Aşgabat, 3-nji oktýabr (TDH). Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Türkmenistan--sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar astynda geçirilýän VIII uniwersiadanyň dabaraly açylyşy boldy, paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda bolsa ähli welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden ýüze golaý türgeniniň gatnaşmagynda kikboks boýunça umumymilli ýaryşlaryň ýarym final tutluşyklary boldy. Uniwersiadanyň açylyş dabarasynyň barşynda Bilim ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri, mugallymlar we belli türgenler çykyş etdiler.Uniwersiadanyň resmi taýdan dabaraly açylyşy tamamlanandan soň konsert boldy. Onda sazly tans çykyşlary akrobatika, çeper we sport gimnastikasy boýunça ýurdumyzyň türgenleriniň ýerine ýetirmeginde görkezme çykyşlary bilen utgaşdy. Dabar tamamlanandan soňra Milli sport we syýahatçylyk institutynyň we Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary bu duşuşykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Uniwersiadanyň geçirilmegi talyplaryň arasynda sport hereketini ýokary derejede wagyz etmäge hem-de olaryň arasyndan ezber türgenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Talyplaryň arasynda geçirilýän bu gezekki ýaryş ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdebinden sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinen talyplaryň 5 müňe golaýyny özünde jemlär. Talyplar bu ýaryşda sportuň 22 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Geçen ýyl uniwersiadada ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän bilýard bilen bouling, şeýle hem “ýedi top” milli oýny boýunça ýaryşlar geçirilendigini bellemelidiris. Bu ýyl bolsa toplumlaýyn ýaryşlaryň sanawyna ilkinji gezek badminton girizildi. Ýaryşyň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlary eýelejek türgenler noýabr aýynda kesgitlener. Düýn, Uniwersiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň Olimpiýa suw-sport toplumynda suwda ýüzmek boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Erkekleriň arasynda 50 metr aralyga ýüzüşde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri ýeňiş gazandylar. Gyzlaryň arasynda bolsa Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary tapawutlandylar. Ertir, 4-nji oktýabrda uniwersiadanyň maksatnamasynda küşt we gandbol boýunça ýaryşlara badalga berler. …Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirilen kikboksing boýunça ýaryş ýaş türgenleri barlap görmek üçin aşgabatlylaryň ikinji düzümde çykyş edendiklerine garamazdan ýiti hem-de barlyşyksyz göreşde geçdi. Şeýle bolsa-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden gelen garşydaşlary bilen duşuşyklarda özlerini oňat tarapdan görkezip, milli ýygyndymyzyň düzüminiň esasy türgenleriniň aşgabatly kikboksçylardan ybaratlygynyň ýöne ýerden däldigini görkezdiler.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir