Goňşy obaly Gurban agalar indi bäşinji ýola sawçylyga gelipdiler. Arzygül gelneje-de baş bererli däldi: ol ýeke-ýalňyz gyzy Bahary özüniň doganoglanynyň ogluna durmuşa çykarsam diýen niýetinden el çekmek islänokdy. Şonuň üçin her gezek olaryň ýüzüni alyp goýberýärdi. Ol gyzy we garry ene öýde ýok pursatyndan peýdalanyp, sawçylaryň badyny alaryn öýdýärdi. Geň ýeri, söz aýdyjylar welin, hiç zat bolmadyk ýaly ýene gelýärdiler. Arzygüliň gahary içine syganokdy. Söz aýdyjylaryň arasyndan has ekabyrragy Sonagül eje ara düşen dymyşlygy bozdy: -Arzygüljan, bu bolşuň-a bolýan ýagdaý däl öz-ä. Size gatnamakdan ýaňa biziň köwşümiz ýolda tozaýjak öýdýän. Şu sapar kesgitli sözüňi aýt, bizi beýdip kösäp ýörmegiň gelşiksiz ahyryn. -Wiý, muny, näme, size çakylyk-gaýry ýollapdyrysmy? Gelen özüňiz, gitseňiz, giden hem özüňiz borsuňyzda. -Waý-eý, beý diýmäweri, Arzygüljan, il näme diýer,-Ýaşy gaýdyşan Güljahan eje söze goşuldy. Köşeşeweri, heý-de, beýdip geleniň ýüzüni alyp durmak bolarmy?! “Gyz-kişi perzendi” diýilmänmidir näme?! Sawçylyga çakylykly gelinýän däldir. Hawa, özümiz idäp geldik, ýöne ur-tut, soragsyz-idegsiz gelemzok, gyzyň bilen biziň oglanymyzyň biri-birinde göwni bardygyna magat göz ýetirenden soň geldik. Arzygül onuň sözüni böldi: -Wah-waheý, syrçaňyz suw götermeýän bolsa, baryň ötä gidiweriň. Gyzym heniz ýaş, oglanda göwni bolardan heniz ir. Bar, gyzym oglanyňyzy tanaýar hem diýeli, tananda näme? Bir günde tanan bolsa, iki günde-de unudar. Şol pursat gapydan giren ýaşy togsandan agan garryja enäni görüp, myhmanlar güsürre ör turdular. Sähragözel enäniň şu wagt Aşgabatdan gelip durşudy. Ol paýtagtda bir aýa golaý wagtlap saglygyny bejerdipdi. Çowlugy Bahar hassahanada garry enesiniň ýanynda bolupdy. Garry ene heniz-henizler ysgyn-mydardan aýryljaga çalym etmeýärdi. Onuň ýüz-gözinden dogumly häsiýetiniň bardygy mese-mälim duýulýardy. Salam-helikden soň ol gelniniň ýüzüne siňe seretdi. Enäni gören gelniň eýýäm bady gowşaşandygy syzylýardy. -Enesi, sag-aman geldiňizmi? Myhmanlar-a çowlugyňyza söz aýdyjy bolup gelipdirler. Meniň-ä aklym çaşdy. Baharjan heniz juda ýaş ahyryn. Siz öýde bolmanyňyzsoň, belli gepem aýdyp bilmedim diýip, Arzygül gelneje üsgürünjiredi. -O nähili belli gep? Bular näçe ýola gatnaýarlar?-diýen enäniň gaharlanandygy sesinden-de duýlup durdy. -Sähragözel ene, şu gün biziň bäşinji sapar gelşimiz-diýip, Güljahan eje hamsykdy. -Hä-äý, gep mundan çykd-ow. Bü-ýä gowy bolmandyr, ýöne bu saparam sizi boş gaýtarmaly boljak. Geljek hepde-de habar alaýyň, şonda anyk we gutarnykly jogabyňyzy hökman bereris. Soňam nesibe-takdyr diýleni-de bar ahyryn. Ýyldyzlary goşulan bolsa, enşalla, ähli zat oňuna-da bolar-diýip, garry ene mylaýym ýylgyrdy. “Hernä şeýle bolaýýa-da” diýip, söz aýdyjylar gaýtmak bilen boldular. Arzygül gelnejäniň welin ýüzi bulutly asman ýaly, gamaşyp durdy. Sähragözel enäniň sag-aman Aşgabatdan dolanyp gelendigini eşiden ähli ogul-gyzy, agtyk-çowlugy garry enäniň öýüne ýygnanypdylar. Garry enäniň ýanynda agtygy Ahmediň maşgalasy-da ýaşaýardy. Ene bu agtygyny özi ulaldypdy. Sebäbi ogly Kasym we gelni Jahansoltan pajygaly ýol hadysasy zerarly biwagt aradan çykanda, Ahmet heniz alty ýaşlaryndady. Garry ene agtyk-çowluklaryny ýekän-ýekän bagryna basýardy, saglyk-amanlyk soraşýardy. Soňra saçak başyna üýşülip, bilelikde nahar edinildi. Nahar-çaýdan soň uly ýaşlylary beýleki otaga çagyrdylar. Olar aýratyn jaýda ýazylan saçagyň başyna ýygnandylar. Hemmeler nähilidir bir maslahatly gürrüňiň boljakdygyny aňýardylar. Ine-de, garry ene öýe girdi. Ol arkaýynlyk bilen ornaşykly oturdy. Piýala guýlan gök çaýdan owurtlady-da söze başlady: -Ogullarym, gyzlarym, gelinlerim, agtyklarym, siziň agzybirligiňizi synlap doýup bilemok. Elmydama agzybir bolmaklygy ýene-de bir gezek sargyt edýärin. Çünki garry ataňyz bireýýämler aramyzdan gitdi, meniň hem sanaglyja günüm galypdyr. Biziň maşgalamyzda bimaslahat iş edilmändi, indi hem edilmez. Ine, ýene-de bir möhüm maslahatly iş çykandyr, muny siz eýýäm aňan bolmaly. Gepiň gysgasy, Bahar gyzyma goňşy obaly Gurban mugallymlar çykyp geldiler. Siziň pikiriňizi diňlesem diýýän. Onýança garry enäniň uly ogly Akmyrat söze goşuldy: -Eje, Baharjanyň ata-enesi näme pikirde? Onsoňam gyzymyzyň özüniň-de pikirini sorasak has ýerlikli boljak-diýdi. Oturanlar ýerli-ýerden makullap baş atýardylar. -Meniň-ä garşylygym ýok welin, Arzygül gelniňiz oňlap baranok-da-diýip, Ahmet aýalynyň ýüzüne seretdi. Hemmelerem indi Arzygüle bakýardylar. -Bahar gyzymy irden bäri doganoglanym Bibinurlar göz astyna alyp ýördüler-dä. Soňam “Özüňki-öldürmez, ýat-güldürmez” diýipdirler. Ýalňyz gyzymy özümiňkilere ýerläýsem, ynjany-aglany bolmazmyka diýýän-diýip, Arzygül öz pikirini aýtdy. -Düşnükli, emma gyzyň näme diýýär?-diýip, garry ene agtygynyň we gelniniň ýüzüne soragly seretdi. Ahmedem, Arzygülem dymýardy. Ahyry Bahary bärik çagyrmaly diýen netijä gelindi. Bahar içeri girende, onuň ýüzi lap-lap gyzýardy. Gyz aşak garap dymyp otyrdy. Ol bolýan gürrüňden habarlydy. Düýn ejesi oňa:”Gyzym, meni razy etjek bolsaň, garry eneňe şol Gurban mugallymyň ogluna razy däl diýip aýtmalysyň. Jan gyzym, Bibinur daýzaňyň ogly Saparyň nämesi kemmiş? Galyberse-de, olar ýat däl, özüň ynjamarsyň” diýipdi. Ine, indi bir tarapda ejesi durka, beýleki tarapda-da ýalňyz söýgülisi Döwran durka, bahar näderini bilenokdy. Bahar esli wagt dymdy durdy, ondan ýeke sözem alyp bilmänsoňlar, ahyry oňa jogap bermeli boldular. Bahar jaýdan çykyp barýarka garry enesiniň ýüzüne syrly bakdy, enäniň ýüregi syzlap gitdi, ol bir zady aňan ýaly boldy. -Ýagdaýy gördüňiz dälmi? Diýmek, gep Baharjanyň özünde galdygy bolýar-da? Gyzymyz näme diýse, şonam siz oňlarmysyňyz?-diýip, ene oturanlara ýüzlendi. Olar ýerli-ýerden razylaşýandyklaryny aýtdylar. Bu gürrüň şeýdip tamamlandy. Garry ene Baharyň bolýan otagynyň gapysyna gelende üsgürinjiredi. Muny eşiden Bahar tisginip ýerinden turdy, hasyr-husur gözýaşyny süpürip, gapa tarap ýöneldi. Ene içerik giren dessine Bahar onuň gujagyna gysmyljyrady. Ol ýene-de aglaýardy. -Hany, gyzym, köşeş, aglamagyňy bes et. “Müň agy bir iş bitirmez” diýipdirler, aglanyň bilen ähli zat gülala-güllük bolaýan bolsa, jahanda müşgil zat galmazdy. Gowusy, sen maňa bar zady gürrüň ber. Ýogsa-da, ynsan diýleni iki halatda aglaýan bolmaly, birinjisi-öte begençde, ikinjisi-öte gynançda. Sebäbi pygamberimiziň aýdyşy ýaly, ynsan ýüregi erände, gözlerinden dökülýärmiş. Seniň gözýaşlaryň begençdenmi ýa gynançdan, balam?-diýip, garry ene Baharyň nogta ýaly şar-gara saçlaryny mähir bilen sypady. Bahar esli salym dymyp oturansoň, bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermäge durdy. Ol Döwran barada gürrüň berende, utançdan ýaňa ýüzi lap-lap gyzdy. Ýöne alaçsyz bolansoň öz duýgusy barada garry enesine gürrüň bermeli boldy. -Men bir zady syzýardym welin, hak eken, gör-le muny, seniň göwün bereniň hut şol Gurbanyň ogly eken-dä. Wah, onda näme üçin razy diýäýmediň, balam?-diýip, garry ene geň galyjylyk bilen sorag berdi. -Wah, neme-le, ene jan, näme diýsemkäm? Wah, ejem garşy ahyryn, onsoň näderimi bilmedim-dä-diýip, Bahar aljyraňňy jogap berdi. -Hüm-m, diýmek, ejeň garşy, şeýlemi? -Hawa-da. -Ol saňa näme diýdi? -Hä... wiý, neme-le... Baharyň bir zady ýaşyrýandygyny aňan ene ony gyssap ugrady. -Çekinme, balam, maňa bar zady aýdyp bilersiň, bu biziň aramyzda syr bolup galar. -Ene jan, ejem meni razy etjek bolsaň, olara närazydygyňy aýdarsyň diýdi-dä... -Hä-äk, tüýs bolaýypdyr! Haý, Arzygül diýsäni. Gör, ol nätmekçi bolýar, öz gyzyny zor bilen özüniňkilere bermekçimiş. Ýok, sen kimi halaýan bolsaň, şoňa-da durmuşa çykarsyň, arkaýyn bolaý. Muny saňa men, garry eneň aýdýar-diýip, Sähragözel ene azmly gürledi. -Ene jan, ejemi-de ynjadasym gelenok welin, indi nähili borka?-diýip, Bahar gorkuly gürledi. -Ähli zat gowy bolar, enşalla. Türkmende:”Aşy ajygana ber, gyzy-aşygyna” diýen dana pähim bar. Ejeňiň hälki maslahatda aýdan pähimi-de hakykat welin, emma zorluk bolmaly däl ahyryn. Ýogsa bir ömür ökünmeli bolar ýa-da ýüreklerde bitmejek arman galar. Ine, meň ýüregim ýaly. -O nähili, siziň ýüregiňiz ýalymyş, onda arman barmy, ene jan?-diýip, Bahar haýran galmak bilen sorady. -Ýogsa näme, wah, özem bitmejek arman galandyr, balam. Men seniň düşen halatyňda özümiň nowjuwanlygymy görýän ahyryn. Şonuň üçin meniň şol ýaşlykdaky hatamy seniň-de goýbermegiňe asla-da ýol berip bilmen-diýip, garry ene sözüne dyngy berdi. Soňra ol Bahara:”Hany, balam, men saňa bir zatjagaz sowgat edeýin” diýip, otagdan çykyp gitdi. Az salymdan yzyna dolanan enäniň golunda owadan edilip bejerilen agaç gutujyk bardy. Ene gutujygy Bahara uzatdy. -Al, balam, bu menden saňa sowgat bolsun-diýip, ene mähirli ýylgyrdy. Soňam açyp göräý-de diýen manyda ümledi. Bahar gutujygy açdy. Geň galaýmaly, şeýle owadan hem nepis elwan ýaglyk! -Ene jan, bu ýaglygyň owadanlygyny! Ony Aşgabatdan alypmydyň? Nädip maňa duýdurman alyp bildiň, ene? Sag boluň! Beýle owadan ýaglygy men asyl görmändim-diýip, Bahar juda begendi. -Elwan ýaglyk! Elwan ýaglyk! Hut şu ýaglyk meniň ömrümiň hem ykbalymyň iň arzyly pursatlarynyň, iň näzik duýgularynyň, soňsuz armanlarynyň, wysal bolmadyk arzuwlarynyň şaýady-da. Indi ol seňki. Goý, ol seniň bagtyňyň al-elwan baýdagy bolup pasyrdasyn!-diýip, garry ene gözünden syrygyp gaýdan gözýaşyny syldy. Enäniň ýygyrt atan ýüzi agraslanypdy, onuň bir zatlar hakdaky gussaly ýatlamalara çümendigi duýulýardy. Birdenem onuň ýüzi duýdansyz ýylgyryşdan nurlanyp gitdi. Garry enäni ýatlamalar ummany öz goýnuna dartýardy ... *** Güýzüň başlarydy. Obanyň uludan kiçi ähli adamlary pagta ýygymyna gatnaşýardylar. Şol ýyl gowaçanyň bitginli hasyly ýetişipdi. Sähragözel ýaňy on sekiz ýaşlaryndaky nowjuwan gyzdy. Ol joralary bilen her gün ir säherden gowaça atyzlaryna çykýardy. Pagta ýygmakda bäsleşip, wagtyň nähili geçenini-de duýmaýan gyzlar gülüşip-degişip işlänsoňlar, armany-ýadamany dagy asla-da bilmeýärdiler. Diňe süýr günortany bir döwüm çörek iýseler bolany. Onda-da garryja Hurmagül ene goýman gykuwlap çagyryp duransoň, gyzlar çaý-çörek iýmäge çykýardylar. Ol görgüli gyzlara çaý-çörek taýýarlaýardy. Onuň öz perzendi bolmansoňmy, nämemi, gaty mähirli zenandy. Gyzlary öz perzendi ýaly gowy görýärdi. Neresse her gezek:”Wah, balalarym, siz entek ene bolmaly ahyryn! Beýdip aç-suwsuz işleseňiz, soňlugy bilen saglygyňyza zeper ýeter. Wagtynda çörek iýmeli, dynç almaly ahyryn” diýip özelenýärdi. Ýaşlygyň ýelgini zerarly gyzlar onuň bu sözlerine gulagam gabartmaýardylar. Şeýdip tä garaňky gatlyşýança pagta ýygylýardy. Bir gün gowaçaly atyzda endamy lowurdap duran gara reňkli at peýda boldy. Gyzlar ony kowmaga synanyşýardylar, emma at baş bererli däldi. Şonda bir ýerden onuň eýesi-de ylgap geldi. Bu ýaş ýigitdi. Ol aty tutmaga hyýallananda, at ýene-de ümdüzine tutdurdy. Şu pursatda oglan Sähragözeliň golaýjygyna ýetipdi. Çapyp barýan atyny synlap durka oglan:”Wah, Garahan, tüýs garagol diýsäni. Ol oýun edýä-le, ýogsa soňrak özi ýanyma geljegi-de anyk ahyryn” diýip, golaýynda duran gyzyň ýüzüne bakdy. Birdenem onuň nazary göni alkymynda duran gyzyň owadan maral gözlerine düşende, onuň ini jümşüldäp gitdi. Ýaňy aty kowýarkalar Sähragözel ýüzüni örtüp duran ak ýaglygy aýransoň, onuň owadan akýagyz ýüzi açykdy. Kirpikmen gara gözleri, gyýlyp duran inçemik gara gaşlary, gyrmyzy dodagynyň ýokarragyndaky kinniwanja haly gyzyň ýüzüne juda gelşip durdy. Ýigit özüni dürsäp: -Garahan sizi gorkuzan-a däldir-dä, hernä?- diýip, gyza söz gatdy. -Ýok-la, ýöne gowaçaly atyza atyň girenini brigadirimiz Nury çolak göräýmesin. Ol gaty gazaply adam- diýip, gyz içki howatyryny daşyna çykardy. Onýança söze goşulan Nabat peri: -Aý, ýigit, atyň meniň zährämi-hä ýarandyr, gap-gara döw ýaly bolup göni meň üstüme gelse nädersiň. Ýürek tutdurmaly bolaýsam, ejeňi bize ibermeli borsuň-diýip, ýigidiň taryna kakdy. -Wah, seniň ýaly gyz ýürek tutdurjak diýse, özüm bar ahyryn, ejemi başyňa ýapjakmy?-diýip, ýigidem ondan asgyn gelerli däldi. -Özüň, ýaly ýigit tapsak, baý ýürek tutdurarys-a, haçan geljek?- diýip, Nabat jak-jaklap güldi. Bu gürrüňe ähli gyzlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Sährägözel içinden:”Waý-eý, utançsyzyň biri-dä şu Nabat peri. Şu bedroý halyna ýigit görse, eräp-akyp barşyny diýsene. Obamyzyň oglanlaram senden elli-bizar ahyryn” diýip oňa gaharlandy. Dogrudan-da, Nabada “peri” lakamy owadanlygy üçin däl-de, tersine, bedroýlygy üçin dakylypdy. Onuň gürrüňleri käteler utanç-haýany bilmeýäne çalym edýärdi. Gyzlar ondan näçe gaça dursalar-da, Nabat olardan galmaýardy. Şol arada ýigit aty bakan ylgap gitdi. At, hol, aňryýandaky ýorunjaly meýdana baryp giripdi. Şeýdip ol oglan ahyry atyny tutdy. Sähragözel bolsa oňa seredip aňalyp galypdy. Joralarynyň özüni synlaýandygyny-da aňmaýardy. -Bedewem-ä bedew eken welin, ýigit diýibem şujagaza aýdaýsaň, hä, Sährajan?! Arman, oňa Nabat perimiz aşyk bolaýdy-da-diýip, Maralyň jak-jaklap gülmesine Sähragözel tisginip gitdi. Gülkini alyp göteren gyzlar goýar ýerde goýanokdylar. Sähragözeliň bolsa halys gahary gelýärdi. Ýöne, dogrusyny aýtsag-a, ol öz içinden şeýle pikir edipdi: ” Bolsa-da, şol oglan diýseň görmegeý eken. Ol biziň obamyzyň oglany-ha däl. Ol kimkä? Berdaşly göwresi, çalasyn hereketleri, uçganaklap duran gara gözleri, seçelenip duran şar gara saçlary ony diýseň göze geliwli edýär. Beýle ýigit Nabat peri ýalylara mynasyp däl ahyryn”. Soňam birden:”Waý-eý, il duýaýsa näme diýer? Men samsygyň kellesine gelip ýören zady diýsene” diýip utanjyndan boz-ýaz bolup, daş-töweregine assyrynlyk bilen seretdi. Dogrudan-da, bu ýigit birnäçe oba aňyrda ýerleşen Duryýap obasyndandy. Onuň ady Kuwwatdy. Ol daýzalarynyňka gelipdi. Tiz günlerde daýzasy agtygyna sünnet toýuny etmekçidi. Kuwwat toýda at çapyşygyna gatnaşmak üçin öz aty Garahany münüp gelipdi. Toý güni bütin oba toý ýerine üýşdi. Märeke at çapyşygyna, altyngabaga, göreşe tomaşa etmäge höweslidi. Ilki bilen at çapyşygy geçirilýärdi. Sähragözelem öz joralary bilen atlaryň çapyşygyny synlamaga barypdy. Daş aralykdan eňip gaýdan bedewler barha golaýlaýardy. Ine, atlar has golaýa ýetenlerinde, Sähragözel atlaryň öňüni çekip gelýän gara bedewi tanady. Gyzyň ýüregi ersip gitdi: aty çapyp gelýän şol gowaça atyzynda atyny kowalap ýören nätanyş ýigitdi. Ol öz gara bedewi bilen pellehana ilkinji bolup gelmegi başaranda, Sähragözel muňa begenenip:”Berekella!” diýenini özi-de duýman galdy. Ertesi gün gyzlar pagta ýygmaga bardylar. Günortana golaýlaberende atyzda ýene-de şol gara bedew peýda bolanyny görüp, gyzlar gozgalaň tapdylar. Jahan: -Aý, gyzlar, serediň-ä, ýene-de şol gara bedewiz gelipdir-diýip, şadyýan seslendi. -Düýn ol at çapşygynda baş baýragy almagy-da başardy ahyryn. Tüweleme, ýyndam bedew eken. Bedew diýibem şuňa aýdaýsaň!-diýip, Maral atyň öwgüsini ýetirdi. -Çapyksuwaryny aýtjak dälmi? Wah, şol ýigidiň dogum-gaýratyny diý-ä! “At ady bilen, ýigit ody bilen” diýip, ýöne aýdylanok-da-diýip, Ogulsadap onuň sözüniň üstüni ýetirdi. -“Gurt agzasaň, gurt geler” diýleni, han-ha, çapyksuwar ýigidimizem ýetip gelýär-diýip, Jahan gaýra tarapa ýüzüni öwrüp salgy berdi. Ýigit göni gyzlara bakan gelýärdi. Gele-gelmäne-de: -Armaň, gyzlar!-diýip, Kuwwat ýylgyrdy. -Bar bol! Özüňem arma!-diýip, gyzlar şadyýan jogap berdiler. -Garahan ýene-de siziň ýanyňyza gaçyp geläýipdir-diýip, ýigit Sähragözele göz astyndan seretdi. Onýança Maral: -Aý, oglan, düýn atyň hemme atlardan ozdy, baýragyň gutly bolsun!-diýdi. -Taňry ýalkasyn! “At işlär, är öwner” diýleni-dä-diýen ýigit, ýene-de Sähragözele seretdi. -Bizi atyňa mündürsene-diýip, Maral ýigide ýüzlendi. Şondan soň ýigit gyzlary gezekli-gezegini atyna mündirip gezim etdirdi. Iň soňunda Sähragözelem ata mündi. Ýigit aty idip barşyna, gyzlardan daşlaşdy. Şol pursat ol: -Gözel gyz, adyň näme?-diýip sorady. Gyz dymýardy. -Aýdaýsana, adyňam özüň ýaly owadan bolsa gerek?-diýip, ýigit ýene-de ýüzlendi. -Nabat. -Be, sen adyňy ýygy-ýygydan çalşyrýan bolmasaň-a, seniň adyň Nabat bolmaly däl. -O näme üçin? -Şonuň üçin, Nabat periňiziň ady maňa derkar däl, maňa seň adyň gerek. -Diýmek, adymy sen eýýäm bilýaň-dä? -Hawa, bilýän, Sähragözel bolmaly, ýöne öz agzyňdan eşidäýjekdim-dä. -Näme üçin Nabady ähliňiz ýaman görýäňiz? Ol ak ýürekli gyz ahyryn, bir kemi, owadan däl diýäýmeseň. Esasy zat daşky görk däl-ä. -Onyň dogry, ýöne her kimiň ýüreginiň söýeni bolýar-a. Nabady-da söýen ýigit hökman tapylar. -Meň adymy sorap-idäp, başyňa ýapjakmy? -Ýok, başyma täç etjek. -Öz obaňda gyz gytmy? -Meniň ýat obadandygymy-ha bilipsiň, indem adyňy aýdaňok. Öz obamyň ne gözel gyzlary bar, emma men seni haladym-da. -Goýaweri, oglan! Bir görenden aşyk bolmaklyk dessanlarda duşýar-a. Sen ýalan sözleýäň. Oglanlaryň bary-da şeýle ahyryn. Sizden aýyp-syn edip oturmasa-da bolar. -Ýok, men beýle ýigitlerden däl, men heniz hiç gyza-da söýýän diýemok, seni welin bir bakyşdan söýdüm, ynanaý. -Alçak ýigitler ýalançy bolýarmyş diýýärler, sen hem şolaryň birisiň. Onsoňam meniň halaşýan ýigidim bar-a. Onýança Hurma enäniň sesi eşidildi. Ol:”Aý-u, Sähragözel, çaýa geliň ahyryn” diýip, gol bulaýardy. Eýýäm çaý başynda üýşen gyzlar Sähragözele degişip: -A gyz, ýene bu ýigit seni atyna mündürip, alyp gaçaýmasyn, gaty daşa gitdiňiz welin, ýüregimiz ýarylandyr-diýşip gülüşdiler. -Oglum, gel, senem gyzlar bilen çörek iý, günortan boldy, ajygarça-da bolandyr-diýip, Hurma ene ýigidi saçak başyna çagyrdy. Gyzlar bilen çaý içýän Kuwwat ogryn-ogryn Sähragözele bakýardy. Gyz hem muny on iki süňňi bilen syzýardy. Çaý-çörekden soň Kuwwat gyzlaryň ýygan pagtalaryny atynda harmanhana daşady, soňra Hurma enäniň boşan uly suw gabyny dolduryp geldi. Şol arada-da Hurma enä sorag bilen ýüzlendi: -Hurma ene, bir zat hakda sorasam, aýdarmysyňyz? -Wiý, näme aýtman, oglum, diý sowalyňy. -Sähragözel barada gürrüň beräýiň-dä. -O näme üçin? Wiý, huşum gursun, asyl sen şoň üçin bärik gelýämidiň? -Ilki beýle däldi, indi welin, hut Sähragözel üçin geldim. Şol gyzy ilki görenden juda sulhum aldy-da, nädip düşündirjegimi-de bilemok-diýip, Kuwwat uludan dem aldy. -Haý, boýuňa döneýin, oglum! Sen aşyklyk derdine sataşan bolmaly. Öň hiç gyzy söýmediňmi? -Ýok. -Diýmek, ilkinji söýgü-dä, tüýs bolaýypdyr. -Näme bolaýypdyr, ene? -Ajap bolupdyr, oglum! Gyz-a saýlap bilipsiň. Sähragözel hem akylly, hem edepli, hem gaýratly, hem owadan gyz. Asylly gyzdyr, eýgerip bilseň, bagtyň çüwdügidir. -O maňa adynam-a aýtmady, üstesine-de, halaşýan ýigidim bar diýýär, men nätsemkäm, ene jan? -Ol-a seni aldapdyr, oňa hyrydar ýigitler kän bolmaly, ýöne onuň göwün beren ýigidi welin, heniz ýok diýýärler. Gaýrat özüňde, goçagym. -Belki, siziň maňa ýardamyňyz deger? -Haý, aldyň, oglum, mekirjedigiňi bireýýäm duýupdym welin, dogumyňa-da kaýyl. Aýt, näme ýardamym gerek? -Şol maraly yrmaga ýardam beräýseňizläň, serpaýyňyz menden. -Şol gyz üçin zadyňa-da gysganjak däl-dä, şeýlemi? Örän gowy. Onda şeýle gepleşeli: sen hepde-on gün bu dagy-duwarda gara bermegin. Soňuny şondan soň gürleşibiris. Hä, Kuwwatjan, halat-serpaý üçin däl, saňa synym oturandygy üçin bu haýyşyňy boýun alýandyryn, eşidýäňmi-diýip, Hurma ene ýigide kömek bermeklige razy boldy. Günler geçip durdy. Soňky wagtlar Sähragözeliň bolşunda nähilidir bir özgerişiň bardygyny Hurma ene bada-bat syzdy. Gyzyň ozalkysy ýaly degşip-gülüşmek, şadyýan gürrüňler bilen o diýen hoşy ýokdy. Ýüzi gussalanan ýalydy. Garry ene amatly pursatyň indi daşda däldigini syzýardy. Dogrudan-da, Sähragözeliň şol ýigit ýatsa-tursa göz öňünden gidenokdy. Ol bu pikirleri aňyndan kowmaga näçe dyrjaşsa-da, olar ýene-de ýadyna düşýärdi. Soň-soňlar ol şol ýigidi göresiniň gelýändigini duýdy. Pagta atyzyna gelende bolsa, şol ýigidiň atynyň çapyp gelşi, ýigidiň atyny tutuşy, golaý-ýanjygynda duruşy göz öňünde janlanyp, dogumly owazy gulagynda ýaňlanan ýaly bolýardy. Günortan çaýyndan soň gap-gaçlary tämizlemäge ýardamlaşdyrmak bahanasy bilen Hurma ene Sähragözeli egledi. Gyzlar arany açansoň, ol gepi daşrakdan aýlap ugrady: -Sähragözeljan, hol günki ýigidimiz-ä tüýs gaýratly eken, ol şol gün meniň ep-esli işime-de ýardam etdi- diýip, gyzyň ýüzüne bakdy. Gyzyň ýüzi üýtgäp giden ýaly boldy, emma ol syr bildirmezlige çalyşýardy, özi-de dymýardy. -“Atly ýigit-bagtly ýigit” diýipdirler, Kuwwat tüýs edenli ýigit. Wah, arman, ol indi gaýdyp gara bermezmikä öýdýän, gyzlarymyzyň arasyndan birisi-hä onuň göwnüne degipdir. -Kimkä ol?- diýip, sorag berenini Sähragözeliň özi-de duýman galdy. Hurma ene ýylgyrdy, Sähragözeliň bolsa ýüzi lap-lap gyzdy. -Sährajan, ine-de ele düşdüň: ýigidiň göwnüne özüň degdiň ahyryn. -Wiý, Hurma ene, diýýäniňiz näme? Men oňa näme diýenmişim? -“Ýok” diýipsiň-dä, Sährajan. Gyz näme diýjegini bilmän aljyrady. -Balam, men baryny göni aýdaýyn: Kuwwat seni halapdyr, ol öň hiç gyzy-da söýmändir. Ol şol gün maňa içini dökdi, soňam ýardam sorady. “At basyşyndan belli, är-bakyşyndan” diýipdirler. Ýigit gözläp, Kuwwatdan artygyny tapmarsyň, ynanaý. Göwnüň bar bolsa, maňa aýdaý, balam, syryňy ýanym bilen alyp giderin-ýeke ýerde dil ýarman. -Men siziň beýle mekirligiňizi asla-da güman edemokdym, duzaga gurup bilýän ekeniňiz. Ýöne men oňa “ýog-a” diýemok, elbetde, bolýaram diýip bilmen-ä. Soňam ýüzugra halaşýanym bar diýäýipdim. Galyberse-de, men oňa asla belet däl ahyryn- diýip, gyz başyny ýaýkap ýylgyrdy. -Onyňam dogry, bir sözde “bolýar” diýýän gyz bolasy ýok-la, aslyny-da yzarlamak hökman. Dogry edipsiň-diýip, Hurma ene gyzyň sözüni makullady.-Ýöne onuň juda asylly, abraýly ýerdendigini men anyk bilýan. Bu ýaşyň içinde kän zatlary görendiris, ýöne näme etsegem, diňe il bähbidi üçin edendiris. Saňa-da, gyzym, ýamanlygym ýok. Sen hem biriniň perzendi, kişi perzendine kast etmek ýaly agyr günä barmy näme. Özümiň bolsa perzendimem ýok. Senem, şol ýigidem kösenip ýöremäň diýdim-dä. Alla bagtyňyzy bersin!-diýip, garry ene mähirli ýylgyrdy. Eneden hoş habary eşiden Kuwwat guş bolup uçdy. Ol gyz bilen wadaly ýerde duşuşmaga gelende, Hurma eneli waka üçin Sähragözel özüne igener öýdüp alada galýardy. -Sähragözel, Hurma enäni araçy goýandygyma utanmanam duramok welin, ýöne özüme seni ynandyrmak başartmaz öýdüp gokdum-da. Sen asla baş berjege meňzäňokdyň ahyryn-diýip, Kuwwat müýnli gürledi. -Hurma enäni ara salyp, sen meni haýran galdyrdyň. Bu pikir nireden ýadyňa düşüp ýör? Ol menden gönüläp diýen ýaly:”Şol ýigidi haladyňmy?” diýip sorasa nätjek. Ýer ýarylmady, menem girmedim. Ilkä ol seni öwüp başlady. Şonda ýüregim bir zady syzan ýalam boldy-la. Birdenem seniň gaýdyp gara bermejegiňi, sebäbi seniň göwnüňe bir gyzyň degendigini aýtdy. Menem “Kim?” diýip goýberäýipdirin. Şonda ol meniň ýakamban mäkäm tutdy-da, ähli zady boýun aldyrdy oturyberdi-diýip gyz ýylgyrdy. Ilki atly waka, soňra Hurma ene ýaşlaryň söýgi ýodasyny arçap goýberipdi. Indi Kuwwat ýygy-ýygydan Baýaryk obasyna gelýärdi. Ýaşlar obanyň içinden akyp geçýän uly ýabyň aýagujyndaky güzeriň boýunda duşuşýardylar. Güzeriň kenarynda leýlisaçlar bilen gyrymsy leglekgülleri ösýärdi. Gyrymsy agajyň ownujakdan topbajyk, aksowult-mämişi gülleriniň ýakymly ysy daş-töwerege ýaýrapdy. Bu ýeriň golaýynda köne galanyň harabaçylygy-da bardy. Oňa Ýürekgala diýýärdiler. Harabalygyň sudury, dogrudan-da, ýüregiň şekiline çalym edýärdi. Aýly gijeleriň birinde Sähragözel öz söýgülisine şu galanyň rowaýatyny gürrüň berdi. Gadym zamanlarda bu gala patyşanyň ýalňyz gyzynyň galasy bolupdyr. Patyşa ýalňyz gyzyny durmuşa çykarmak islemändir. Ol sawçylyga gelýän şazadalaryňdyr begzadalaryň ählisine-de şol bir agyr synagy beripdir: olar Aýperi atly periniň elwan ýaglygyny şa gyzy üçin alyp gelmeli eken. Elwan ýaglyk jadylymyş: ony atynan gyz leglege öwrülýän eken. Bu synaga ýigitleriň hiç birisi-de hötde gelip bilmändir. Şa gyzy bolsa ýönekeý zergär ýigidi söýýän eken. Ýigit diýseň görmegeý hem gaýratly bolupdyr. Ine, şol zergär ýigit hem Aýperiniň gözlegine çykanmyş. Ýol söküp, çöl söküp, ol ýigit periler ýurduna ýetipdir. Periniň kenizleri ony köşge eltipdirler. Ýigit maksadyny aýdypdyr. Şonda peri oňa:”Eger sen maňa dünýädäki iň owadan ýüzügi ýasap berseň, elwan ýaglygy saňa sowgat ederin. Emma bek bilgin: elwan ýaglygy atynan gyz ömürlik leglege öwrülýändir” diýip, şert goýupdyr hem-de ýaglygyň syry hakda duýdurypdyr. Ussa ýigit yhlas bilen işläp, täsin ýüzügi ýasanmyş. Aýperi ýüzügi halanmyş. Ol ussa ýigide elwan ýaglygy sowgat berenmiş. Şeýdip, ýigit öz ýurduna dolanyp gelipdir we ýaglygy patyşanyň huzuryna eltipdir. Emma patyşa oňa gyzyny bermekden ýüz öwrüpdir. -Men bir patyşa, sen-ýönekeý zergär. Heý, şa gyzy saňa mynasyp görlermi? Isleseň, hazynamdan altyn-kümüş bereýin-diýipdir. Muny eşiden şa gyzy kakasyna diňe şol ýigidi söýýändigini aýdyp ýalbarypdyr, emma şa bir depen ýerini depip durmuş. Ahyry şa gyzy elwan ýaglygy atynypdyr welin, ol leglege öwrülip, galadan uçup ötägidenmiş. Bir gün zergär ýigidiň gapysyna owadan leglek uçup gelenmiş. Onuň boýnunda elwan daňa çalymdaş gyzyl zolagy görüp, zergär ýigit onuň şa gyzydygyny tananmyş. Şonda leglek ýigide: -Men periler ýurdunda baky mesgen tutdum, indi biz hiç haçan duşuşmarys. Ýöne men saňa söýgimiziň nyşany hökmünde, ine, şu tohumlary alyp geldim. Olary ekseň üýtgeşik owadan hem ýakymly ysly gülleri bolan gyrymsy agaç gögerer. Goý, ol meni we biziň söýgimizi saňa ýatladyp dursun-diýip, ýene-de uçup gidipdir. Ýigit ýap boýuna hälki tohumlary ekipdir. Idegi ýeten gyrymsy agaçlar bir gün gülläpdir. Täsin gülli bu agaja il arasynda leglekgüli diýip at beripdirler... Baharyň läle-reýhanly günleri hem gelipdi. Sähragözel hem bahar perisi ýaly has-da görklenipdi, ol özüni juda bagtly duýýardy. Bir gün ejesi ony ýanyna çagyryp: -Balam, gyz perzendiniň gowy ýerde ýerläp, bagtly bolanyny görmek enäniň iň uly arzuwy. Indi seni-de abraý bilen asylly ýere çykarsak diýýäs. Garly daýyňlar irden bäri saňa hyrydar çykyp ýörler, Meret ogullary üçin. Näme diýýäň, balam?-diýip, oslagsyz soragy orta atdy oturyberdi. Ilki Sähragözel dymdy, emma ejesi öz gününe goýmansoň, ahyry ýaryldy. -Eje, men şol Meredi asla-da halamok-diýip, Sähragözel pert jogap berdi. -Halamazça, oňa näme bolanmyş, toba? Edenli ýigit, mal-döwletleri-de hiç kesden kem däl, soňam olar ýat adamlaram däl, ynjanyň-agyranyň bolmaz-da-diýip, ejesi ör-gökden geldi. Ýagdaý gitdigiçe dartgynlaşýardy. Indi Kuwwatyňkylaram çykyp gelipdiler. Sähragözeliň ejesi olaryň al-petinden alyp gaýtardy. Ähli garyndaşlary bir ýana, gyz bir ýana bolup esli wagtlap gezilensoň, ahyry, Sähragözel ene-atasynyň sözüni ýykyp bilmän razylaşmaly boldy. Suw-sil aglaýan Sähragözeli gören Kuwwatyň ýürek-bagry para-para boldy. Ol: -Sährajan, gaçaly! Goý, il näme diýse şony diýsin-diýip, näler ýalbardy. Emma Sähragözel beýle edip bilmejegini boýun aldy. Seýdip ol öz ýalňyz söýgüsini pida etmeli boldy. Iň soňky gezek bolan duşuşykda Kuwwat öz söýgülisine elwan ýaglygy sowgat berip, şeýle diýdi: -Sähragözeljan, söýgülim, sen ykbalymda ýalňyz yşgym, ýeke-täk söýgim bolup galarsyň, belki-de, men mundan soň asla-da ýaşaman, sebäbi sensiz maňa ömür-ýalňyzlyk hem tümlük, soňlanmajak arman. Goý, şu elwan ýaglyk meniň baky söýgimiň nyşany bolup galsyn...-diýdi. Bulutly hem şemally gijede aýdylan bu sözler alyslara ýaňlanyp gidene çalym etdi, merdana hem görmegeý aşyk ýigidiň gözlerinden syrygyp gaýdan gözýaşlaryny bolsa garaňky gijäniň yşsyz tümlügi öz gara ýaglygy bilen örtdi... Tizarada uruş atly ýowuz bela dünýä ýaň saldy. Kuwwat hem, Sähragözeliň adamysy Meret hem urşa atlandylar. Uzaga çeken uruşdan Meret sag-aman dolandy, emma Kuwwat welin yzyna dolanmady. Onuň wepat bolandygy hakyndaky şum habary eşidende bolsa, Sähragözeliň ýürek-bagry para-para boldy. Şonda Sähragözel pynhan saklaýan elwan ýaglygyny ogryn bagryna basyp, sessiz aglady... *** Bezemen ak maşynlaryň uzyn kerweninden ybarat gelnalyjy gelende, Bahar owadan gyrmyzy keteniden tikilen gelin köýneginiň ýakasyna owadan kümüş gülýakasyny dakynyp durdy. Joralary oňa geliniň bezemen lybasyny geýdirmek, owadan şaý-seplerini dakyndyrmak bilen ber-başagaýdylar. Baharyň sülük barmaklaryndaky kökenli ýüzükler, näzik bileklerindäki kümüş bilezikleri gün nuruna lowurdaýardy. Kümüş gupbany başyna atmanka Bahar öz mamasyny çagyrmagy haýyş etdi. Içerik ätlän Sähragözel enäniň elinde leglekgüllerinden bogulan owadan çemen bardy. Ol Bahary mähir bilen bagryna basyp: -Alnyň-bagtyň açyk bolsun, balam!-diýdi. Soňra Bahar enesine ak daňynyň üstünden elwan ýaglygy daňyp bermegi haýyş etdi. Ene gasynly, ýygyrt atan, çalaja sandyraýan elleri bilen kümüş gupbanyň aşagyndan elwan ýaglygy daňýarka ýuwaşja pyşyrdady: -Çyn söýginiň nyşany bolan elwan ýaglyk, gör, ahyrsoňy birçaklar arzuwlanan bagtly pursatlara-da ýetdiň...

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir