Filip Boll BBC Earth Käbir alymlar biziň älem-jahanymyzy örän ägirt uly kompýuter bilen simulýasiýa etýändigi barada çak edýäler. Şu çaklama biz tolgunmalymy ? Biz hakykat özümizmikän ? Meselem Men-realna menmikäm Şu soraglary ozal filosoflar (sopy adamalar) sorag berýär eken, alymlar bolsa biziň dünýämiz näme zatdygyna göz öňine getirip, onyň kanunlaryna düşünjek bolup, onyň kanunlaryny öwrenip düşündmeklige çalyşýalar Soňky geçirlen ägirt uly ylmy işleriň maglumatlaryna salgylanyp, Älem-Jahanyň düýp manysynyň gurluşyna ekzistiýal soraglary (ýagny adam zat bilen älem jahanyň döreýşi hakda soraglary) ylymyň öňinde goýýalar. Käbir fizikler, kosmologlor we emeli intellekt öwrenýän hünärmenler, ägirt uly kompýuteriň döreden simulýasyýasynyň esasynda dörän ýa-da bolmasa döredilen wirtual dünýäň içinde ýaşap, biz bu wirtual dünýä hakyky dünýä höküminde kabul edip ýaşaýandygymyza bir agyzdan tassyklamak mümkinçiligi bar ýaly. (Ýagny türkmençe aýdanyňda bäş ýalançy dünýä diýýälerä, ýagny ýalançy dünýä köne aýtmaşlaýyn) Bu ýagdaý birhiliräk,ýagny biziň öz duýgumuza salgylansak,dünýämiz wirtual (ýalançy) bolmajak ýaly, sebäbi diýeniňde dünýä hakykat bolmasa onda elimizde göterip duran çaşkamyz we şol käsä goýulan kofäniň ysy we tagamy, daş töweregimiziň ýaňlandyrýan sesler, ýa-da şol eşdýän seslerimiz-heýde bu örän uly duýgulary wirtual edip döredip bolarmy, ýa-da bolmasa hana gapdalypdan maşyn geçip barýar, men şoňa wirtual dp bilerinmi ? Beýle real zady görüp wirtual dp ýörmek duýgularymyza gapma garşy ýaly ? Ýöne bir näçe on ýyllyklaryň geçmegi bilen kompýuter we informasion tehnologiýanyň agirt uly derejä ýetendigini göz öňine tutsaň, şu dogrydanda ýokardaky agzalan pikirler dogry ýaly ? Şu hakda pikir edip gördüňizmi ? Häzirki soňky çykan wideo oýynlara syn etseň, oýny şeýle bir hakykat ýaly edip simulýasiýa etýäler welini, bu ekranyň aňrysyndaky oýunlar real durmuşdan tapawutlandyryp bolanok Şonyň üçinde, şu sorag her bir adamyň kellesine gelýän ýaly we bir hili adamy paronoýa edip barýar Matrissa filimi gören bolsaňyz, hut real bn wirtual dünýäň sataşan wagtyna syn etseňiz bolýar, şu tema degişli filimler “Wideodrom” Dewid Kronenberg (1982), Terri Gilýamyň “Braziliýu” atly filimindede görmek bolýar Bu antiutopýa höküminde göz ýetim bilen iki soragy galdyrýar: Biz wirtual dünýäde ýaşaýanymyzy nähili bilmeli we bu bize bilmek wajypmy ? Biz wirtual dünýäde ýaşanymyza ynanýan topar tarapdarlar bar, ynha olaryň biri amerikanyň telekeçisi Ilon Mask 2016-njy iýunda dünýämiziň wirtualdygyna milýýartdan bir bölegi bolup biläýjek ahmaldygyna aýdyp geçýär, ýa-da Googlyň emeli intelekt iş geçirmekde tehniki direktory Raýmonda Kursweýil “Ähli dünýämiz – başga dünýäň kiçi klasada okaýan okuwçynyň ylmy eksperimental dünäýsidigini” mümkindigini çaklaýar Şeýle bolaýmagam ähtimaldygyny käbir birnäçe fiziklerem tassyklaýar. 2016-njy ýylyň äprelinde New Ýorkyň Amerikanyň Tebigaty öwreniş muzeýinde, alymlar dünýämiziň wirtual ýa-da wirtual däldigi barada ýygnak geçiripdirler, ýygnaga gelenler elbet-de wirtual dünýä edil “Matrissa” filimiň gahrymanlary ýaly sim bilen ýa elktrodlar bilen birigip suwuk zatda ýüzýän ýaly däldigini, ýöne Alem- Jahanymyz emeli şertde ýarydylanyna minimum iki senarýa bardygyny belläp geçýäler. Meselem, Massaçutes tehnologik institutynyň kosmology, Alan Gut Älem-Jahan real duygny döreder derejede laborotoriya tejribesi ýaly bir zatdygyny we bu dünýäni ýokary derejeli aň ýaly zat ýaradandygyny nygtap geçýär Gutyň aýtmagyna görä, Alem Jahany emeli partladyp, onyň düzümi düzelendigine hiç hili prinsipýalno geň görmeli zat ýok dp hasap edýär we wagyt giňişliginde öz başdak hereket edip, şol dünýaden öz başdak üzülip indi bolsa öz ugryna Älem Jahan bolup galandygyna we onyň ösmegini dowam edýandigini belleýär. Ýokardaky bellik bu dünýä döreýşiniň birinji görnüşi (senarýasy) Ikinji senarýaaky getirilýän mesele dünýäň realdygyna uly şübhelenme döredýär we näme üçin ? Mümkin biziň Alemimiz emeli döredilendir, ýöne kim döretdikä ? Mask we onyň tarapdarlary biziň özimiz ýalançy (wirtual) dünýäni duýmak üçin adamy kimdir biri tarapyndan kämilleşdirlendigi, şeýle-de hem simulýasiýa ýaradylan ynsan bolup, ägirt uly kompýuteriň maglumaty bize akyp gelip, wideo oýyn meňzeş şertde ýaşaýandygymyz aýdyp geçýär Mslm, biziň beýnimiz emeli dörän ýalnçy (wirtual) dünýäň täsiri şertine beýni simulirlenýär, ýagny biz näme görsek, bu ýeke beýnimiziň şeýle şertde dünýä görmek ukybyny- beýni terjime edip berýär, biziň ähli durmuşymyz matrissa bolup, şondan daşaryda äňymyz kabul etmeýänligi üçin, biziň üçin real dünýädan başga dünýa ýok dp hasap edilýär Ýöne aýdaly näme üçin onda bu oýlap tapan dünýämizde özimiziň döreýşine ynanmaly ? Jogap ýönekeý: adamzat emeli dünýä döretmekde başarnykly we oňyn işler geçirdi, tehnologiýanyň has ösmegi we özgermeginiň esasynda öz başdak derejede ýaşap we pikir edip bilýän jandar agentlary döredip goýbermegi şerti bar we adamzadyň emeli döreden dünýäsini edil biziň häzirki dünýäni kabul edişimiz ýaly ,olaram adamyň döreden emeli dünýäsini real hakykat dp kabul etmek ukyby artar Biz ýeke bir oýun döretmekde däl, eýsem ylym barlag işleri üçin hem kompýuter simulýasiýalary döredýäs. Alymlar emeli sub atom bölejiginden adam jemgiýetini döretmekde, alem jahany şeýlede hem galaktikany emele getirmekde imitasiýa işleriniň üstinde işleýär we olary döretmekde olaryň kanunlaryny içgin we yzygiderlikde öwrenilip kä halatlarda edil tebigatyň döredişi ýaly zatlar döretmek ukyby barha artyp barýar Meselem haýwanyň ýa-da mörmejekleriň çylşyrymly häsýetlerini kompýuteriň üsti bilen öwrenip topar bolup nähii ýaşandygyny bilýäris, şeýlede hem simulýasiýanyň kömegi bilen planetaň we ýyldyz we galaktikanyň emele gelen prinsipini öwrenýäs Häzirlikçe biz adamzat jemgiýetine bize meňzeş emeli adamlary goýberip orta we umumy adata eýerýän agentlary iberip simulrowat edip bilmek ukybyzmyz bar Superkompýuterler gitdigiçe çylşyrymlaşýar Gaty köp zatlary kompýuter modelirowaniýanyň üsti bilen, adam goşulmasyz şäheriň özgermegine, ýol hereketlerini we döwlet ekonomikasyny dolandyrar ýaly edip bolýar, we şoňa meňzeş proseslary doly şertde dolandyryp bolýar Kompýuter simulýasiýa ulanýan hasaplanyş kuwwaty ulaldygyça- simulýasiýa has çylşyrymlaşýar, adam häsýetini emele getirip bilýän simulýasiýa ýagdaýyna pikir etmek ukyby artýar-ýöne bu häzirlikçe örän primitiw ýagdaýda bolup geçýär Bu babatda ylym barlag geçiriji alymlar, geljekde wirtual döredilen adam (ýagny emeli döredilen ýokary derejeli intelekt ynsan) öňinde goýulan maksadynyň çözgüdini “ege-rde şeýle bolsa onda” diýen logika bagly bolman, eýsemde adam aňynyň ýeke ýeňňileşdirlen we ýönekeýleşdirlen modeli bilen işläp başlar Indi bir sorag ýüze çykýar, eger adam tarapyndan döredilen ýokary derejeli wirtual aňly adam birden aňy biziňkiden hasda ösüp özini döretmek ukyby artsa, olar özlerine meňzeş ynsan ýaratmak mümkinçiligi bolarmy ? Soňky beýniň işleýiş prinsipine çuňňur düşünmek we bu babatda uly işleriň geçirmegini netijesinde, şeýlede hem kwantywy kompýuterleriň çykmagy bilen we onyň netijesinde adamzatda görülip eşdilmedik hasaplamalaryň bolup biljegine salgylansak, onda ýokardaky aýdylanlar geljekde hakykat ýüzinde bolup biljekligine şek we şübhe ýok. Eger şol tehnologiýanyň özgermesiniň derejesine ýetip bilsek, şol bir wagtyň özinde ägirt uly mukdarda simulýasiýalar geçiriljek, bu bolsa öz gezeginde biziň real (hakyky) dünýämizden has köp amala aşyryljak Bu mümkin däl ýaly bolup görünsede, mümkin aňy ösen derejeli alem jahanyň eýýäm bardygyny aňladýar we bir ýerlerde ol hökmanam bardyr ? Eger şol aýdylan dünýa bar bolup geçen bolsa geçmişde, onda logika baglanyp, biz emeli döredilen dünýäde ýaşaýas Älem Jahanyň döremeginiň ylmy simulýasiýasy Oksford uniwersitetiniň filosofy Nik Bostrom bu senarýany üç mümkinçilige bölüpdir 1.Eger simulýasiýa edip bolaýjak ýerde Siwilzasiýa özgermegine ýetip bilmän öz özini ýok edýär 2.Siwilizasiýa ýetjek bir derejesine ýetip, simulýasiaý döretmekde boýun gaçyrýar (ýagny emeli dünýä döretmekde boýyn gaçyrýar) 3.Biz şol emeli döredilen simlýasiýa dünýäsinde ýaşaýarys Ýokary agzalan üç bellikleriň haýsy şertinde ýaşaýaryskak ? Fizika ulgamynda Nobel lawurýaty, amerikanyň astrofizigi Jorj Smut ýokardaky agzalan 1-nji we ikinji bellikleri amala aşmajygyny we bu zatlara ynanmagyň hiç hili sebäp ýokdygyny aýdýar Dogry adamzat öz özine kynçylyklar döredýär-meselem global ýylylyk, ýader ýaragynyň köpelmegi we jndarlaryň ýa-da admlaryň belli bir topar görnüşleriň ýeriň ýüzinde ýitip gitmek howpy bar. Bu kynçylyklar elbetde biziň entekler siwilizasiýamyzy ýok edip bilmez Biz Komýuter stimlýasiýanyň emele getiren ynsanlarymykan ? Ýogsada, real derejede adam şekili döredip olaryň erkin hereket edip gezip ýörmegine hiç hili päsgel beräýjek sebäp ýokdyr, biziň özimiz hut şol ýalançy dünýäni real dünýä kabul edýän kompýuter simulýasiýa esasynda dörän täsin adamzat bolmagam ahmal Smut alymyň aýtmagyna görä, eger soňky älem jahanymyzyň astronomiýa ulgamynda açyşlar edilendigini göz öňine tutsaň (ýaňy ýakynlarda ýer älemiň ugrynda gaty däş däl ýerde ýereşýän ýere meňzeş planeta tapypdyrlar), adamzat swilizasiýanyň iň naýbaşy ösen derejesine ýetendir dp pikir edýän bolsaňyz bu ýalňyşdyr we biziň umydymyzda bizden has kämil ynsanlar ýaşaýandygyna karara geldik dp alym sözni nygtaýar Nik Bostromyň ikinji senarýasy nähili derejedekä ? Etika düşünjesine salgylanyp biz özimiz ýaly ynsanlary döretmekde el çekerler diýen we emeli döreden adamlarymyz öz beýnisiň kuwatyna görä öz görýän zatlary we dünýäsi real dp teoretiki hasapda adamzat emeli adamlary döretmekden el çekerler diýen pikir bar welini, ýöne bu gaty gümanlyrak we näme üçin ? Biziň häzirki adamlarymyz simulýasiýa, ýagny emeli bir zat döretmekde geçirilýan ylmy barlaglar geçirip, biziň nähili derejede dünýämiziň hakykatdygy barada köp bilmek isleýäris we bu admazat durmuşyny ýeňileşdirýär we mümkin köp betbagytçylykdan gorar we onyň etiki tarapy hemişede seredilip gelinýär Ýokarda aýdylan we diýen zatlara gulak assaň, onda bize ýekeje ýol galýar:biz simulýasiýaň içinde ýaşaýarys (ýagny kim dir biriniň düzen we gurnan dünýasinde we şol dünýani hakaykat edip görkezýan beýnili adamdygymyza) şübhämiz ýok ýaly Ýöne bu elbetde çaklama, ýöne munyň oňyn subutnamasy bar mykan ? Ylym barlagda işleýänler, bu simulýasiýanyň hiline bagly dp hasap edýäler, “Matrissa” filiminiň emeli dünýäni real edip görkezýän ýaly meselesindäki programma ýalňyşlygyny tapyşy ýaly, biziň gurnalan dünýämiziň programmasynyň näme kanunlary ýalňyşyna düşünşimize bagly, emeli intelektiniň çeşmesini döreden Marwin Minskiň aýtmagyna göra, hasaplamalarda tegelekekläp almak hasabynda ýalňyşlar çykjagyny hasaba mahsusdygyny aýdyp geçipdir Biz eýýäm bir naçe galaktika toparyny stimulýasy etmek ukybymyz bar Meselem. Boljak wakanyň netijesi bir naçe bolan ýagdaýynda, onda amala aşaýjak wakanyň netijesiniň jemi bire deň bolýar, eger-de şu ýagdaý amala aşmanda, onda bu sistemada bir zat ýetmeýär dp hasap edilýär Şonyň üçinde bir näçe alymlaryň göz ýetimi boýunça, biz bir simulýasiýanyň içinde ýaşaýandygymyza şübheleri ýok, ýagny edilen hasaplamalaryň netijesinde Älem Jahan emeli düzülen ýaly Ýagny fundemental fiziki hemişelik sanlary göreniňde, Älem jahanyň we onyň janly jemendesi ideýal şertde dörändigine hasaba alsaň, göwnüňe bolmasa ýörüte döredeilen ýaly Şol döredilen Älem Jahanyň çalaja bir üýtgemeleri bolup geçen ýagdaýynda, atom durnuklygy ýitmegine ýa-da bolmasa ýyldyzlar döremek ukyby bolmolygyny anyklapdyrlar Kosmoslogiýa bu üýtgeşik ýagdaýa entegem jogap tapyp bilenok, şonyň üçin bu ýagdaýa “multiälemjahan” dp termin at aldy A egerde uly partalamaň netijesinde dürli fizika kanunlara boýun bolýan älem jahanlar döreýän bolsa näme ? Tötänleýin bu älem jahanda janly zatlaryň döremek şerti örän ideal bolmagam ahmal we bizem şonyň hasabyna girýäris, eger biz şeýdip döremedik bolsak onda dünýä barada düşünje döremezdi we bu soraglary özimize bermezdik ? Şonyň üçinde parallel dünýäniň dörändigine örän akylly oýlama bolup, biziň älem jahanymyz teoretikik ahmallyga salgylanyp, dogrydanda älem jahan simulýasiýa bolup, onyň netijesini bilmek üçin hut Ýaradanlar öziniň oňyn netijseini görmek üçin-ýyldyzyň döremegine, galaktikanyň emele gelmegine şeýlede hem onda ýaşaýyş durmuşyny başlanmagyna itergi berendigini ylmy amala aşyrlan işleriň netijesinde görýär Alymlaryň bu babatda häzirki zaman fizikasynda soňky ylmy barlaglaryň geçirmegi bilen örän täsin we akylyň haýran ediji açyşlaryň netijesinde Älem jahanyň özinde bir hili byr zatlaryň bolup geçýändigine syn edip, älem jahanyň stimulýasiýa bolaýmagam ahmaldygyna oňyn subutnama dp hasap edipdirler Biziň Älem jahanymyz –matematika formulalardan durýamykan ? Easasanam kwantywoý mehanikada köp açyşlar edileniň neijesinde köp soraga jogap bermek başartdy we köp soragyň başyny agyrtýar, kwantywyý fizika bu örän gaty kiçi zatlar (asla göze görünmeýan atom jisimleriň häsýeti we döreýşini) öwrenýän ylymdyr, ýagny materiýa we energiýa granul struktura eýedir Soňrada Älem Jahany, syn edip has içgin gördügimizçe düşünmek üçin onyň minimal ýetäýjek derejesi bar eken, atomdan has kiçi we ol kiçi jisimleri gurluşyna düşenjek boldygymyzça, olar soňa baka görünmän ümüzläp duran ýaly bolup görünýär. Smut atly alymyň aýtmagyna göra, ýokardaky agzalan kwantywyý fizikadaky ýagdaý biz emeli döredeilen stimulýasiýanyň içinde ýaşaýas,bu ýagdaý hamana ekrandaky suraty has ýakyn edip gözümize getirip göremizde surat piksel (nokada ) öwrülip suraty bulaşyk edip görkezen mysalynda ýaly bolýar Bu örän gödegrak deňeşdirme. Alymlar bir netijä gelipdirler, şol älemi kwant derejesinde içgin görjek bolup çalşaňda digir digirlik bolup görünmegi, hakykaty araçägini kesgitleýän derejeden artyk hakykat görünmezligi, bu älem jahanyň fundemental kanuny bolup hyzmat edýär diýen netij gelinipdir Alymlar aýtmagyna göra, ýenede biziň dünýämiz “ýalançy” wirtual dünýädigi matimatkanyň deňlemeleri bilen suratlandyryp bolýanlygy sebäplidir Fizika alymlary hasda bu babatda içgin işler alyp baranlygy sebäpli biziň real durmuşymyz matematika formulasynyň ýygyndysydygyny aýdýarlar Eger-de fizikanyň esasynda hasaplanyş algoritimi bar dp hasap etsek, onda biziň jahanymyzyň wirtual edip görkezýän dünýämiziň özeninde matematika formuladan duranlygyny tassyklasaň bolar dp Massaçutes tehnologik institutynyň kosmology Maks Tegmark belläp geçýär Eger-de şu su sözlerden başlasak, ýagny Beýik Ýaradan öz “real” dünýäni simulirowat etmek maksat edinsedi, ondo döredilen emeli dünýäň fiziki prinsipleriniň kanunynyň emele gelmeginiň itergisini netijesinde, şol Ýaradanyň öz dünýäsine meňzeş edip dörederdi-hut şol ýagdaýy adamzatda öz dünýäsine meňzeş dünýä döretmek isleýär. Merilend uniwersitetiniň fizigi Jeýmis Geýts alymyň aýtmagyna göra fizika kanunlaryna kompýuter simulýasiýa jogap berýändigine doly we anyk derejede ykrarlaýar we näme üçin ? Geýts materiýany kwarkyň derejisinde häsýetnamasyny öwrenýär-kwark bolanda subatom bölejikler bolup atom ýadrosynyň protonlaryndan we neýtronlaryndan durýar. Onyň aýtmagyna göra kwarklar bir hili kompýuter kodyna meňzäp, olar maglumatyň ýalňyşyny yzarlap korreksiýa edip düzedýäne meňzeýär Şeýle bolup bilermi ? Mümkin bolup biler, sebäbi adamzat hemişe dünýäň reallygyny öz döwiriniň açyş eden wakasyndaky tehnologik ösen wagtyndaky ýagdaýa deňäp gelipdir, mslm Niýuton älem jahany sagat mehanizimine meňzeşdiren bolsa, DNK-ny bolsa maglumat ýazylýan we ondaky zady okaýan reallyk dp hasap edilýär eken Smut alymyň aýtmagyna görä, biziň dünýämiziň realmy ýa real däl diýen anyk we gutarnykly tassyklama bermejeklerini aýdýar, sebäbi biziň aňymyz bu zatlary alanok we ol aňymyz düşüenmekde kuwwaty ýok Stimulýasiýanyň esasy maksady, adaty kanundan çykmaýan ynsan döredip goýulan we ony bozmak üçin goýulan däldir Käbir fizikler dünýä ýeke bir matimatikadan durman eýsem arassa maglumatdan durýandygyny aýdýarlar, ýagny:kompýuter bitlerden (nol bn bir san) durýandygyny aýdaýalar Mslm fizika-teoriýany alyp barýançysy Jon Uiler real dünýämizi “Informasiýada ýasalan”dp at goýupdyr, onyň çaklamasyna göra islendik zat fundemental bölejikleriň derejesinde özara täsir edip onyň hasaplanyş akymy we ukyby bolýar Massaçutes uniwersitetiniň ylmy işgäri Set Lloýd aýtmagyna göra Älem jahan gigant kwantowy komýuterdigini hasap edýär we näme üçin ?,haçanda älem jahanyň “içki mehanizimini” öwreniňde, ony has gaty kiçi strukturlaryny kwant bitinden durýandygya syn etseň bolýar, bu bolsa siwrowoý lokal hasaplamalarda ulanylýar Şeýlelikde,reallyk bu maglumat (informasiýa) dp hasap etsekde we şeýle bolaýyn ýagdaýynda we biz simulýasiýanyň içinde ýaşaýas diýsekde, ýa hasap etmesekde, biziň aňymy bu dünýäni hakykkat höküminde kabul edýär we bu ýagdaý üýtgemejek ýaly Ýöne bu çaklamada ýeke birje zat bilen ylalaşyp bolar biz we älemimiz indormasiýa(sifrowoý maglumat) Ýöne dünýämiz maglumat höküminde görülip, onap tebigy ýada Ýaradanyň özi programmalaşdyrlan bolsa, munyň bize prinsipýal gymmaty barmy ? Gymmaty ýok bolaýmasa, sebäbi bu dünýäni ýaradan bir günler simulýasiýa üýtgetmegi ýada ony togtatyp bilýärde ? Bu bababatda näme edip bileris ? Tegmarkyň aýtmagyna görä, Ýaradanyň için gysmazlyk üçin mümkin boldygyça gyzykly we peýdaly durmuş alyp barmaly, bu elbetde şutka ýaly bolup görünsede, adamzat iç gysgynçlykda ýaşamakdan gaçýar. Ýöne ýene-de bir tarapdan, birden Ýaradana bu ýaramasa we simulýasiýa derek başga bir simulýasiýa postanowkasyny goýaýsa näme ? diýen pikirlerde kellä gelýär, sebäbi oýun düzüelende ähli gapma garşylyklar programmalaşdyrlan, beli bu alem jahan we ondaky ýaşaýan janly jemende edil kompýuter oýun ýaly bolsa name etjek ? Ýaradan özine oýuna meňzeş Älem Jahan gurdymyka ? Köne adamlar bu babatda dünýäň bäş ýalançydygyny aýdypdyrlar, mslm Platon biziň kabul edýän reallygymyz onyň kölegisidir diýmegi, ýa-da Immuniýil Kant dünýämizi aňymyzyň kabul edip biljek derejede aň berilendigini ýöne biz bu aňyň näme sebäpden peýda bolýandygyna bolsa düşünmejegimiz aýdyp geçipdir, bu barada Rene Dekart diýen alymda dünýäde ýeke pikir edip bilseň, şonda sendigiň bilýäň bolmasa ýalançy dünýäde kimdigiň bileňok dp aýdanmyş 18-nji asyrda Jorj Berkli diýen filosof dünýäň özi ýalançydygy (ilýuziiýadygyny) aýdyp geçenmiş, emma Samiýuel Jonson dn ýazyjy we kritik “Ynha men Size aýtdyma !!!” dp aýagy bile daşy pyzyladyp kakyp goýberenmiş & Ýokardaky agzalanlara baglylykda, görnükli we ähli türki halkyna meşgur bolan Magtymguly işanymyz öz gogylarynda dünýämiziň ýalançydygyny belläp geçýär. Eger-de alymlaryň göz astynda dünäýmiziň ýalançydygyna göz ýetiren bolsalar we şeýle bolsa, köne döwrüiň adamlary dagy name sebäpden dünýä ýalançy dp hasap etdilerkä ? Umuman ýokardaky bellenip geçilen ýagdaýlary başgada ylmy işlerde ýatlanyp geçilýär, bu babatda ýenede bir gezek duryp geçeris

Köneler, YaSwami tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir