Soňky wagtda käbir internet saýtlarynda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we beýleki durmuş tölegleriniň birnäçe aý gijikdirilýändigi barada maglumatlar çap edilýär. Bu maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini we hakyky ýagdaýy ýonup görkezýändigini belläsimiz gelýär. Býudjet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we guramalaryň zähmet haklarynyň, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ähli görnüşleriniň tölegleri öz wagtynda, eglenilmän hasaplaşylýar. Bu tölegler ýurduň Döwlet býujetiniň goralan maddalary bolup, işgärlere, gullukçylara we Türkmenistanyň beýleki raýatlaryna ilkinji nobatdaky tertipde tölenilýär. Ýurduň Lideri tarapyndan geçirilýän deňeçerlenen we jogapkärçilikli býudjet syýasaty maksatlar we serişdeler babatda özara baglanyşdyrylandyr we ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet durmuş syýasaty halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet býudjetiniň 70%-den gowragy durmuş harajatlaryna gönükdirilýär. Her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleri 10% ýokarlandyrylýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Permanyna laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyplaryň we diňleýjileriň talyp haklarynyň möçberlerini 10% ýokarlandyrmak meýilnamalaşdyryldy. Bu çäre ilatyň hal-ýagdaýyny gowlandyrmaga we durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de bu Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň dünýä ykdysady çökgünligi şertlerinde raýatlaryň girdejisini ýokarlandyrmak hakyndaky aladasynyň subutnamasy, Türkmenistanyň ýeterlik maliýe ätiýaçlyklarynyň barlygynyň we maliýe institutlarynyň üstünlikli işleýändiginiň tassyknamasy bolup durýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir