24-nji iýul Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginiň çäklerinde gurlan Döwletli zaman şäherçesiniň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu şanly waka "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm tapgyrdyr. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde welaýatlarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriň kemala getirilmegine iri maýa goýumlary gönükdirilýär, ol türkmenistanlylaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin aňrybaş şertleri üpjün etmäge ýardam berýär. Watanymyzyň dürli künjeklerindäki täze obalar milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň anyk netijeleridir. Ýakynda bu mynasybetli Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem dabaralar guraldy. Bu gün bolsa nobatdaky binagärlik-gurluşyk taslamasy amala aşyrylýar, ol halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň parahat hem asuda durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýändiginiň subutnamasydyr. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary täze obanyň çägindäki ýörite meýdança gonýar, täze oba Mary şäherinden takmynan altmyş kilometr günbatar tarapda ýerleşýär. Bu ýerde uly baýramçylyk ýagdaýy mynasybetli ak öýler bezelipdir, aýdym-saz ýaňlanýar, tanslar, milli oýunlar ýerine ýetirilýär. Ajaýyp ahalteke bedewlerinde elleri baýdakly çapyksuwarlar baýramçylyk görnüşinde bezelen gelinli kejebeli toý kerwenini ugradýarlar. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, beýleki myhmanlar ýygnandylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza milli lybasly gyzlar gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz täze oba barýan ýolda gurnalan belent derwezäniň ýanyna barýar. Milli Liderimizi şatlykly garşylan körpe nesil goşgulary labyzly okaýarlar. Mary welaýatynyň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: şowhunly el çarpyşmar astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, Döwletli zaman şäherçesini açýar, munuň özi milli Liderimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Hoş owazly aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanmagynda hormatly Prezidentimiz obanyň ýaşajyk ýaşaýjylary bilen bilelikde, giň köçeleriň ugrundaky göni hatarly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugraýar. Bu gün obanyň çäklerinde uly türkmen toýy tutulýar, halkymyzyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny özünde jemlän döredijilik çykyşlary dabara gaýtalanmajak özboluşly äheň berdi. Tutuş ýoluň dowamynda medeniýet hem-de sungat işgärleri, folklor toparlary milli Liderimizi aýdym-sazlar we tanslar bilen garşylaýarlar. Toý-tomaşanyň bezegi bolan bagşylar dutarda ussatlyk bilen saz çalyp, gadymy dessanlary ýerine ýetirýärler. Ýoluň ugrunda hatara düzülen täze obanyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýar. Ozal habar berlişi ýaly, häzirki zaman medeni-durmuş düzümlerini özünde jemleýän täze obalaryň gurulmagy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. 2013-nji ýylda “Jemgyýet” geňeşliginiň çäklerinde gurluşygyna badalga berlen Döwletli zaman täze şäherçesi hem munuň aýdyň mysalydyr. Indi bu tarp ýerlerde adam eli bilen döredilen ajaýyp binalara beslenen hem-de bagy-bossanlyga bürelen häzirki zaman ýaşaýyş toplumy peýda boldy. Onuň umumy meýdany 100 gektara deňdir. Taslama laýyklykda, bu ýerde köpsanly dürli maksatly desgalary gurmak göz öňünde tutuldy, onuň düzümine ähli amatlyklary bolan, her biri aýratyn maşgala niýetlenilen bir gatly jaýlaryň 284-si girýär. 320 orunlyk ajaýyp mekdep obalylaryň aýratyn buýsanjydyr. Onda oba ýaşlarynyň ýokary hilli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilim almagy, ruhy taýdan baý we berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Başlangyç synplar hem-de dürli okuw derslerini – matematikany, fizikany, biologiýany, himiýany we beýlekileri öwrenmek üçin okuw otaglary interaktiw hem-de beýleki ýörite enjamlar, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde göwnejaý enjamlaşdyrylan barlaghanalar, kompýuter we lingafon otaglary, şeýle hem mekdep okuwçylaryna zähmet endiklerini öwretmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Mekdepde degişli türgenleşik gurallary hem abzallary bilen üpjün edilen sport zallary, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalar bar. Ajaýyp Medeniýet öýi täze şäherçäniň ýaşaýjylarynyň ygtyýaryna berildi, onda çeper döredijiligi ösdürmek, ilaty, şol sanda ýaşlary sungat dünýäsine çekmek, milletimiziň örän baý taryhy, medeni mirasyny wagyz etmek üçin aňrybaşy şertler we mümkinçilikler bar. Binanyň düzüminde 200 orunlyk tomaşa zaly, aýdym-saz we tans çykyşlaryny guramak üçin, şeýle-de şekillendiriş sungaty we beýlekiler bilen meşgullanmak üçin göwnejaý derejede enjamlaşdyrylypdyr. Oba Saglyk öýi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, iň täze ýörite lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir, bu bolsa oba ilatyna şäherleriň lukmançylyk edaralarynyň derejesinden kem bolmadyk ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Täze binada maşgala lukmanlarynyň otaglary, EKG, UZI, rentgen, barlaghana, bejeriş, gündizki ýatymlaýyn bejeriş otaglary we dermanhana bar. Obanyň durmuş hyzmatlar öýi, 500 orunlyk iki gatly “Toý mekany” hem şäherdäki şunuň ýaly binalardan kem däldir. Mundan başga-da, bu ýerde geňeşligiň edara binasy we 500-den gowrak telefon belgili ATS-li aragatnaşyk bölümi, poçta, öýjükli we internet hyzmatlaryny amala aşyrar. Amatly internet kafe hem oba ýaşlarynyň iň köp gelýän ýerine öwrüler. Bazar, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň birnäçesi täze obanyň ýaşaýjylaryna degişli hyzmatlary üpjün eder. Bu ýerde şeýle hem çörek we çörek önümleri, et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň binalary ýerleşýär. Obada zerur bolan ulag we inžener-tehniki düzümler çekildi, olar awtomobil ýollaryny, suw geçirijilerini, lagym we elektrik geçiriji, gaz geçiriji ulgamlary, suw arassalaýjy desgasy bolan suw sorujy bekedi özünde jemleýär. Täze şäherçäniň amatly ýerde ýerleşendigini bellemek gerek, onuň golaýyndan Mary-Aşgabat awtomobil gara ýoly geçýär. Mälim bolşy ýaly, Mary welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary ýerleşýär, olaryň hatarynda halkara bi lermenleriniň baha bermegine görä, ägirt uly “Galkynyş” gaz käni bar. Welaýatda kuwwatly gazy gaýtadan işleýän hem-de energetika desgalarynyň, gaz geçirijileriň hem-de elektrik geçirijileriň giň ulgamy döredildi, munuň özi oba ýaşaýjylaryny tebigy gaz hem-de elektrik togy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze oba “Hanhowuz” suw howdanynyň zolagynda ýerleşýär, bu bolsa suw bilen üpjünçiligiň ygtybarly kepilidir. Şeýlelikde, bu ýerde köpugurly oba hojalygyny ösdürmek, gaýtadan işleýän önümçilikleriň ösdürilmegi, ýüzlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin şertleri emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde obanyň köçeleri bilen ýöräp, bu ýerde gurlan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryna tarap barýar, olarda ýaşaýjylaryň amatlyklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Obanyň täze ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlaryň çäksiz şatlyk duýgularynyň alamaty ähli ýerde duýulýar, dürli dillerde aýdym-saz ýaňlanýar we tanslar ýerine ýetirilýär, oba ýaşaýjylarynyň hatarynda dürli halklaryň wekilleri bar. Doganlyk özbek halkynyň milli lybaslaryna beslenen adamlaryň birtopary milli Liderimiziň ünsüni çekýär. Olar - özbek maşgalasynyň agzalary öz myhmanlary bilen täze şäherçäniň köçelerine çykyp, olaryň obasyna mübärek gadyamyny basan hem-de täze jaý toýuny tutýan ýaşaýjylaryň şatlygyny paýlaşmaga gelen döwlet Baştutanymyzy uly joşgun bilen garşylaýarlar. Olar ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şunuň ýaly täze obalaryň açylyşynyň barşynda özbek we gazak maşgalalaryna baryp görşüni ýatladylar, olaryň maşgala agzalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň doly hukukly raýatlary bolup durýarlar. Şu gün bolsa hormaily Prezidentimiz täze öýe göçüp gelen rus maşgalasynda myhmançylykda boldy, bagtyýar öý eýeleri hem-de olaryň myhmanlary rus saz gurallary balalaýkada we garmonda kadril tansyny ýerine ýetirldiler. Öý eýesi – ýaş ýigit döwlet Baştutanymyzy çuňňur hormat bilen garşylap, öýe girmäge çagyrdy. Milli Liderimiz öýe girip, otaglaryň göwnejaý bezelişine üns berdi. Öý eýesi hormatly Prezidentimizi maşgala agzalary bilen tanyşdyrdy. Onuň aýaly Marýam birnäçe ýylyň dowamynda tikimçi bolup işleýär. Gyzy Walýa mekdepde okaýar, ogly Alekseý bolsa çagalar bagyna gatnaýar. Olaryň ählisi maşgalada täze bäbegiň peýda bolmagyna garaşýarlar. Maşgalabaşy Boris “Türkmentelekomyň” welaýat bölüminde işleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze öýde nähili ýerleşendikleri baradaky soragyna Boris jikme-jik jogap berdi, täze öýde amatly bäş otagdan başga-da, örän giň we göwnejaý enjamlaşdyrylan aşhana, howlyda bolsa awtoulag üçin jaý bar. Ol şeýle hem taslamaçylaryň oba ýşaýyş durmuşynyň aýratynlyklaryny hasaba alyp, her bir öýüň ýanynda 0,12 gektar mellek ýerini göz öňünde tutandyklaryny belledi, ol ýerde her bir ýaşaýjy öz islegine görä kömekçi hojalyk jaýlaryny gurup ýa-da bag-bakja ekip biler. Şeýlelikde, täze ýaşaýjylar ter gök önümleri we miweleri öz melleginde ýetişdirip bilerler. Täze öýüň bahasynyň gymmaty baradaky sowala Boris döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde berilýän uzakmöhletli karzdan peýdalanandygyny aýtdy: öýüň bahasynyň ondan bir bölegi öňünden tölenilýär, galany bolsa bir göterim derejede 30 ýylyň dowamynda gaýtarylýar, munuň özi ýaş maşgala üçin uly goldawdyr. Öý bikesi öz gezeginde öz işleýän kärhanasy düýpli döwrebaplaşdyrylandan soň, onda zähmet çekmegiň uly lezzetdigini – iň häzirki zaman enjamlarynyň köpsanly buýurmalary tiz hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa girdejiniň möçberiniň artmagyna oňaýly täsir edýändigini aýtdy. Täze öýe göçüp gelen maşgala döwlet Baştutanymyza oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändi gi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler, olar mundan beýläk ajaýyp öýlerde ýaşamak we çagalary terbiýeläp ýetişdirmek mümkinçiligine eýe boldular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze obanyň ýaşaýjylaryny mähirli gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, şunda jemgyýetimiziň esasy hökmünde maşgalanyň goldanylmagyna, çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada uly ähmiýet berilýändigini nygtady, türkmen halky geljekki nesli hemişe aýratyn söýgi bilen gurşaýar. Täze jaýyň ýaşaýjylaryna milli Liderimiz gymmat bahaly sowgatlar gowşurdy we olaryň haýyşy boýunça öý eýeleri bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze oba bilen tanyşlygyny dowam etdi, ýollaryň ugrunda halkymyzyň milli ýörelgelerini hem-de toý dessurlaryny, şol sanda jaý toýuny, dürli maşgala dabaralaryny, çaganyň dogulmagyndan başlap, uly ýaşly adamlaryň – akgoýun toýy bellenilýän pygamber ýaşyna ýeten ynsany sarpalamaga çenli dessurlary özünde jemleýän köp öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem täze şäherçäniň çäklerinde bäbek toýy, çaga at dakmak, çaga ilkinji diş çykmagy bilen baglanyşykly dessurlaryň ýerine ýetirilişini görmek bolýar. Körpe ýörjen-ýörjen bolup, mähriban toprakda ilkinji ädimleri äden, galpak toýy bilen baglanyşykly edim-goýumlaryň berjaý edilmegi türkmen maşgalalarynda çaganyň näderejede söýgi, mähir bilen gurşalandygyny görkezýär. Ýaş nesle geljekde bagtly durmuş, berk jan saglyk baradaky arzuwlar bu däp-dessurlarda öz beýanyny tapýar. Ýolugra hormatly Prezidentimiz aksakally ýaşulularymyz bilen hal-ahwal soraşdy. Milli Liderimiz ýaşuly nesliň wekillerini täze döwrebap şäherçäniň açylmagy bilen gutlady. Parasatly ýaşulularymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän aladasy üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Soňra döwlet Baştutanymyz kümüş saçly mährem enelerimiz bilen salamlaşyp, olaryň iş-aladalary, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy bilen gyzyklandy. Maşgala ojagynyň sütüni hasaplanýan enelerimiz halkymyzyň abadançylygy hem-de bagtyýar durmuşy barada edýän ýadawsyz aladasy, türkmen obasyny ösdürmek hem-de oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleri görýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Gadymy däp-dessurlaryň çeper döredijilik usullary arkaly asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten halk aýdymlary, şeýle hem häzirki zaman aýdymlar ýaňlanýar. Ajaýyp öwüşginli lybaslar, milli saz gurallary, dünýäniň dürli halklarynyň joşgunly tanslary, olary ýerine ýetirýänleriň sazlaşykly hereketleri uly täsir galdyrýar. Şol sanda asly eýranlylar bolan – köp milletli Watanymyzyň raýatlarynyň ýerine ýetirmeginde pars halk tansy ýerine ýetirildi. Bu ýerde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýazyşy ýaly, doganlyk däpdir, dostluk kanundyr. Deprekçiler we skripkaçylar toparlarynyň çykyşlary dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi, olaryň ýerine ýetirmeginde dünýä we nusgawy saz hazynasynyň ajaýyp owazlary ýaňlandy. Şäherçäniň çäklerinde dürli sergiler, şol sanda halk amaly-haşam, zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryndan ybarat işleriň toplumlary görkezildi. Türkmen zergärleriniň zehini hem-de döredijilik ylhamy bilen döredilen şaý-sepler milli lybaslaryň aýrylmaz bölegidir. Olar bilen däp boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri hem bezelýär. Hyzmatlar öýüniň öňündäki meýdançada elinden dür dökülýän ussalaryň “şäherjigi” emele geldi, bu ýerde saz gurallarynyň ýasalyşyna, keçeleriň basylyşyna, täsin türkmen halylarynyň dokalyşyna, halk senetçiliginiň beýleki serişdeleriniň taýýarlanylyşyna syn edip, hakyky lezzet almak hem-de ata-babalarymyzyň döreden nepis sungatyna buýsanç duýgusyny başdan geçirmek bolýar. Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, ýakynda goşa gelin edinen maşgalanyň öýüne barýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzda durmuş toýy halk däp-dessurlarynyň täsin öwüşginlerine beslenýär, olarda özüniň gadymy medeni köklerine hem-de maşgala gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgesiniň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Goşa toý tutýan bagtly öý eýeleri milli Liderimizden olaryň hormatly myhmany bolmagyny haýyş edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýe girip, onuň otaglarynyň ýerleşişi we gurluşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz oba maşgalasyny tutýan toýlary bilen gutlap, olaryň täze ýerde nähili ýerleşendigi bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz toý tutan ýaşlary – ekiz doganlary, olaryň gelinlerini hem-de dogan-garyndaşlaryny gutlap, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ýörelgelere laýyklykda täze maşgalalara berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ýyllaryň dowamynda bile ömür sürüp, söýgä, hormata, mähir-muhabbete ýugrulan maşgala durmuşyny arzuw edýär. Agzybir türkmen maşgalasynyň bikesi döwlet Baştutanymyza uzak zähmet ýoluny geçendigini, emma şatlyk, buýsanç we bagt nuruny çaýan häzirki döwürdäki ýaly ruhubelentligi başdan geçirmändigini aýtdy. Ol ýurdumyzda ýaşuly nesliň, eneleriň, maşgala sarpasynyň belent tutulýandygyny, bu asylly däpleri ýaşlara öwüt-ündew edýändigini belledi. Uly we dostlukly türkmen maşgalasynyň enesi halkymyzyň bagtyýarlygy, abadan durmuşy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin mähriban Arkadagymyza ene ýüreginden çäksiz hoşallyk bildirdi. Türkmençilikde käsedäki çaýda boýçy bar bolsa, ony halkymyz döwletli myhman gelýär, öýümize döwlet getirýär diýip, ony ýagşa ýormak dessury bar. Bu ýerde hem şeýle boldy. Maşgala agzalary çaýly käsedäki goşa boýçyny görüp, munuň özi rysgal-döwletiň, rowaçlygyň, abadançylygyň alamaty diýip, bu ýagdaýa örän begendiler. Öý eýeleri döwlet Baştutanymyza halk barada edýän ýadawsyz aladasy, oba ilatyna döwrebap eşretleriň elýeterli bolmagy babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz täze öý eýeleri bilen hoşlaşyp, döwletimiziň mundan beýläk-de obanyň durmuş-ykdysady düzümini has-da ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini aýdyp, olara bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi hem-de şanly waka mynasybetli sowgatlary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz şäherçe bilen tanyşmagyny dowam edip, ýerli saglygy goraýyş işgärleriniň dabara gatnaşyjylara milli Liderimiziň “Çaý -- melhem hem ylham” kitaby esasynda taýýarlanan dürli çaýlary hödür edýändigine üns berdi. Mälim bolşy ýaly, otlaryň melhemlik häsiýetleri Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltlik ensiklopediýasynda jikme-jik beýan edildi. Ýurdumyzda ýakynda giňden bellenilip geçilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 8-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze şäherçede gurlan, 160 körpe üçin niýetlenen döwrebap çagalar bagyna baryp gördi. Bu ýerdi milli Liderimizi şadyýan körpeler joşgunly aýdymlarydyr tanslary, goşgulary bilen garşyladylar. Çagalar bagynda ýaş toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi, sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Mekdebe çenli täze edaranyň iki gatly binasynda amatly mebeller, döwrebap tehniki enjamlar we zerur okuw serişdeleri bilen üpjün edilen okuw otaglary, ýagty we giň ýatylýan otaglar ýerleşdirildi. Körpeleriň ygtyýarynda lingafon we kompýuter otaglary, aýdym-saz zaly we çaga türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen sport zaly bar. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň beden taýdan taplanmagy, arassa howada oýnamagy üçin çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde oýun oýnalýan meýdançalar, açyk howuz guruldy. Şeýle hem bu ýerde degişli derejede üpjün edilen lukmançylyk otagy bar. Bu ýerde başga-da birnäçe degişli desgalar, şol sanda zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen aşhana we egin-eşik ýuwulýan bölümler göz öňünde tutuldy. Özbaşdak energiýa, suw we ýylylyk üpjünçilik ulgamlary çagalar bagynyň üstünlikli işlemegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde körpeleriň meşhur telegepleşikleriniň biriniň esasynda ýerine ýetiren sahnalaryna kanagatlanma bilen tomaşa edip, olar bilen gürrüňdeş boldy, çagalaryň ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, näme bilen meşgullanmagy halaýandyklaryny, täze çagalar bagynyň olarda galdyran täsiri barada sorady. Milli Liderimiz bilen duşuşyga begenen körpeler bolsa, öz nobatynda, öz bilimleri we kompýuterde işlemek başarnygy, goşgulary labyzly okamagy, aýdym aýtmagy we tans etmegi bilen milli Liderimizi guwandyrdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwletli zaman täze şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli çagalar bilen bilelikde surata düşdi hem-de Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Milli Liderimiz bu döwrebap obanyň çäginde gurlan seýilgäh zolagyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, geljekki ajaýyp seýilgähiň döredilmegine badalga berdi. Bag ekmek işine baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň hemmesi goşuldy. Hormatly Prezidentimiz bu çärä gatnaşyjylara hem-de täze jaý eýelerine jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Şeýlelikde, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda täze obanyň açylmagy parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazyp, şanly wakalaryň birine öwrüldi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” oba hojalyk özgertmelerini amala aşyrmagyň täsirli guralynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, onuň çäklerinde eýýäm täze türkmen obasynyň hem, oba hojalyk - senagat etrabynyň hem özboluşly nusgalary anyk keşbine eýe bolup, möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Şeýlelikde, ekin meýdanlarynyň hem-de öri meýdanlaryň giňelmegi netijesinde, ekerançylyk we maldarçylyk öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldular. Degişlilikde, dokma, azyk we senagatyň beýleki pudaklarynyň çig mal binýady hem berkeýär. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen gös-göni baglydyr. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze zawodlary we fabrikleri, gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmaga uly möçberli serişdeler gönükdirilýär. Gurluşyk, dag-magdan senagaty hem uly goldawa eýe boldy, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanýan gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna eýe boldy. Welaýatlary ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga döwlet, şeýle hem dürli ugurly hususy kärhanalar gatnaşýarlar. Obanyň hajatlary üçin oba hojalyk tehnikalary, awtobuslar, ýük awtoulaglary we beýlekiler satyn alynýar. Goşmaça maliýeleşdirmekden başga-da, bularyň hemmesi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilaty iş bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Durmuş derejesi—bu arassa ekologiýa, adamlaryň netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin oňat şertlerdir. Şu maksat bilen şäherlerimizi we obalarymyzy bagy-bossanlyga büremek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler ýaýbaňlandyryldy. Serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, medeni - dynç alyş we sport merkezleriniň işleri kämilleşdirilýär. Obany ösdürmek durmuşyň täze alamatlary, şeýle hem özüniň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba ýaşaýjylary ata-babalarymyzyň wesýet eden genji-hazynalarynyň – aýdym-sazynyň, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň, küýzegärçilik işiniň, atşynaslygynyň hakyky mirasdüşerleri bolmak bilen, olara däbe öwrülen senetleri, özboluşly halk döredijiligini ösdürmek babatda maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazananlaryna aýdyň şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzyň alys künjeklerinde ýaşaýan raýatlary üçin häzirki zaman siwilizasiýasynyň eşretlerine öwrülip, olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň gerimi hem gülläp ösýän, kuwwatly döwlet bolmak ýaly beýik maksatlara laýyk gelip, bu ýerde ähli raýatlarymyz, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin örän amatly şertler üpjün edilendir. *** Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň howa menzilinde Mejlisiň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimliginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine halkara gatnaşyklary hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda uly ähmiýete eýe bolan ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da giňeltmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Hususan-da, innowasion tehnologiýa we telekeçilige, geosyýasy derejeli taslamalara maýa goýumlaryna üns bermek bilen, ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy, şeýle hem dünýä bazarynda meýilleriň ýagdaýy seljerildi. Häzir dünýäde goşulyşmak işi jemgyýetiň ähli ugurlaryny, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti gurşap alýar. Milli Liderimiz munuň islendik ýurduň bäsdeşlige ukyplylygynyň strategiki serişdesi bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, şol sanda himiýa, dokma pudagynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýurdumyzy iri ulag-üstaşyr merkeze öwürmegiň örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamyna hem-de logistik ulgamy döretmäge möhüm orun berilýär. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamaga berk gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz munuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esasy şert bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň raýatlarynyň asuda durmuşyny üpjün etmek, düzgün-tertibi saklamak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek meselelerine ünsi çekdi. Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan meseleleri üstünlikli çözmek üçin möhüm şertleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu düzümleriň gullukçylarynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky esasy wakalara gatnaşmagy, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin zerur şertleri döretmek, kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde garalan meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyryp, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň 25-nji iýuldan nobatdaky zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy we hemmelere oňat dynç almagy arzuw etdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir