9-njy noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat açyldy. Gözden geçirilişiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, sport edaralarynyň, halkara guramalarynyň, kompýuter hem-de multimediýa tehnikalaryny, lingafon we barlaghana enjamlaryny, mekdep mebelini hem-de okuw-görkezme esbaplaryny, programma üpjünçiligini, sport eginbaşlaryny we enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekilleri bar. Halkara sergä we ylmy maslahata 100-den gowrak daşary ýurtly raýatlar gatnaşýar. Halkara sergi we ylmy maslahat iki gün dowam eder. Bulardan başga-da, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde-Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda maslahatlar geçiriler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir