Ilkinji gezek, tötänden sataşan ýigit bilen gyzyň pikirleri: Ýigit: (tas hyllygyny akdyryp diýen ýaly) - Bäh, munuň eýjejikdigini-i-i-i!!!... Gyz: (göwnübir) - Sypaty dagy nähili gyz, bu sypaty gurmyşyň?! Ýigit: (tas demi tutulyp diýen ýaly) -Aýajyklaryny dagy gören badyňa aklyňdan azaşdyryp barýar-aý!!!.... Gyz: (çalaja gaharlanyp (ýa-da gaharlanýansyrap)) - Bi yşarat haýran, näme maňa aňalyp dur-a? Ýa çölden tutulyp geläýdimikä? Ilkinji gezek gyz görýän ýaly-la, bi köwek! Ýigit: (tas huşundan gidip diýen ýaly) - Ýörän boluşjygyny dagy diýä sen! Tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly däl!(ýanwar-fewral) Gyz: (ýigdiň özüne aňk bolandygyna hoşal bolandygyny bildirmezlik üçin gaharlanan kişi bolup) -Waý ýerçeken, iýdi, hakyýt gözleri bilen iýip barýar-a meni, bi çatmasy başyna ýumrulmyş! Ýigit: (körje umyt bilen, pyşyrdyly pikir edýär) -Eý Allam, bu ýedinji gat uçmahdan ýere inen peri-peýker maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýan ýalymy?! Eý-ho-o-o!!! Eý Hak-Hudaýym, eger-de şu ajap näzeniniň men mynasyp däl bendäňde gözi äginse, ýoluňa iki sany semiz öweç sadaka!!!...Ýok, eger-de az bolsa, eger walla çypbakaý-çynym, ýene-de birisini şolaryň yzyndan ýetirýän! Gyz: (çalaja gaşlaryny geren bolup, pisse dodajyklaryny hem göwnüýetmezçilik bilen ýygran bolup) -Äý-ý…Dogrusy…Edil gije tok öçende, asmanam bulutlaşyk bolsa, bi sypatsyz haýranda-da çalamydar syr-sypatam, edil ýogam däl ýaly-la???... Ýigit: (ýüregini tutup) -A-na, a-na… ynha durdy…ynha maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlady… Waý öldüm…Waý ölýän… Ýene-de hudaýýoluna üç-dört sany öweç sadaka…Dat-bidat, Gaýtarmyş ata özüň ýetiş! Gyz: (sähelçe gyzyklanma bilen) -Özem-ä birneme biziň obaň oglanlaryna garanyňda daýawrak ýalymy, ýa?! Hä?!