— Goňşy itiňi daňsana. Ana, ýene-de meniň bir towugymy iýipdir. — Beýle bolsa men ony şu gün-ä naharlamaryn. * * * Biri üzüm kesip dur. Goňşusy gelip salamlaşýar-da: — Näme işleýärsiň? — diýip sorag berýär. Onda beýleki üzüm gaýçysyny şakyrdadyp: — Sygyr sagýan — diýip jogap berýär. — Sen näme meniň üstümden güljek bolýarmyň?.. Sen üzümi gyrkyp dursuň ahyryn — diýip, sorag beren gaharlanýar. — Görýän bolsaň soramaň näme? — diýip, üzüm gyrkýan işi bilen boluberipdir. * * * Gije. Öý eýesi eýläk-beýläk agdarylyp uklap bilenok. Aýaly soraýar: — Näme, birzadyň-a pikirini edýärsiň?.. Äri: —Aý dükana iki ýüz manat bergim bar. Şol ýadyma düşdi. Aýaly el telefonyny alyp dükança jaň edýär. Aňyrdan ukudan bimaza bolan närazy dükançynyň sesi eşidilýär. -Alo. - Alo. Salam. Bu Bammat dükançymy? — Hawa. —Meniň adamymyň saňa iki ýüz manat bergisi bar eken. Şony-ha alaýmanjyk geçersiň... — diýip, el telefonyny öçürýär-de: —Sen indi arkaýyn ýatyber. Indi Bammat dükançy ýatyp bilmez—diýip, adamsyny köşeşdirýär. * * * — Goňşy awtoulagyňy satjakmy? —Aý, ýok. Ony nämeden diýdiň... —Agşam düýşüme giripsiň... — Bäh. Göripler agşam hem arkaýyn ýatyp bilenoklar eken...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir