Iki dost baýramçylyk saçagynyň başynda pikir alyşýar: — Täze ýylda maňa nähili maslahat berjek? — diýip, biri beýlekisinden soraýar. — Näme hakda? — Meselem, ýaşaýyş, durmuş babatda. — Ömrüň birinji ýarymyny eneň-ataň eklenjinde, ikinji ýarymyny bolsa ogulgyzlaryňkyda geçirjek bol! * * * Täze ýyl agşamy goňşy aýal jorasynyňka dilege gelýär. — Goňşy, oklawyňy ýarym sagatlyk bersene! — Edil şu wagt berip biljek däl. Özüme gerek. — Aş ýayjak bolýarmyň? — Ýok, ärim gelenok, şoňa garaşýan. — Wah, meňkem şeýle-dä... * * * Kaka, guwlar ölmeziniň öňyanynda saýraýarmyş diýýärler welin, çynmyka? —Dogrudyr, oglum. — Olar näme üçin beýdýärkäler? — Wah, meniň samsyjagym, sen şonam bileňokmy? Olar ölenden soň nädip saýrasyn?! * * * Her Täze ýyl baýramçylygynda Berdi yadyma düşýär. — Tüweleme, şeýle gowy dostuň barlygyna gaty şat. Menem ýatlayansyň-la. — Aý, ýok. — Näme üçin? — Sen maňa bergiňi Täze ýylda bererin diýip wada etmändiň-ä. * * * Täze ýyl bayramçylygynda aýalyma näme sowgat etsemkäm? — Nähiliräk sowgat alsam diýýäň? — Hem hojalyga peýdaly bolsun, hem aýalyma. — Onda kir ýuwulýan sabyn alaý.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir