«MÄ-MÄ-MÄ»... Ependi öz hakyny almak üçin baý bilen dawalaşýar. Olaryň işi kaza ýetýär. Kazy Ependini ýanyna çagyryp: — Men siziň işiňize seretdim. Seniň baýdan on goýun algyň bar eken. Men seni goldaýyn hem-de şol on goýnuňy alyp bereýin. Ýöne köpçülikde saňa näme sorag berseler, diňe: «Mä-mä-mä» diý-de, gaýtala-da duruber. Onsoň on goýnuňy alanymyzdan soňra, sen olardan iki-üç sanysyny maňa-da berersiň — diýýär. Ependi: — Hakymy alýançam «bor» diýeýin, galanynam görübereris — diýip, pikir edýär-de, «Bolýar» diýýär. Şeýdip hem kazy köpçülikde Ependä sorag berýär. Ependi bolsa diňe «Mä-mä-mä» diýip jogap berip dur diýýär. Onda kazy: — Ependi birnäçe wagtlap siziň goýnuňyzy bakyp, onuň aňy hem goýnuňka öwrülip gidipdir. Munuň hakyny iýmäge siziň nädip ynsabyňyz çatdy? —diýip, baýa ýüzlenýär. Baý onuň bilen ylalaşyp, Ependiniň on goýun hakyny bermäge razy bolýar. Seljeriş işi gutarandan soň, kazy Ependini çagyryp: — Nätdim?! Indi şol on goýundan üç sanysyny maňa getirip ber —diýende, Ependi: — Mä-mä-mä, mä-mä-mä - diýip jogap berýär. BILMÄNDIRIN... Günlerde bir gün Ependi çola ýerden eşekli barýarka obanyň garagol ýigitleri onuň eşegini ürküzýär. Ürken eşekden ýykylman zordan saklanan Ependi: — Çöş-çöş-çöş — diýip, eiindäki taýajygy bilen eşeginiň boýnuna kakýar. Onda hälki garagol ýigitler ona degjek bolup: — Ependi aga! Dilsiz diýip, bu janawary taýaklap durmaň näme? Hany, ondan ötünç soraň — diýşip gülüşýärler. Onda Ependi eşekden düşüp: — Eşek jan, meni bagyşla. Men seniň bular ýaly doganlaryň bardygyny bilmändirin — diýip, eşeginden ötünç sorapdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir