň subutnamasydyr. “Ebedilik” diýlip atlandyrylan kompozisiýa N.Andalyp şaýolunyň we Ýunus Emre köçesiniň çatrygyny bezeýär. Onda barlygyň ebedilik pikiri beýan edilip, onuň hyýaly görnüşlerinde durmuşyň çarhy hem-de sekizlik görnüşdäki dowamatlylygyň nyşany, üznüksiz herekediň depgini hem-de asyrlaryň we giňişlikleriň içinden geçýän adam pikiriniň okgunlylygy şöhlelendirilýär. “Jebislik” diýip atlandyrylan heýkel N.Andalyp we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän aýlawynda ýerleşdirilen. Bu desganyň çeper taglymatynda ençeme çeşmeleriň bir bitewi joşgunly akaba öwrülip, öz ugrunda ähli päsgelçiliklerden geçip bilýändigi baradaky pikir açylyp görkezilýär. Bu kompozisiýada aýlaw esasy keşp bolup, azatlygyň, nuruň, ýagtylygyň, durmuşyň ruhuň we paýhasyň nyşany, şeýle hem ,däp-dessurlaryň yzygiderliginiň alamaty bolup durýar. N.Andalyp we Galkynyş şaýollarynyň kesişýän aýlawynda bolsa “Ösüş” diýlip atlandyrylan özboluşly plastiki kompozisiýa bina edilen. Monumentallygyna garamazdan, onuň gözüňi dokundyrýan nusgawy gurluşy ösüşi, galkynyşy we täzelinilişi, şol bir wagtda durmuşyň kuwwatyny beýan edýär. N.Andalyp we Magtymguly şaýollarynyň kesişýän ýerinde çatrygyň keşbini garlawaçlary şekillendirýän beýik heýkel janlandyrýar.Ol “Erkanalyk” diýip atlandyrylýar we ruhuň, pikiriň erkinligini, ylham-joşgunyň asyllylygyny alamatlandyrýar. Asmana galýan guşlaryň sdudurynda adamyň keşbi göze ilip, ony alys gözýetimler özüne imrindirip, boýun egdirilmedik belentliklere çagyrýar. Galyberse-de, garlawaç halk arasynda baharyň, ýagşylygyň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, şowlulygyň buşlukçysy hasap edilýär. Bu guş diňe agzybirligiň höküm sürýän öýünde höwürtgeleýär diýlip hasaplanylýar. Bu desga öý-ojagyň asudalygynyň, wepalylygyň, gözbaşlara ygrarlylygyň tumary bolup, onuň bilen syýahatlara bolan islegi utgaşdyrýarlar. Ýene bir monument Magtymguly we A.Annaýew şaýollarynyň çatrygyndaky aýlawda ýerleşen we “Çemen” diýip atlandyrylýar. Onuň şekiliniň ýönekeýligi we täsinligi özünde köp manyny jemleýär. Çünki çemen – bu toý-dabaranyň nyşany bolmak bilen iň gowy arzuwlary: bagtyýarlygy, söýgini, bereket-bolçulygy, saglygy, üstünlikleri baglanyşdyrýar. Galyberse-de, ol ýürekleriň birleşmeginiň nyşany, ýürek duýgularynyň beýany, minnetdarlygyň we täsirliligiň alamaty bolup durýar. Baş şäherinde bolup geçýän şeýle özgerşikler ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hem-de Türkmenistanyň durmuň-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly, innowasion häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ajaýyp we aýdyň nyşanydyr.

Köneler, TDUayka tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir