Kiçijik oglanjyga ejesi sowal berýär: —Resul, sen hasapdan gowy baş çykarýaňmy? —Hawa, eje. —Hany,sen aýt. Ikiniň üstüne ikini goşsaň näçe bolar? —Dört bolar eje. —Tüweleme oglum, sen-ä hasaba ökdeläp gidipsiň. Şonuň üçin saňa dört sany şokolad berjek. — Şokolad berjekdigiňi öňünden aýtmaly еkеniň-dä, eje. Dört diýmän, alty diýerdim-dä. Çaga gülküsi— dünýäniň bezegi Okuwçy mugallymyndan soraýar: —Etmedik bir işim üçin maňa gaharlanarsyňyzmy? —Ýok. Ony näme üçin soradyň? —Öý işimi etmedim-dä. * * * Gyzjagaz ejesinden soraýar: —Näme üçin kakamyň saçy dökülip, azalypdyr-aý? —Sebäbi, kakaň biziň üçin köp pikir edýär-dä. —Onda näme üçin seniň kelläňde saç köp? * * * —Oglum, şokoladyň uly bölegini jigiňe bermelidir. Towuklaram tutan gurçugynyň uly bölegini jüýjelere berýändir. —Kаkа, şu şokolada derek gurçuk bolan bolsady, onda ony jigime tutuşlygyna-da bererdim. * * * Kakasy oglundan soraýar: —Oglum, birden bilmän biriniň aýagyna bassaň, näme ederdiň? —O1 adamdan ötünç soraryn. —Berekella, oglum. Ýöne ol adam saňa ötünç soranlygyň üçin pul berse, näme edersiň? —Beýleki aýagyna-da basaryn. * * * Mugallym: —Hany, Aman, öý işiňi aýdyp ber! —Ýöreýärin.., ýöreýärsiň.., ýöreýär... —Aman, tiz-tizden aýtsana. —Ylgaýaryn, ylgaýarsyň, ylgaýar...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir