Ilçilikde «It ýylgyyşyny etme» diýýärler welin, item ýylgyrýarmyka, gyz? - Aý, bilmedim-dä. Ýöne, şu ýyl biziň ýylymyz diýip ýylgyraýmasa. * * * Goňşy diýýän-ä, agşam öýümize Aýazbaba gelip, Täze ýylymyzy gutlady. Özem biziň bilen surata düşdi. Haltasyndaky ähli sowgadyny çagalaryma beräýdi. Hawa-la, sizden çykan dessine bize-de geldi. Aýazbaba diýýäniň asyl, seniň aýrylyşan adamyň bolsa nätjek! A.SAPAROWA. * * * - Be, göwnüme bolmasa, bu Täze ýyl juda ir gelen ýaly-la, goňşy? - Dagy näme, haçan görseň eli oklawly keýwanyň öňünde ylgap ýörseň, indiki ýyla mundanam tiz ýetersiň, enşalla! * * * - A-how, keýwany, Täze ýyl geleli bäri gep-sözüňde jinnek ýalyjak duz-tagam galmandyr-la. - Wah, näsini aýdýaň! «Mundan beýläk maňa duzly zatlar bolanok» diýip, özüň aýtmadyňmy, kakasy? * * * - Aý oglan, sen maňa täze ýyla näme sowgat alyp bersem diýýäň? - Isleseň, men saňa Asmanyň göwheri - Aýy alyp bereýin, läläm! - Ýok-la, sen, gowusy, maňa göwher gaşly ýüzük, «ýarym aý» diýilýän altyn gulakysyrga alyp beräý. * * * - Aýazbaba bilen Garpamyk ýetmiş iki dilde gürlap bilýär diýýärler. - Be-e-ý, şonça dil bir agyzda ýerleşip bilýärmikä onsoň!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir