Türkmen halysynyň gözelligi, gadyr-gymmaty, dünýä ýüzündäki şan-şöhraty hemmämize belli. Türkmen keçesi hem edil halysy ýaly bahasyna ýetip bolmajak önümleriň biridir. Taryhçylaryň çaklamalaryna görä keçe ilki döräpdir. Şonuň üçinem ir döwürler halyny keçäniň üstünden ýazypdyrlar. Men bu ýerde keçäniň döreýiş taryhy barada däl-de, onuň adam saglygyna peýdasy, bähbidi barada gürrüň etmekçi. Keçäniň goýun ýüňünden edilýänini bilmeýän az-az bolsa gerek. Özüm, ýalňyşmasam güýz gyrkylan ýüňden basylan keçe has peýdaly bolmaly. Ir döwürler ata-babalarymyz häzirki ýaly kaşaň ymaratlarda dälde, türkmeniň alty ganat ak öýlerinde ýaşapdyrlar. Onsoň, bu öýlerde ýa-da daşarda keçe atyp oturkaň, mör-möjekleriň, içýändir-ataýrylaryň, ýylanlaryň nägada adam ýaşan ýerlerine golaýlaşaýmalary hem bar eken. Emma olar keçäň üstüne münüp bilmezler eken. Keçede olary gaçyrýan täsin bir güýç bolmaly. Özümizem çagakak keçäň üstüne süýjidir ýa şireli zat gaçyraýsak, garynjalaryň oňa kän bir üýşüp bilmeýänini synlardyk. Hatda garynjalaryň içinde iň ulusy hasaplanýan Atlygarynja hem keçä çykaýsa, oňa yzyna düşmek hillallady. Çagalyk dünýäň bilen şeýle pursady synlamagam täsindi. Keçäň ýüňleriniň arasynda kynlyk bilen ýöreýän garynja giden bir jeňňellikda azaşan adama çalymdaş. Onuň gorkýanlygy, nirä gitjegini bilmän aljyraýanlygy onuň hereketlerinden mese-mälim bildirip durardy. Keçäniň adamy ähli zyýanly hem zäherli mör-möjeklerden, ýylanlardan goramaklygy, onuň bahasyna ýetip bolmajak aýratynlygydyr. Çünki bu dünýäde adamyň janyndan gymmatly zat ýokdur. Dünýä ýüzünde siwilizasiýanyň, ykdysadyýetiň, medeniýetiň uly depginde ösmegi netijesinde, biziň ýurdumyza daşary ýurt haly-palaslary getirilip başlandy. Her-hili owadan reňkleri bilen gözüňe aldow salýan, himiki usulda alnan ýüplerden dokalan bu haly-palaslar, islegli harytlara öwrülip, her öýi bezäp başlady. “Nemämişin, keçe özünde tozan saklaýarmyşyn. Sübse bilen süpüreňde tozaýarmyşyn. Gadymy zatmyşyn. Öýe ýazmaga utanýamyşyn.” Ine, keçäň gadyryny bilmeýän ýaş gelin-gyzlaryň pikiri. Onsoň, olar ýaňky himiki usulda alnan ýüplüklerden dokalan halylary öýlerine düşäp başlaýarlar. Netijede, haýsyny görseň böwregi sowuklandyr, oňurgada griža bardyr, aýagy guryagyrylydyr. Garaz, dünýäň derdi başyndadyr. Haçan görseň hassahanada ýa-da anyklaýyş merkezlerindedirler diýsem, hakykatdan daş düşmesem gerek. Elbetde,biziň ýurdumyzda adam saglygy hemme zatdan ileri. Lukman Hekimiň: “Lukmanyň hassany bejermezden öň, hassanyň sagalmagyny islemegi gerek.” diýen jümlesi, hemmäň ýüregine jüňk bolsa gerek. Ajaýyp hassahanalarda saglygyňy bejerenlerinden soň, saglygyňy gorap saklamak özüňe bagly bolup durýar. Bir gezek Aşgabat şäherinden Mary şäherine barýarkam Kaka etrabynyň “Artyk” obasynda ýaşaýan, hem şol oba barýan bir daýza bilen ýoldaş boldum. Ol bir agyrydan kösenýändigini aýdanda, men oňa keçe barada ýaňky gürrüňleri berdim. Ol: “Wah, jigi, ýürejigim bolduň! Iki ýyllykda oglumy öýerip täze gelin aldyk. Iki aý geçmänem gyzym bilen gelin, ikisi öýdäki keçeleriň baryny aýyryp mellek uçdaky kiçiräk jaýa salyp goýdular. Ýaňky aýdyşyň ýaly, utanýamyşlar. Indi keçe düşenýän ýokmyşyn. Wah, ol keçeler özümiň “men” diýen wagtym boýdaşlarym bilen basan keçelerim özem. Hersiniň her güli diýen ýaly, boýdaşlam bilen bagly gyzykly wakany ýatladyp durardy. Asyl şol keçeleri aýranlaryndan bäri, diňe bir agyry-dert däl-de, eýsem meni käteler tukatlyk hem basmarlap başlapdy. Ol keçeleriň diňe bir bil agyry ýa gury agyry dermän däl-de, ruhy dünýäme hem dermanlygy indi düşnükli boldy. Men bardygym iň bolmanda öz bolýan otagyma-ha şol keçelerimi alyp düşärin. Gyz bilen gelinem utansalar meň otagyma girmejek ekenler-dä...” diýip, gülüp goýberen daýzaň ýüzüne şatlyk nury çaýyldy. Men keçe barada bilýän ujupsyzja zadymy gürrüň beremde, öz düşenjek keçelerini özi basyp, öz ojagyna düşenip ýaşan bu daýzanyň aýdanlary meniň üçin täsin açyş boldy. Diňe bir ten derdine em bolman, ruhy dünýäňi hem bejerýän keçäň dermanlygyny duýmak hem ondan melhem almak üçin, ol keçeleri mähriban boýdaşlaryň, dogan-garyndaşlaryň bilen gülşip-degşip bile basmagyň gerek eken.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir