«Görogly» eposy milli buýsanjymyza öwrülen meşhur halk dessanydyr. Görogly beg hakyndaky gyzykly hekaýatlar asyrlaryň dowamynda ýatdan aýdylyp, dilden-dile geçip biziň günlerimize gelipdir. Eposyň düýp özeninde Görogly begiň we onuň kyrk ýigidiniň türkmen halkynyň parahat ýaşaýşy ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşleri teswirlenýär. Ata-babalarymyzyň edermenligi çeper döredijiligiň hamyrmaýasydyr. Halk döredijiligini täze gahrymanlar, wakalar bilen baýadýan halky edermenlik özüne adamzadyň ýokary ahlak sypatlaryny siňdiripdir. «Görogly» eposy-da şu edermenlikleriň hemmesinden öz paýyny alypdyr. Diýmek, Göroglynyň edermenliginiň çeşmesi halkdyr, onuň asylly maksatlaryndan, abadan, parahat ýaşamak baradaky jemgyýetçilik aladalaryndan gelip çykýan gahrymançylykdyr. Hut şonuň üçin-de biz Görogly begde taryhda beýik soltanlyklary döreden, taryhyň galagoply hem çylşyrymly döwürlerinde türkmen topragyny, ar-namysyny goran, milletimiziň mertebesini, abraýyny belende galdyran edermen türkmen gerçeklerini görýäris. Ata-babalarymyz ýaş nesilde batyrlygyň, il-güne, ýurda wepalylygyň, belent adamkärçilik sypatlarynyň kemala gelmegi üçin uly tagallalary edipdirler. Bu işde «Görogly» eposy asyrlarboýy gymmatly gollanma bolup hyzmat edipdir. Çünki dessanda beýan edilişi ýaly, Görogly beg degişgen, şorta sözli, keýpi-sapany söýýän, şahandaz, açyk göwünli, ökde sazanda hem şahyr, seýis, at çapmaga-da örän ezber ýigit bolupdyr. Ol gaýduwsyz batyr, söweş tilsimlerini oňat bilýän, ýerli ýagdaýa tiz düşünýän, çalasyn, ugurtapyjy, sözünde durýan, ýoldaşa wepaly, ejize howandar, duşmana rehimsiz, her bir meseläni halk bilen, ýigitleri bilen geňeşli çözýän gerçek ýigit. Göroglynyň bu häsiýetleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýigitlerine-de ylham berýär, göwünlerini göterýär. Halk «Görogly» eserini çyn ýürekden söýýär. Şeýle bolansoň, bu eposyň dürli nusgalary bagşylardyr dessançylar, kyssaçylar tarapyndan toý-meýlislerde uly joşgun bilen ýerine ýetirilýär. Şunda eposyň gurluşynyň sada bolmagynyň we wakalarynyň düşnükli, yzygiderli beýan edilýänliginiň-de paýy juda uly. «Görogly» eposynda kyssa hem goşgy gezekleşdirilýär. Kyssa böleginde wakalaryň gidişi beýan edilýär. Wakalaryň has ynandyryjy bolmagy we gahrymanlaryň içki duýgularyny, dünýägaraýyşlaryny, isleg-arzuwlaryny ýüze çykarmak üçin goşgy — nama aýdylýar. Olar bir galyba salynman, dürli heňde, dürli äheňde ýerine ýetirilýär. Bu ýagdaý diňleýjileriň göwünlerini göterýär, ökde dessançylar özleriniň dürli hereketleri bilen töwereginde oturanlary eserde bolýan wakanyň arasyna alyp barýar, olar göýä Görogly bilen bir hatarda durup, söweş alyp barýana dönýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dessançy bagşylar toý-baýramlarda, medeni çärelerde eposyň «Göroglynyň öýlenişi», «Öwez getiren», «Arap Reýhan», «Harmandäli», «Görogly hem Bezirgen» ýaly şahalaryny aýdyp, märekä hezil berýärler. Milli Liderimiziň parasatly belleýşi ýaly, eposdaky Adybeg soltanyň, Jygaly begiň, Göroglynyň we beýleki gahrymanlaryň watanperwerlik, ynsanperwerlik, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil ahlak sypatlary, Göroglyny daglardan hem-de derýalardan aşyrýan, seýkin ýörişli, duýgur hem wepadar Gyratyň kalbyňy heýjana salýan çeper keşbi ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir, geçmişe, şu güne hem-de geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy güýçdür. Geçen 2015-nji ýylda Halkymyzyň “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny girizdi. Türkmen halky gahrymançylykly eposlary we şadessanlary asyrlaryň jümmüşinden geçirdi. Olarda bagtyýarlyk, azat durmuş baradaky arzuw-hyýallar beýan edilýär, ol eserler çuňňur paýhasa, ajaýyp durmuşa bolan söýgä ýugrulyp, häzirem adamlaryň kalbyny şatlandyrýar. Muňa halkymyzyň “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şaýatlyk edýär. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir