Ýurdumyzda ähli ulgamlarda düýpli we beýik özgertmeler amala aşyrylyp, Türkmenistan Ýer ýüzüniň depginli ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Geosyýasy taýdan örän amatly Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşen Türkmenistan döwletimizde bäsleşige ukyply ulag ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýewraziýanyň giňişliklerini gurşap alýan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa, Ýuwaş umman sebitlerine çykýan ulag ýollaryna Hazar deňziniň, Gara deňziniň we Baltika deňziniň deňiz terminallaryna çykmaga döwletimiziň giň mümkinçilikleri bardyr. Şol mümkinçilikleri umumy adamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen halkara ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär. Olar özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda paýtagtymyzda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistan tarapyndan BMG-niň 68-nji mejlisinde teklip edilipdi. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul edildi. BMG-niň 69-njy mejlisinde Türkmenistan tarapy Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Öňe sürülýän iri möçberli taslamalar sebit we sebitara gatnaşyklaryny berkitmeklige, Merkezi Aziýa, Hazar, Gara deňiz, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta Gündogar Aziýany birleşdirýän geoykdysady giňişlikleri döretmeklige gönükdirilendir. Gurlup ulanylmaga berlen Gazagystan - Türkmenistan - Eýran halkara demirýoly hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu ýol Ýewraziýa yklymynda täze halkara ýol bolmak bilen, Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleri daşamakda uly amatlyklara eýedir. Muny ýakynda bu ýoluň üsti bilen Hytaýdan gaýdan synag ýük otlusy hem subut etdi. Ol umumy uzynlygy 10 müň kilometre barabar ýoly geçip, iki hepdä golaý wagtyň içinde ýükleri bellenen ýerine eltdi. Bu bolsa 25-30 gije-gündiz gerek bolan deňiz ýolundan iki esse gysga bolup durýar. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we başga-da birnäçe döwletleriň öňünde täze gözýetimleri açan bu ýol Günorta we Gündogar ýurtlarynda Hytaý, Hindistan, Pakistan Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň ugurlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykalgany üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýoluň Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem birnäçe halkara we sebit guramalarynyň uzak möhletleýin strategiýasyna laýyk gelýänligem, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda örän uly geljeginiň bardygam bellärliklidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýene-de bir uly halkara demir ýolunyň gurluşygy amala aşyrylýar. 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan» demir ýolunyň «Atamyrat – Ymamnazar - Akina - Antguýy» böleginiň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Häzirki döwürde bu ýoluň Atamyrat - Ymamnazar böleginiň gurluşygy üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýoluň Owganystan böleginiň gurluşygy hem merdana türkmen demirýolçulary tarapyndan gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. «Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, sebitiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryna iri halkara bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilikler dörär. Bu ýol Ýewropany we Aziýany birleşdirjek halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ýene-de bir möhüm ulgamy bolar. Halkara derejesindäki ýollaryň gurulmagy döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr. Ýewropa - Kawkaz - Aziýa ulag geçelgesiniň - TRASEKA-nyň taslamasy we Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap dikeltmek baradaky geljegi uly meýilnamalar, şeýle hem Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek baradaky taslamalar geljekde döwletleriň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döreder. Bu taslamalar parahatçylyk arkaly ösüşe gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ugurlaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama kabul edildi. Şol Kararnama laýyklykda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 26-27-ne Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçiriler. Munuň özi Türkmenistanyň Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky başlangyjynyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi döwletimiziň iri logistik merkez hökmünde halkara derejesindäki abraýyny has hem artdyrar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir