Gazanýan ösüşleri, ýetýän sepgitleri bilen dünýäniň ünsüni özüne gönükdiren eziz Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ýagny, 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Emma, şeýle ösüşlere badak atjak, parahat durmuşymyza şek ýetirjek bolýan käbir nogsanlyklara-da gabat gelinýär. Ýagny, daşary ýurtlarda ýerleşýän “Azatlyk radiosy”, “Alternatiwnyýe nowosti Turkmenistana” ýaly elektron habar beriş serişdeleriniň administratorlary özleriçe pikir ýöredip, hakykata gabat gelmeýän, ýalan-ýaşryk maglumatlary internet giňişliginde ýerleşdirip, türkmenistanlylaryň asuda-abadan ýaşaýşyna gara sürtmäge synanyşýarlar. Meniň özüm Aşgabat şäherinde ýaşaýaryn. Soňky wagtlarda şäherde abadanlaşdyryş işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Onuň netijesinde, şäheriň köçeleri giňeldilýär, ýaşaýyş jaýlaryň durky täzelenýär, döwrebap desgalar gurulýar. Geçirilýän işleriň dowamynda käbir köçelerde ýol gatnawlarynyň belli bir derejede çäklendirilýän ýagdaýlary hem bolýar. Emma bu ýagdaýlar wagtlaýyn ahyryn. Durky täzelenen, giň köçelerde hereket etmek, abadanlaşdyryş işleri geçirlen ýaşaýyş jaýlarda ýaşamak, eýsem, Ýurt Baştutanymyzyň biziň her birimiz üçin edýän atalyk aladasydyr! Ata-babalarymyzyň “Suw akar, daş galar”, “It üýrer, kerwen geçer” diýişleri ýaly, ýalan gürrüňleri ýaýradýan gybatkeşlere gulak gabartman, her birimiz Watanymyz üçin etmeli borçlarymyzy birkemsiz ýerine ýetirsek, ýurdumyz has hem özgerer, durmuşymyz häzirkisinden hem gözelleşer we rowaçlanar. Netijede gybatkeşler ajaýyp durmuşymyza näçe şyltak atdyklaryça, özleri öňküsinden hem beter masgara bolar. Watanymyzy gülletmek, halkymyza hyzmat etmek üçin ak ýürekden we netijeli zähmet çeksek, bu her hili bet niýetli gybatkeşlere berlen iň ýerlikli jogap bolar. Myrat Geldiýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir