Toýly günler — şatlyga-şowhuna beslenýän günler. Şeýle günler güller ýaly owadan hem ýakymly. Şol gülleriň çemeni bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzda jemlenilendir. Şol gülleriň her biri eziz Watanymyzyň gazanan şan-şöhratynyň taryhdaky ýazgylarydyr. Wagt geçdigisaýyn, Garaşsyzlygymyzyň güýç-gudraty barha berkeýär. Çünki her günüň özünde çuňňur uly mazmun bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly menzilinde jemgyýetimiziň syýasy, medeni we ykdysady durmuşy baýlaşdy. Ösüşlere badalga bolýan her bir pursatda hem Garaşsyzlygymyzyň ilimize eçilen serpaýy bar. Öý-ojagynyň, obasynyň, iliniň döwletliligini arzuw eden ata-babalarymyz üçin döwlet Garaşsyzlygymyzyň gymmatyny, megerem, hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Garaşsyzlyk diýlende onuň halkymyzyň tutuş özi bolup durýandygyny ýaşulularymyz guwançly belleýärler. Garaşsyzlyk — adam ykbalyna ýazylan iň uly dereje. Onuň bilen beýgelýärsiň, onuň bilen özüňi töweregiňe açýarsyň. Garaşsyzlygyň gadamlarynyň ýylsaýyn has ynamlydygy hem batlydygy duýulýar. Şol duýgy hem ynsanyň göwnüni galkyndyrýar. Garaşsyzlygyň gymmatly serpaýlary — döwletimizde döredilen ýaşaýyş-durmuş amatlyklary. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň döwlet syýasatynda dabaralanmagy — milli Garaşsyzlygymyzyň bahasyz serpaýy. Häzirki döwürde dünýäde ählumumy abadançylygyň rowaçlanmagy adam, onuň ykbaly, döredijilik mümkinçilikleri we geljek hakdaky düýpli meseleler babatdaky garaýyşlara bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Garaşsyzlygymyz aýdyň maksatlaryň dabaralanmagynyň hatyrasyna ýetilen şöhratly menzildir. Halkymyzyň bolelin durmuşy hakyndaky alada adam baradaky aladanyň köp jähetlerini özünde jemleýär. Çünki bolelin durmuş — rahat ýaşamagyň esasy. Üstüni penalara ak öýi, dulunda ýagly golçasy, çuwal doly uny bolsa, ata-babalarymyz baryna kanagat edip, halal rysgalynyň geljekde hem öý-ojagyny doly üpjün etmegi üçin, ýaşaýşyň juda oýlanyşykly usullaryny gözläpdirler. Şeýlelikde, goňşular bilen parahatçylykly syýasaty ýöredipdirler, ykdysadyýet we medeniýet babatda özara deňhukukly gatnaşyklaryny berkidipdirler. Ählitaraplaýyn işlenilen kämil döwlet syýasaty ir zamanlarda döredilen Türkmen döwletleriniň kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna öz täsirini ýetiripdir. Eziz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýäniň halkara syýasatynyň rowaçlanmagynda mynasyp ornunyň bolmagy döwlet gurmagyň ata-babalarymyzyň çuňňur zehininde we paýhasynda sünnälenilen ýörelgeleriniň şu günki nesilleri tarapyndan döwrebap dowam etdirilýändigini aýan edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik pudaklarynyň ösüşi tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşiniň täze pudaklary kemala geldi. Döwletimizde önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak, aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, medeni-durmuş maksatly syýasaty ýaýbaňlandyrmak ýaly ösüşiň döwrebap ugurlarynda öňegidişlikler gazanyldy. Sagdyn, ruhy-intellektual derejesi ýokary jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylan işler has-da bellärliklidir. Ösüşleriň maddy we ruhy taýdan şahsyýetiň isleglerine laýyklykda sazlaşykly ýola goýulmagy döwletimizdäki ilerlemeleriň çuňňur demokratiýa esaslylygyny äşgär edýär. Garaşsyzlygyň şanly ýyllarynyň içinde halk, jemgyýet, döwlet düşünjelerine bolan garaýyşlar has düýpli mazmunda işlenildi. Şularyň özi hem jemlenip, döwletimiziň kuwwatynyň ruhy-gözellik, aňyýet, syýasat, filosofiýa ýaly düýpli ylmy ugurlarda ýüze çykýandygyny aňladýar. Gahryman Prezidentimiziň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda çap edilen «Çaý melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi» atly töwerekleýin ylmy hem filosofiki häsiýetli kitaplarynyň ägirt uly manysy Garaşsyzlygymyzyň milli-ruhy esaslaryny has-da pugtalandyrdy. Milli Liderimiziň Garaşsyzlyk hakynda aýdanlarynda: «Garaşsyzlygymyza eýe bolmak bilen, esasy maksatlara ýetilendigi — şahsyýete, adama, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna, erkin ösüşine we abadançylygyna aýratyn üns berlendigi aýdyň görünýär» diýilýär. Her bir kämil jemgyýet maşgala, anyk bir adam hakyndaky aladalaryň nähili derejede durmuşa ornaşdyrylýandygy bilen bellidir. Häzirki döwürde bolsa, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde ynsanperwerlikli syýasatyny dabaralandyrýar. Munuň özi ynsan hakyndaky iň ýokary aladanyň döwlet syýasatyny kämilleşdirmegiň ýolunda hemişe üns merkezinde durýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň adamzat gymmatlygyna goşan saldamly goşandynyň gözbaşlaryna täzeden aýdyňlyk çaýdy. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny ýaýmak, türkmen halysyny öwrenmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri şu ýyl çap edilen kitaplarynda hem öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň mazmunynda milli gymmatlyklarymyzyň ata-babalarymyzyň tebigata, ynsana bolan söýgüsinden kemala gelendigi hakyndaky hakykat orun aldy. Şunuň özi-de ynsanperwerlik ýaly ileri tutulýan dünýä syýasatynyň köklerini jemgyýetiň zehin, akyl-paýhas derejesiniň şular ýaly aýdyň ýüze çykmalary bilen bitewileşdirdi. Çünki halynyň tebigata söýginiň aýdyň beýany bolup, munuň ynsanara gatnaşyklary berkidýän sungatdygy eserde bellenilýär. «Çaýlaşmak» düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem, çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär» diýlip, hormatly Prezidentimiziň çaý hakyndaky ajaýyp eserinde bellenilmegi hem milli-ruhy manydaky durmuş pursatlaryna ynsanara mähirli gatnaşygyň beýany hökmündäki garaýyşdyr diýmek bolar. Hormatly Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly eserinde döwrüň tizlikli ösüşleriniň tebigaty bedew bilen baglylykda açylýar. «Garaşsyzlyk» diýlen ýeke jümle milli paýhasyň şuglasyny Zemine ýaýýan beýik düşünje! Garaşsyzlyk «Arşyň nepisligi» ýaly beýikligiň manysyny ynsanyň Äleme söýgüsi arkaly açyp, dünýä halklarynyň jebisleşmegine badalga berýän ägirt uly güýç. Hormatly Arkadagymyzyň şu eseriniň ahyrky bölümindäki şygyr setirlerinde halkymyzyň taryhy ykbalynyň aýnasy deýin aýdyňlyk bar. Sungatyň gözellik gözbaşlarynyň dünýäni söýmekden başlanýandygy hormatly Prezidentimiziň taýsyz uly Garaşsyzlyk serpaýlarynda — ajaýyp eserlerinde açylýar. Dünýäni söýmek isleginiň wysaly döwletiň Garaşsyzlygynda! Tutuş Äleme, tebigata söýgüden ynsana söýgi başlanýar. Erkinlik, asudalyk, döwlet eçilen Garaşsyzlygymyza kalbymyzda mukaddeslik tagzymy ýaşaýar. Gözellik hakyndaky arzuwlar — parahatlyk arzuwlary. Bularyň ählisiniň binýady bolsa, Garaşsyzlykda! Garaşsyzlygyň goýnundaky joşgunly pikirleriň bir beýany hökmünde hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabyndaky şygyr setirlerine salgylanmakçy bolýarys: «Gülüň görki, Asman durky. Gözel hulk beýany. Asylzada, ykbal çüwen Aýyň köňül kelamy. Zemin üste dowamatdyr. Aşyp gelýär müň menzilli eýýamy. Älemiň suraty. Bakylyk aýdymy. Halyçynyň her bir çiten öýdümi. Daraklaryň batly sesi ýaňlansyn, Ondan şeýle aýdym aňlansyn: Buýsanjym — Watan! Keramatym! Seždegähim, Aman dur! Watan — beýik! Il — abatlyk. Külli ymmat amandyr». Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir