1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra bazar ykdysadyýetine geçmegiň özboluşly ýoluny saýlady. Şeýlelikde, Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini gadymyýetden ata-babalarymyzyň dowam etdirip gelen hojalyk tejribesinde hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň şu günki mysalyna eýerip ösdürmek wezipesi öňe goýuldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebap özgertmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady taglymaty işläp taýýarlady. Bu taglymat boýunça Türkmenistan bazar ykdysadyýetine geçmekde öz milli nusgasyny döretdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegi üçin birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Garaşsyz döwletiň ilkinji maksatnamasy 1992-nji ýylda yglan edilen “Açyk gapylar” syýasatydyr. Şol ýylyň dekabrynda ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin “On ýyl abadançylyk” maksatnamasy kabul edildi. Mundan başga-da milli ykdysadyýetimiziň oba-hojalyk pudagyny döwrebap özgertmek üçin “Täze oba” we “Galla” maksatnamalary kabul edildi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermeklige gönükdirilen “Saglyk” we “Bilim” maksatnamalary hem uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ýokary derejede ösdürmek üçin Milli maksatnamalar kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli Baş ugry” Milli maksatnamasy, “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli maksatnamasy we “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi. Olarda her döwür üçin anyk maksatlar goýuldy we olary ýerine ýetirmegiň dürli ýollary kesgitlendi. “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli maksatnamasynda Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň esasy meseleleri aşakdakylardan ybarat diýlip kesgitlenildi: Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, ykdysady ösüşiň we zähmet öndürijiliginiň ýokary depginleriniň, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysady garaşsyzlygy gorap saklamak; Jan başyna düşýän jemi önümiň öndürilişini yzygiderli ösdürmek; Maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we önümçilik-tehniki maksatly binalaryň gurluşyny artdyrmak. Bu wezipeleri çözmek Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer we halkyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün eder. Onuň esasynda bolsa gadymy taryhy döwürlerde kemala gelen we durmuş tejribesinden ymykly geçen milli aýratynlykly döwlet gurluşy durýar. Döwletiň iň gymmatly hazynasy adam bolup, onuň wezipesi bolsa, adamyň mertebesini goramakdan ybarat bolup durýar. Ählihalk saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidentligine Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanmagy bilen Täze Galkynyş we beýik özgertmeler döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşi has-da ýokary depginler bilen öňe gitdi. Sebäbi Hormatly Prezidentimiziň esasy aladasy-öz halky. Döwlet syýasatynyň, ykdysasy taglymatynyň özeni bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen paýhasa esaslanýar. Bu döwürde kabul edilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda “ onuň maksady, wezipeleri we ösüş tapgyrlary aýdyň görkezilýär. Milli maksatnamanyň maksady: Ykdysadyýetiň depginli ösüşini gazanmaк; Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak; Ilatyň maddy hal ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak; Bazar ykdysadyýetini we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak; Ýurdyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmak bolup duýar. Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi üç tapgyrdan ybarat: Birinji tapgyr: 2011-2015-nji ýyllar; Ikinji tapgyr: 2016-2020-nji ýyllar; Üçünji tapgyr: 2021-2030-njy ýyllar. 2012-nji ýyldan Garaşsyz Türkmenistanda täze eýýam-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri başlandy. Bu döwürde ýurduň ykdysady ösüşi ýokary depginlere eýe bolup halkymyzyň eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamagy maksat edinýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasatyň iň möhüm ugurlaryna önümçilik toplumlarynyň we durmuş ýaýrawynyň depginli ösdürilmegi, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, bazar mehanizminiň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň utgaşdyrylmagy, ýurduň milli hojalygynyň dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegi degişlidir. Şu ýyl türkmen halky üçin aýratyn üýtgeşik ýyl boldy. Türkmenistan Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şöhratly senesini belleýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2016-njy ýyl ýurdumyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Bu gün hem türkmen halky ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde belent sepgitlere ýetmek, durmuşyň ýokary derejelerini gazanmak, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan öz başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçiliklerini döretmek maksatlaryndan ugur alyp, milli ýörelgelerimiziň esas dörediji binýadynyň daşynda jemlenip, öz däp-dessurlaryny aýawly saklaýar hem-de ösdürýär. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda ýurdumyzda geçirilen Ýaşulular Maslahatynda Hormatly Prezidentimiz döwlet ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmäge ünsi güýçlendirmelidigini belläp geçdi. Geçen ýylyň iýun aýynda BMG-ň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezalýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 554-si guruldy hem-de işe girizildi. Umumy meýdany 35 milion inedöldül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň umumy ýaşaýyş meýdany bilen üpjünçiligi 23.2 inedöldül metre ýetýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaky görkezijiden iki esse ýokarydyr. Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 milion tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Bu bolsa 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4 esse köpdür. Elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7%, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artdy. Dokma pudagynyň kärhanalarynda 2015-nji ýylda 120 000 tonna nah ýüplük, 209 milion inedöldül metr nah mata öndürildi. Olaryň möçberi 1991-nji ýyldaka garanyňda degişlilikde 24,4 we 7 esse köpeldi. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1995-nji ýyl bilen deňeşdirende 8 esseden gowrak ösdi. Biziň döwletimiz dünýäniň 100-den hem köp ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Oba-hojalygynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Şu ýyl ýygnalan ak bugdaýyň möçberi 1 million 600 müň tonnadan hem geçdi. Bu bolsa 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8 essä golaý köpdür. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi. Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” transmilli gaz geçirijisi boýunça iberilýär. Türkmenistan-Owganistan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem girişildi. Ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda düýpli özgertmeler dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dabaraly açylmagy muňa şaýatlyk edýär. Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek maksady bilen milli sport ulgamy mundan beýläk hem ösdüriler. Şu maksat bilen, iň täze we kämilli usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny peýdalanmaly. Tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin milli hünärmenleri daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmelidir. Ýaňy-ýakynda Kyrgyzystan respublikasynda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, şa sowgatlaryna mynasyp boldular. Maliýalaşdyrmagyň ähli çeşmeleri boýunça 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlaryň möçberi 42,7 milliard manada barabar bolar. Şonuň 34,4 milliard manady ýa-da 80,5%-i önümçilik desgalaryny gurmaga goýberiler. Mundan başgada 8,3 milliard manady ýa-da 19,5%-i önümçilik bilen bagly bolmadyk desgalary gurmaga gönükdiriler. Täze ýylyň maýa goýumyň maksatnamasynda 400-e golaý desgany, şol sanda önümçilik maksatly 270, durmuş maksatly 130 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda umumy meýdany 1,2 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar. Mundan başga-da, 17 müň orunlyk umumy bilim berýän mekdepler, 4 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar baglary, 1200 orunlyk hassahanalar, birbada 3400 adamy kabul etmäge niýetlenen saglyk öýleri we merkezleri ulanmaga berler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat-ata-Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň Röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk hem gülläp össün! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak, ýurdy abat, il-ýurt bähbitli , dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir