Aýaly ärine ýüzlenýär: — Bile ýaşaşyp ýörenimize täze ýylda 25 ýyl bolupdyr welin, gapydaky toklyny soýsak nädýär? — Bu ýerde toklynyň näme günäsi bar? * * * Siziň durmuş toýuňyzyň bolmandygy hakykatmy? — diýip, ýoldaşy dostundan soraýar, — Hawa, ol pikirini üýtgetdi duruberdi. — A sen ona baý daýyň bardygyny, şonuň ähli baýlygynyň saňa galjakdygyny aýtmadyňmy? — Wah, şony aýdanymdan soňra ol şeýle karara geldi-dä. Ol maňa däl-de hut daýyma durmuşa çykmagy ýüregine düwdi. * * * Maşgalada dawa turýar. Aýaly aglamjyrap ärine iňirdeýär: — Men indi seniň bilen ýaşamak islemeýärin. — Onda ejeňlere gümüňi çek — diýip, äri jogap berýär. —Ejem bir wagt aradan çykdy ahyryn. — Hut şonuň üçinem şol ýere jähennem bol diýýän-dä. * * * Gül satýan aýal ýigide ýüzlenýär: —Ýaş ýigit, gelniňize gül alyň-da! — Men heniz öýlenemok. — Onda söýgüliňize alyň! —Söýgülim hem ýok. — Siz örän bagtly ekeniňiz. Güli onda begenip alyň. Asyl siz aladasyz ýaşaýan ekeniňiz-dä.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir