•Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim? •Dünýäde ilkinji pagta nirä ekildi? •Remezanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme? •Çäýnek käsä näme diýipdir? •İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin? •Elipbiýiň birinji üç harpy näme? •Pižama geýen eşege näme diýilýär? •Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme? •Haýsy gaba suw guýulmaýar? Nollyk sekizlige näme diýipdir? 1-lik ýedilige näme diýipdir onda? Ine men palaw bişirjek, hemme zadym bar, öňümde ine ullakan gazan bar, içine ilki bilen näme atmaly?
Geli birazajyk pikirleneýliň.
-
gormegey
8 years ago
- Hm jogap yazmalymy.
-
elis
8 years ago
- Bilmän iýseň, Oraza bozulmaýa. Ogurlamak sözi ogurlar. Deşik gaba suw guýulmaýar. Sanlar tükeniksiz bolýa, ýöne bu jogap ýalňyş bolsa sorry. Palaw bişirmek üçin ilki içine azajyk ýag guýup eti gowurmaly soň üstünden sogan atmaly onuň üstünden käşir guýmaly. Üstünden suw guýup gaýnatmaly. Soňra tüwini guýup buglamaly. Onsoň bişer alyp iýibermeli, bagyşlaň men ýöne o diýen düşündirip bilemok.
-
AyaGuneTay
8 years ago
- Ay jorajan, nambolsada palaw bishirmani bilyan ekenina. Mena nahar bishirip bilmeyan.
-
elis
8 years ago
- Men ähli nahary bişirip bilýän, bişirip gördümem, ýöne diňe palawy bişirip görmedim. Onam nesip bolsa bir gün barlap görjek.
-
AyaGuneTay
8 years ago
- Men yumurtga, anakom bishirip bilyan. Basga naharlary bishirip bilemok. Palawa yol bolsun. Gelnejem bishirya bizde.
-
Noveske
8 years ago
- •Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim? Aralaryndaky kellesi iň uly adam geýýär.
•Dünýäde ilkinji pagta nirä ekildi? Topraga.
•Remezanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme? Bilmän iýmek.
•Çäýnek käsä näme diýipdir? Sen bolmasaň içimi kime dökerdim.
•İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin? Çaý sowasyn diýip.
•Elipbiýiň birinji üç harpy näme? ELI
•Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme? Türma düşmek.
•Haýsy gaba suw guýulmaýar? Aýakgaba.
Nollyk sekizlige näme diýipdir? Owadan kemeriň baraý.
1-lik ýedilige näme diýipdir onda? Owadan saçyň baraý.
Ine men palaw bişirjek, hemme zadym bar, öňümde ine ullakan gazan bar, içine ilki bilen näme atmaly? Nazar atmaly, gözatmaly (arassamy, dälmi, ýuwmalymy, ýuwmaly dälmi).
Haýsy iki döwletiň arasyndaky serhetleri dünýäde iň güýçli? Hindistan we Hytaý, aralarynda gimalaý bar, hatda guşlar hem gaty kynçylyk bilen geçýärler.
Telefondaky ähli sanlaryň jemi näçe? 45
Telefondaky ähli sanlaryň köpeltme jemi näçe? 0 (1*2...9*0=0)
-
elis
8 years ago
- Noveske bu paçti şto anegdot.
-
elis
8 years ago
- Noveske bu paçti şto anegdot.
-
AyaGuneTay
8 years ago
- Bravo!!! Gaty gowy bolupdyr Jemshit. Gulup yykyldym.
-
asgabatda
8 years ago
- Pikir yok
-
elis
8 years ago
- Aşgabatda sende haçanam bolsa bir gün pikir dörärmi.
Noveske 8 years ago- Haýsy iki döwletiň arasyndaky serhetleri dünýäde iň güýçli?
Telefondaky ähli sanlaryň jemi näçe?
Telefondaky ähli sanlaryň köpeltme jemi näçe?