Birinji synpda sapak geçýän mugallym okuwçylaryň birinden: —Mysal üçin, seniň agaň dört sany alma getiripdir. Onuň özi iki alma alypdyr. Galanyny bolsa saňa beripdir. Agaň saňa näçe alma beripdir? — diýip soranynda, okuwçy: -Ol maňa şonça alma bermez - diýipdir. * * * Mugallym okuwçydan: —Näme üçin deňziň suwy duzly bolýar? — diýip soraýar. Okuwçy az-kem oýlanyp: — Sebäbi deňizde duzlanan balyklarýaşaýar — diýipjogapberýär. * * * Fizika mugallymy: — Biz näme üçin ilki ýyldyrymy görüp, soňra asmanyň gümmürdisini eşidýäris? — diýip, okuwçylardan soranynda, olaryň biri: — Biziň gözlerimiziň gulaklarymyzdan öňde ýerleşýändiginden bolaýmasyn - diýipdir. * * * Öňde bir oglanjygyň batly depen pökgüsi şkafyň aşagyna giripdir. Şonda onuň ejesi: — Oglum, pökgini çykarsaň bolmadymy? -diýeninde, ogly: — Eje, men gijä galaýdym. Ol ýerde eýýäm garaňky düşüpdir—diýipdir. * * * Hemişe ikilik baha alýan oglundan ejesi: — Sen näme üçin hemişeikilikbaha alýarsyň? — diýip soranynda, ol: —Sen meni ukudan giç oýarýarsyň. Mekdebe gelenimde dörtlük, bäşlik, hatda üçlügem beýleki okuwçylar öz aralarynda paýlaşyp gutarýarlar. Onsoň maňa diňe ikilik baha ýetýär -diýipdir. * * * Çopan agtygyna sürüdäki goýunlary sanamagytabşyrypdyr. Oglan özünetabşyrylan işi ýerine ýetirensoň çopan: — Näçe goýun bar eken? — diýip, sorapdyr. Şonda agtýgy: — Ýigrimi bütin ondan bäş — diýip jogap beripdir. Çopan: — Seniň «ondan bäş» diýýäniň näme? — diýeninde, ol: — Men guzulary hem hasapladym — diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir