Gadym zamanlarda bir garyp bende derýadan geçmekçi bolanda, öz seresapsyzlygy bilen suwa gaçypdyr-da, ýüzüp bilmeýänligi sebäpli gark bolupdyr. Ertesi gün derýanyň akymy ol garybyň jesedini bir husyt hem hilegär baýyň ýaşaýan kenaryna getirip, daşyna çykarypdyr. Hilegär baý hatda jesetden hem peýdalanjak bolup, ony gyra çykarypdyr-da, öz kümesinde goýupdyr. Şol gün jesediň tapylandygyny eşiden ýogalan garybyň ýeke-täk pukara garyndaşy baýyň öýüne gelipdir-de, ondan öz garyndaşynyň jesedini jaýlamak üçin bermegi haýyş edipdir. Hilegär baý, ol jesedi derýadan çykarmak hem-de öýünde saklamak üçin birneme çykdajy edendigini aýdyp, merhumyň ýalňyz garyndaşyna özünden jesedi satyn almagy teklip edipdir. Başga çykalgasy bolmadyk pukara bende öz garyndaşyny degişli dessurlary amala aşyryp jaýlap bilmese ile-güne ryswa bolaryn öýdüp, çekinip, arta-taşa zady bolmasa-da mekir baýdan öz garyndaşynyň jesedini satyn alarman bolupdyr. Hilegär baý pukaranyň çykgynsyz ýagdaýyny görüp, jesede onuň gurbunyň ýetjeginden has ýokary baha kesipdir. Garyp onuň kesen nyrhy bilen ylalaşmandyr. Olar söwdalaşyp başlapdyrlar. Emma husyt baýam nyrhy aşaklatman şol bir depen ýerini depip durupdyr. Onsoň pukara bende dagy näme etjegini bilmän, jesedi baýyň bahasyndan satyn almakdan ýüz dönderip, öýüne gaýdypdyr. Ol gidenden soň baý kümede saklaýan jesediniň ýanyna baranda onuň yslanyp ugrandygyny görüpdir-de, garyp täzeden yzyna gelmez gorkusy bilen öz syrnyhlygyna käýinip başlapdyr. Jesedi mugt berip goýbermäge-de nebsi ýol bermändir. Onsoň hilegär baý maslahat almak üçin obalarynda ýaşaýan akyldaryň ýanyna baryp, ýagdaýyny düşündiripdir. Akyldar ony ünsli diňläpdir-de, ony jinnek ýaly-da ýazgarman, gaýta: -Alada etme, ol öz isleýän zadyny senden başga hiç kimden satyn alyp bilmez!-diýipdir. Onuň sözlerine rahatlanan baý öýüne gaýdypdyr. Baý öýüne gideninden biraz wagt geçenden soň akyldaryň ýanyna maslahatlaşmak üçin ýaňky merhumyň garyndaşy gelipdir. Ol ýagdaýyny düşündiren dessine akyldar bu wakadan habarlydygyny bildirmän pukara bendä: -Alada etme, ol öz hödürleýän zadyny senden başga hiç kime satyp bilmez!-diýipdir.