Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak, erkin, bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary wysal tapyp, indi çärýek asyr bäri halkymyz Garaşsyzlygyň gadyryny duýup, hözirini görüp ýaşaýar. Çünki 25 ýylda döwletimiziň ähli ugurlar boýunça ýeten belent derejeleriniň, halkymyzyň maddy we ruhy durmuşynda bolup geçen oňyn özgerişlikleriň binýadynda Garaşsyzlyk diýen kelamyň gudratynyň durandygyny ählimiz bilýäris. Türkmen döwletiniň halkara abraýyny arşa ýetiren-de, Zemin üzre türkmeniň ykbalyny göteren-de Garaşsyzlyk! Halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren-de, hiç sowulmaz ýazy getiren-de Garaşsyzlyk! Bize eşretli durmuşyň gapysyny açan-da, ýolumyza rehmet nuruny saçan-da Garaşsyzlyk! Raýatlarymyzy ösüşlerden-ösüşlere, menzillerden-menzillere atarýan-da, ruhumyzy tug deý belende göterýän-de Garaşsyzlyk! Neneň onsoň Garaşsyzlyga gudrat diýmejek, neneň ony janyňdan eziz görüp söýmejek?! Özbaşdaklyk ýyllary dünýä türkmenleri üçin Garaşsyz Watanymyzyň gapylary giňden açyldy, olara bu mukaddes Diýara gelip görmäge, pederleriniň ruhy gezýän keramatly topraga sežde etmäge mümkinçilik döredildi. Her ýylyň Garaşsyzlyk toýuna gabatlap gözel Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatlaryny geçirmek, olaryň ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler bilen tanyşmaklary üçin ähli şertleri döretmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Garaşsyzlyk ýyllary Owganystanda, Täjigistanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere yzygiderli maddy we ruhy ýardamlaryň berlip durulmagy-da ýörite bellärliklidir. Çünki ata Watanymyz tarapyndan edilýän her bir ýardam daşary ýurtly doganlarymyzda üýtgeşik ruhy joşguny döredýär, olar şonda özleriniň ýalňyz däldigini, arkasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly berkarar Watanymyzyň bardygyny duýup buýsanýarlar. Elbetde, beýik Garaşsyzlygymyzyň watandaşlarymyzyň, şeýle-de daşary ýurtly doganlarymyzyň durmuşyna ýetiren ajaýyp täsirleri çäksiz. Bayram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir