Bir gün tokaýda bir adam ýekeje özi gaýgy-hasrata gark bolup otyr eken. Ähli haýwanlar ol adama ýakynlaşyp: — Seni beýle gamgyn halda görmegi islämizok. Näme isleseň şony getireli, diýipdirler. Adam: — Gözümiň gowy görmegini isleýän. Guşlaryň biri: — Meniň görüş ukybymy alyp bilersiň. Adam: — Güýçli bolmak isleýän. Ýaguar: — Meň güýjümi al, güýçli bolarsyň. Adam: — Dünýäniň syrlaryny bilmek isleýän. Ýylan: —Saňa olary görkezerin. Beýleki haýwanlaram dürli-dürli ukyplar beripdirler. Adam olaryň beren ähli "sowgatlaryndan" soňra, tokaýdan gaýdypdyr. Şol ýerde duran baýguş beýleki haýwanlara: — Adam indi köp zady bilýär we birnäçe zatlary etmäge ukyby bar. Keýik: — Adam mätäç bolan zatlarynyň hemmesine eýe boldy. Indi gaýgy-gamdan uzak dursa gerek. Baýguş: — Ýok. Adamyň içinde bir tegmil gördüm. Hiçwagt doýrup bolmajak açlyk ýaly çuň. Bu gara tegmil ony gaýgyly etmäge we mydam talap etmäge iterýär. Näçe berilse-de almaga we çöplemäge dowam etjekdir. Hat-da günlerde bir gün dünýä adama şeý diýýänçä: — "Dyndym (tükendim) saňa berere hiç zadym galmady"