Çärýek asyr mundan ozal türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuwy hasyl boldy. Şondan bäri geçengysga wagtyň içinde Türkmenistan özüniň Konstitusiýasyny kabul etdi we saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny subut etdi. Onuň esasynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynyň ösdürmek boýunça milli maksatnamalar kabul edildi we olar üstünlikli durmuşa geçirildi hem-de olarda görkezilen il-ýurt bähbitli işler dowam etdirilýär. Demokratik kadalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy yzygiderli alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň öndüriji güýçleriniň artmagy bilen ilatyň hal-ýagdaýy gowulanýar. Mundan iki ýyl ozal Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleriniň ýeterlik derejede durmuşa geçirilendigini göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we ýolbaşçylygy bilen onuň täze redaksiýasyny taýýarlamaga ugur alyndy hem-de şu ýylyň sentýabr aýynda Esasy Kanunuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Onuň döwletiň ösüşiniň şu güni we geljegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Ýagny, gysgaça aýdanymyzda, bu resminamada döwrüň talaplaryna hemmetaraplaýyn laýyk gelýän täze ýörelgeler we kadalar girizildi, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlary kesgitlenildi. Onda döwlet gurluşynyň, ýurdy we jemgyýeti dolandyrmagyň kanuny esaslaryny mundan beýläk hem kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen maddalar bar. Döwletiň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýetiniň üýtgewsiz galdyrylmagy Türkmenistanyň ilkinji günlerden saýlap alan ýoly bilen gyşarnyksyz barýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Bu abraýly halkara guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy baradaky rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi, onuň Konstitusiýada aýratyn maddada berkidilmegi hem Esasy Kanunymyzyň aýratynlyklarynyň biridir. Bu Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Konstitusiýasynda beýan eden ýeke-täk döwletdigini aňladýar. Oňa täze maddalaryň 28-siniň, 107 madda bolsa üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň, täze bir bölümiň girizilendigini bellesek hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň ähmiýetini bir makalada beýan etmegiň mümkin däldigine göz ýetireris. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň doly beýanyny tapandygynyň şaýatlary bolýarys. Adam hukuklarynyň goralmagy, ykdysadyýetde eýeçiligiň dürli görnüşleriniň hereket etmegine giň ýol açylmagy, köp partiýalylygyň kanuny esaslarynyň goýulmagy munuň aýdyň mysallarynyň bir cidir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir