Maglumatlarda dünýä boýunça atly sportuň nusgawy görnüşiniň 7-siniň bellidigi aýdylýar. Atly sportuň halkara federasiýasynyň Düzgünnamasyna girizilen şol görnüşlere konkur, baş öwretmek, üç görnüşli bäsleşik, woltižirowka, atlary araba goşup sürmek, atlaryň çydamlylygyny ýüze çykarmak üçin çapdyrmak, reýning bäsleşikleri degişlidir. Аtçylyk sportunyň ýedi görnüşiniň iň giň ýaýranlarynyň biri bolan konkur Aziada - 2017-niň maksatnamasyna girizildi. Munuň özi Aziadanyň şöhratyny has-da belende göterer. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyşyna 500 gün galmagy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlaryna guralan atly ýörişiň üstünlikli dowam edýän günleri atly sportuň ýedi görnüşi barada bilmek hemmeler üçin-de gyzykly bolsa gerek. Konkur - atly sportuň bu görnüşinde her minutda 650 metr tizlikde hereket edýän at bilen, uzynlygy 750-900 metr aralykdaky 13 sany päsgelçilikden böküp geçmeli. Bu oýnuň 18 päsgelçilikden geçilýän görnüşi hem bar. Ýokary derejeli konkur atlandyrylýan şol görnüşde päsgelçilikleriň ini 3 metre, beýikligi 2 metre golaý bolýar. Onda atyň böküp geçmeli ganawynyň ini hem 5 metrdir. Konkurda çykyş edýän türgenler gysga gonçly ädik, bedenine syrlaşyp duran reýtuz (dar balak), gysgajyk keltekçe, ýörite başgap ýaly sport eşikleri bilen çykyş edýärler. Baş öwretmek - ini 20, uzynlygy 60 metr bolan meýdanda sarç bedewe baş öwredýän türgen baýramçylyk lybasynda - belent gonçly ädikli, art etegi uzyn owadan eşikli, bezemen şlýapaly çykyş edýär. Oýnuň netijesi öňe-yza, gapdallaýyn hereket edýän, käte bolsa çarpaýa galýan ata türgeniň ezberlik bilen erk edişi, ata çalt baş öwredip bilşi bilen kesgitlenýär. Üç görnüşli bäsleşik - Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna 1912-nji ýylda goşulyp, ilkinji gezek Stokgolmda geçirilen bu ýaryş manežde atyň gezer ýörişini, meýdan synaglaryny, konkury öz içine alýar. Atly sportuň iň kyn görnüşleriniň biri hasaplanýan üç görnüşli bäsleşige üç günüň dowamynda şol bir atlar gatnaşyp, dürli maksatnamalar boýunça çykyş edýärler. Bu ýaryşyň birinji güni manežde at gezdirmek boýunça bäsleşýärler. Onda türgen atyň dürli hereketlerini, ýagny ädimläp ýöremekden öňürdiklemäge geçişini görkezýär. Şonda atyň bir hereketden beýleki herekete geçişiniň aýdyňlygy we takyklygy esasy möhümlik bolup durýar. Bäsleşigiň ikinji gününde atyň meýdan synaglary geçirilýär. Şonda atlar dürli uzaklykdaky dört aralykda synalýar, ýagny birinji we üçünji aralyklarda umumy uzynlygy 10-20 kilometr bolan ýolda aty her minutda 240 metr tizlikde çapmaly. 1800 metrden 4200 metre çenli bolan ikinji aralykda at her kilometrde beýikligi 140 santimetre, ini 2 metre çenli bolan üç päsgelçilikden böküp geçmeli. Dördünji aralyk 4500 metrden 8100 metre çenli bolup, onda atlar beýikli-pesli ýerlerden çapmak arkaly bäsleşýärler. Bu bäsleşigiň her kilometrinde beýikligi 120 santimetre, ini 2 metre çenli dört päsgelçilik bolýar. Üç görnüşli bäsleşigiň üçünji gününde türgenler atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşip, dürli päsgelçiliklerden geçmeli bolýarlar. Ýeri gelende aýtsak, atly bäsleşigiň bu görnüşine 1956-njy ýylda Melburun Olimpiadasynda ilkinji sapar aýallaryň gatnaşmagyna rugsat edildi. Woltižirowka - şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde ýerine ýetirilýän bu bäsleşik at üstündäki sirk oýunlaryny ýadyňa salýar. Onda türgen töwerekleýin aýlaw edýän atyň üstünde dürli maşklary ýerine ýetirýär. Atlary araba goşup sürmek - atly sportuň ilkinji görnüşleriniň biri bolan bu bäsleşik öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ilki-ilkiler ata dört tigirli araba goşup bäsleşipdirler, soňra arabany kämilleşdirip, iki tigirli görnüşe getiripdirler. Atarabaly ýaryş türgenlerdenem, atlardanam çydamlylygy, güýçlüligi, erjelligi, ussatlygy talap edýär. Bu ýaryşyň ýene bir aýratynlygy, onda atlar gorgunyna sürülýär, eger atlar öňürdiklemäge geçäýseler, on iki böküşden soň bäsleşikden çykarylýar. Atlaryň çydamlylygyny ýüze çykarmak - atly sportuň bu görnüşi ilkinji sapar XVIII asyrda Irlandiýanyň fermerleri tarapyndan döredilýär. Şonda fermerler dynç alyş günleri bir obadan beýleki oba çenli atly çapyşyk gurapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýaryşlar kanunlaşdyrylyp, resmi taýdan geçirilip başlanýar. Häzirki döwürde bu ýaryş 31 päsgelçiligi bolan 6900 metr we 30 päsgelçiligi bolan 7200 metr aralykda geçirilýär. Türgen üçin-de, at üçin-de juda agyr synagda atlaryň köpüsi pellehana ýetip bilmeýärler. Şoňa görä-de bu ýaryş atlaryň çydamlylygyny ýüze çykarmakda hakyky synag bolup durýar. Reýning - atly sportuň bu görnüşi soňky döwürde ýüze çykyp, ol ilkinji gezek Atly sportuň halkara federasiýasynyň 2000-nji ýylda Germaniýada geçiren Baş Assambleýasynda kabul edildi. Bu ýaryşda kowboý eşigindäki türgenler ýörite manežde çykyş edip, atyň üstünde öwrüm etmek, öňürdikläp barýan aty birden saklamak ýaly hereketlerde bäsleşýärler. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir