Türkmen halkynyň ata-baba gelip, umumy kabul edilen, özem diňe köňlüne nagyşlanyp, dile getirilip, söhbede goşulyp ýörülmeýän bir ýörelgesi bar. Ol-da her bir türkmeniň özüni ata Watany bilen bir jan-bir ten saýyp, ene topragyny öz synasy hasaplaýanlygydyr. Göbek gany damyp, ömrüni, ykbalyny ata Watany, ene topragy bilen baglan türkmeniň buýsanjy al-asmanda tug kimin parlaýar. Ol şu mähriban topragynyň üstünde adyl hem halal işleri amala aşyryp, eziz Watanymyzyň pajarlap, galkyp gitmegine öz goşandyny goşsa, dünýäde özüni bagtyýar saýýar. Şeýlelikde, türkmen öz ýüregini ata Watanyna ynanýar, öz dogduk Diýarynda ýüregini goýýar. Jan damaryny Watanyň çar künjüne ýaýradýar. Ýüreginiň urgusyny öz Watanynyň goýnundan, öz topragynyň jümmüşinden eşidýän türkmeniň çäksiz watançylyk duýgusy daglardan belent, asmandan beýik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir raýatynyň şeýle belent watançydygyny, şeýle watanparazlygyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe joşgunly halal zähmeti bilen Garaşsyz Diýaryny nusgalyk derejede ösdürýänliginden-de bellidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bagy-bossanly, gül-gülşenli goýnunda gurulan dürli maksatly binalarydyr desgalarynda joşgunly we ruhubelent zähmet çekýän raýatlarymyzyň ýüz müňlerçesiniň çylşyrymly enjamlara, tehnologiýalara doly erk edip bilmekleri netijesinde, önümçiligiň öndürijilik kuwwaty barha artýar, hil derejesi ýokarlanyp, dünýä bazarlarynda geçginli harytlaryň sany has-da köpelýär. Ýurdumyza getirilýän peýdanyň artmagy, elbetde, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady hem-de maliýe kuwwatyna täze güýç-kuwwat goşýar. Watana ýüregiň bilen kök urmak bagtlylykdan nyşan. Çünki sen öz bagtly durmuşyňy Watan topragynyň üstünde gurmak bilen öz kalbyň rahatlygyny, eşretli maşgala durmuşyňy tapýarsyň. Sosial-durmuş taýdan galkyp barýan türkmen bu günki günde dünýä nusgalyk, hemmetaraplaýyn amatly, ýaşamaga oňaýly, döwrebap jaýlarda ýaşap, bagtyýarlygyň hözirini görýär. Şonuň bilen birlikde, her bir türkmeniň dünýäniň iň ösen ýaşaýyş-durmuşyna goşulmagy netijesinde, onuň intellektual derejesi hem ösdi. Şeýle belent ruhly, geljege okgunly, mizemez ynamly türkmeniň belent watansöýüjilik ruhuny hiç bir zat bilen deňäp hem ölçäp bolmasa gerek. Türkmeniň öz ýüregini Watan topragynda goýýanlygyna güwä geçýän hakykatlaryň biri-de dünýäniň çar künjünde ýaşap ýören arkadaşlarymyzyň Garaşsyz Diýarymyza didarlaşmaga gelenlerinde ýürekden syzdyryp, zybana doldurýan ilkinji jümleleri «ata Watan», «ene toprak» ýaly mukaddes sözlerdir. Indi dünýäniň islendik ýurdunda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň dagdan arkasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watany bar. Dünýä türkmenleri indi on iki süňňi, kalby, ýüregi bilen ata Watana sygnyp, oňa daýanyp hem buýsanyp ýaşaýarlar. Garaşsyz Diýarymyzda ýaşaýan her bir raýatymyz belent watançylyk ruhy bilen döwletimizi has-da ösdürmek üçin janaýaman zähmet çekýärler. Mysal üçin, bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän nakgaşlarymyz milli şekillendiriş sungatymyzda döredijilikli tärlere we usullara gol berip, many-mazmuny täzeçillik gözlegleri bilen baýlaşdyrýarlar. Munuň özi bedew batly gadamlar bilen öňe barýan erkana hem merdana halkymyzyň dörediji halkdygyny äşgär edýär. Mukaddes Garaşsyzlygy - erkinligi, özerkliligi, berkarar Watany - döwletliligi, agzybirligi bolan türkmen halky halkara giňişliginde mynasyp orunly boldy. Bu bolsa eziz Watanymyzyň bütindünýä abraý-mertebesini, ykdysady kuwwatyny, ýokary özgerişlere beslenen ösüşlerini Ýer ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri açdy. Gadymy halkymyzyň belent watançylyga ýugrulan halk döredijilik eserleriniň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek gerek. Şeýle edebi mirasyň biri-de «Görogly» şadessany bolup, onuň ähli şahasynda çykyş edýän Görogly begiň Watan hem halk üçin edýän merdana hereketleri, Watany jan-dilden goraýşy onuň belent watançydygyny äşgär eýläp, oňa üýtgeşik bir keşp hem-de häsiýet berýär. Bu keşp hem häsiýet bolsa ýaş nesillere nusgalyk derejede öz täsirini ýetirýär we olaryň Görogly beg ýaly öz ýurdunyň, halkynyň belent watançy ogullary bolmak arzuwyna güýçli täsir edýär. Şeýle watançylyk häsiýetine eýe bolan «Görogly» şadessany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Munuň özi halkymyzyň edebi mirasynyň ebedi ruhy hazynadygyny ýene-de bir gezek tekrarlaýar. Dünýä gymmatly milli mirasy, medeni-taryhy hazynany bagyş eden halkymyzyň döreden halysy, bedew aty türkmen il-ulsunyň belent watançylyk duýgusynyň örän inçeliginden, nepisliginden, kämilliginden habar berýär. Umuman, türkmen watançylygy nusgalyk derejede bolmak bilen, özüni dürli ugurlarda ýokary ussatlykda, kämillikde görkezip bilýär. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir