Baharyň gelmegi bilen, sähra büs-bütin özgeripdi: wagtal-wagtal ýyly çabgalar ýagýardy, ýyldyrym çakyp, gök gürleýärdi, soňam çal bulutlary syrylyp ugran asmanda owadan älemgoşar peýda bolýardy, günortadan öwüsýän mymyk şemal gyzyl-gyrmyzy öýmeli gülälekleriň näzijek başlaryny emaý bilen yraýardy, ähli ýerde sähra guşlarynyň owazy ýaňlanýardy. Kiçeňräk gum obasynyň hatarlanyşyp duran öýleri sähra özboluşly bezeg berýärdi. Syrgynyň bäriýanyndaky öýden daşaryk çykan eli hasaly ak saçly enäniň gulagyna ýakymly owaz gelen ýaly boldy. Ol diňşirgenip, hasasyna söýenip, biraz sägindi. Owaz, hol, golaýrakdaky öýden eşidilýärdi. Nowjuwan gyzyň duýguly-heserli aýdymynyň ýakymly owazy garry enäniň hakydasynda ömrüniň iň bagtly pursatlaryny-ýaşlygynyň şadyýan günlerini janlandyran ýaly boldy. Ak saçly enäniň ýygyrt atan ýüzünde mähirli ýylgyryş peýda boldy, nury solugyşan-da bolsa, balkyldap duran gözleriniň owasy gözýaşa pürepürlendi. “Wah, ömrümiň alaýazy, nowjuwan ýaşlygym, seniň nurana günleriňi ýatlamak näler ýakymly hem gussalydygyny bir bilsediň! Çünki şol arzyly günleri indi yzyna dolamaga asla-da alaç ýok ahyryn. Sadagaň boldugym, ynsan ömri, ykbaly, gör, sende neneňsi uly hikmet bar! Heý, dünýäde senden syrly başga bir zat barmyka?! Ýok, ýok, asla-da ýok bolsa gerek...” diýip pyşyrdady. Sähranyň tämiz howasyny, baharyň görkanalygyny synlaýan enäni “Salawmaleýkim!” diýip, duýdansyz çykan ses oý-hyýallaryň gujagyndan çekip aldy. Garry ene bir elini bükülen biliniň arkasyna goýup, ses gelen tarapa öwrüldi. Seretse, gabat-garşysynda nowjuwan ýigit dur. -Waleýkimessalam, oglum!-diýip, ene kütelişen gözlerini aýasy bilen penalap, ýigide siňe-siňe seretdi. Soňam: -Wah, garrylyk gursun, inerim, men seni tanamadym-la, kimlerden borsuň?-diýip ýüzlendi. -Humaý ene, siz meni tanamarsyňyz: men bu ýerli däl, men şäherli, şu töwerekdäki obalara lukman hökmünde işe ugratdylar, özüm goňşy obadaky Dawut zergärlerde ýaşaýan. Ol ejem tarapdan daşgynrak garyndaşymyz bolýar. -Hä-ä, Durnalykakdaky Dawut zergärleremi? Bolubilýä, bolubilýä..., onsoň, zergärler sag-gurgunlykmydyr? -Şükür, Humaý ene, gowuçylyk. -Hernä şeýle bolsun. Ýogsa-da sen habarlyja gelen ýaly-la? Hany, inerim, öýe gir-diýip, öýe bakan ýörän garry ene ardynjyrady. -Bolýar, Humaý ene-diýip, ýigit onuň yzy bilen öýe girdi. Enäniň mürähedi bilen ýigit keçäniň üstünde oturdy. Ol öýüň içine syn etdi. Öýüň töründe köneje agaç sandyk durdy, onuň üstüne ýorganlar ýygşyrylgydy, kilim torbalar we iküç sany könelişen çuwal diýäýmeseň, öýüň içinde başga goş-golam ýokdy. Humaý enäniň daş keşbi syrly bolup görünse-de, onuň horja göwresinde, ýygyrt atan-da bolsa, nurana ýüzünde nähilidir mähremlik bardy. Ol sadaja geýnen-de bolsa, onuň hortap goşarlaryndaky ýogyn kümüş bilezikleri, aýratyn-da üýtgeşik kümüş tumary ýaş lukmanyň bada-bat ünsüňi özüne çekdi. Ýigit:”Çog ýaly gyzyl lagl gaşlar bilen kemsiz bezelen bu täsin kümüş tumaryň owadanlygyny! Onda nähilidir bir syr bar ýaly bolup dur...”-diýip oýlandy. Tüýnükden düşýän gün şöhlelerine lagl gaşlar gyrmyzy öwüsýärdi. Ol beýle täsin hem owadan tumary öň hiç wagt görmändi. Ýigit:”Tüweleme, Humaý ene ýüz ýaşy tegelän kempirdir diýen-de bolsalar, oňa heniz-ä guýç-gurbatdan büs-bütin galan, ysgyn-mydarsyz kempir diýäýmersiň. Onsoňam, ol yzgytsyz hem hyrsyz hüý-häsiýetlidir diýipdiler, ýöne welin, ol meni hoşamaýlyk bilen garşylady ahyryn. Şu adamlara-da näme aýdyp, näme diýersiň, olary diňleseň, dünýäni gapyşdyraýjaklar”-diýip, içini gepletdi. Onýança Humaý ene: -Hany, inerim, aýdyp otur, adyňa kim diýerler?-diýdi. -Resul. Şol arada garry ene keçäniň üstünde duran gülli çäýnegi we käsäni Resula sary süýşürdi. Soňra: -Öýli-işiklisiň-ä, inerim-diýip sorady. Resulyň bu soraga ýüzi üýtgäp gitdi. Ol içinden:”Ine-de, saňa sowal! Indi nätsemkäm?”-diýip, oýlandy. Garry ene lukman ýigidiň ýüzüne barha ýiti nazar bilen seredýärdi. Ara dymyşlyk aralaşdy. Ahyrsoňy garry ene: -Inerim, şeýdip dymyp duruberjekmi onda?! Ýa-da saňa eýýäm: “Ol tüýs baryp ýatan yzgytsyz we hyrsyz, huşy gaýdan kempirdir”-diýäýdilermi?!-diýip, lukman ýigide gatyrgandy. Dogrudan-da, Dawut agalara gelen ilkinji güni Resul goňşy obada ýaşaýan ýüz ýaşy tegelän Humaý ene hakynda ilkinji gezek eşidipdi. Şonda ony özdiýenli häsiýeti bolan ynsan hökmünde suratlandyrypdylar. Oba geňeşliginiň merkezindäki saglyk öýüniň resminamalaryny öwrenýärkä bolsa, ýaş lukman şol enäniň lukmançylyk maglumatlaryna-da gabat gelipdi. Geň ýeri, ýüz ýaşyň içinde onuň saglygyny düýpli bejerdendigi ýa-da hassahanada ýatandygy hakynda ýekeje-de bellik ýokdy. Şonda ýaş lukman şeýle uzak ýaşan enäniň saglygy bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşmak kararyna gelipdi. Elbetde, Resulyň bu pikirini Dawut aga-da oňlapdy. Şeýdip, ýaş lukman ýigit Humaý enäniň huzurynda peýda bolupdy. -Wah, näme diýjegimi-de bilemok, men siziň saglyk ýagdaýyňyz bilen gyzyklanyp gelipdim, has takygy, saglyk ýazmaçlaryny öwrenýärkäm, ýüz ýaşly enäniň, ýagny siziň maglumatlaryňyzy görüp, haýran galamsoň, siz bilen didarlaşaýsam diýipdim, öý-işik meselesinde bolsa,... gönimden gelsem-ä, heniz öýli-işikli bolmaga ýetişen däldiris-diýip, ýigit halys ýürekden sözledi. Ýaş ýigidiň bu sözlerine garry kempir hezil edip güldi. Soňam agraslanyp: -Bolýar, geleniň gowy bolupdyr. Ýatlanyň üçin sag bol, nerim!.. Diýmek, ýüz ýaşan, demini zordan alyp, ýorganda çaşyp ýatan kempiri görmekçimidiň? Hudaýa şükür, heniz-ä saglygymyzdan nägile bolan däldiris. Soňam, lukmanlyk iş-aladamyzam asla ýokdur-diýdi-de, birdenem ýene gülüp goýberdi. Resul beýle pert jogaba garaşmansoň: -Tüweleme, Humaý ene, siz meniň çak edişimden has sagdyn hem güýç-gurbatly ekeniňiz. Diýmek, lukmanlyk haýyşyňyz ýok-da onda. Beýle bolýan bolsa, men gaýdaýsam-da boljak, sag boluň!- diýip, laňňa ýerinden galyp, gapa tarap ýönelmäge hyýallananda, muny synlaýan garry ene: -Haý, haý, köşeşeweri, inerim! Heý, bir garry kempirdenem beýdip öýkeläbermek bolarmy?! Lukmanlyk haýyşymyz ýok-da bolsa, duz bir dadyp giderler-ä-diýip, öýden çykyp gitmekçi bolan lukman ýigidi saklady. Şondan soň lukman ýigit garry enäniň ýagdaýy hakynda birin-birin gyzyklandy, onuň gan basyşyny, ýürek urgusyny barlady. Şolarada garry enäniň öýüne myhmanyň gelenini gören bolarly, onuň goňşulary çaý-çörekdir duz-tagam getirdiler. Çaý başynda Humaý enäniň gyzyklanmagy bilen, lukman ýigit özi hakynda-da gürrüň bermäge ýetişdi. Resul şu pursatda edil “iki oduň arasynda galan” diýleniň ýagdaýyna düşüpdi. Bir ýandan ol Suraý atly gyzy söýýärdi, beýleki ýandanam ene-atasy, has-da ejesi ony öz garyndaşlaryndan bolan Gözel atly gyza öýermegiň kül-küline düşüpdi. Munuň üstesine-de ýigit Suraý hakynda ata-enesine duýdurmakdan çekinýärdi: Suraý çagalar öýünde terbiýelenipdi, onuň hossarlary-da ýokdy. Resul Suraý bilen instituta okuwa girensoň tanşypdy. Päk ýürekli, akylly, edep-ekramly, hoşgylaw, mähirli hem owadan gyz Resulyň ýigitlik kalbyna ot salyp bilipdi, onda müdimilik orun alypdy... Resulyň ata-enesi barly adamlardy. Şonuň üçin Resul ata-enesi özüniň hossarsyz gyza öýlenmegine çürt-kesik garşy çykarlar öýdüp gorkýardy. Ýöne ol Suraýdan başga gyzy söýmejegini-de, eger başga gyza öýlenäýende-de, ol gyzy-da bagtly edip, özüniň-de hakyky bagtly bolup bilmejegini-de ýüregi bilen syzýardy. Humaý ene ýaş ýigidiň gürrüňini üns bilen diňläp, biraz wagt dymansoň: -Häzirki ýaşlar özdiýenli, olar ata-enesiniň sözüni kä halatlarda diňläbem baranoklar. Sen welin, juda ak ýürekli, mert hem wepadar ýigit ekeniň. Gör, sen ata-eneňiň sözünden-de çykyp bileňok, şol bir wagtda-da öz söýen gyzyň barasynda-da namartlyk edip bilmjegiň anyk. Şunlukda, nähili ýoly saýlajagyňy bilmanem kösenýärsiň–diýip sözüne dyngy berdi. Az salym dymyşlykdan soň:-Şükür, Allam maňa beýle uzak ömri peşgeş beren eken, ýöne bir uzak ömri-de däl, gowy ynsanlaryň arasynda ýaşamak takdyryny-da beren eken. Müňde-bir şükür, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýleni hakykat eken: garran çagymda ilim-günüm hossar çykdy, çöregimi-naharymy bişirip berýärler, öý-içerimi süpürip berýärler, ählisine Taňry ýalkasyn! Men bir sanaglyja güni galan garry kempir. Adatça meniň özüm barada gürrüň bermek edähedim-ä ýokdy welin, emma saňa synym oturdy, şonuň üçin saňa öz ykbalym hakynda gürrüň bermek kararyna geldim, belki, bu saňa öz ýoluňy tapmakda ýardam eder...- diýip, Humaý ene şeýle gürrüň berdi. Humaý ene özüni aňşyrardan has irräk ýaşyndaka, ata-eneden ýalňyz galandygyny soň-soňlar garryja mamasynyň gürrüňinden bilip galypdy. Onuň mamasy juda mähriban ynsandy, ýüregi mähir-muhabbetden dolup-daşyp, ýüzleri elmydama nurana ýylgyryp, mähirli gözleri bilen, mährem sözleri bilen, hortap, rehimdar elleri bilen mydama başyňy-gözüňy sypap-apalap duran enedi. Ine, şol ynsan hem ony kemala getiripdi, terbiýeläpdi. Iň agyr ýeri-de, olar bu dünýäde ýeke-ýalňyzdylar. Humaýyň mamasynyň ähli doganlary birçaklar dünýäden gaýdypdylar, kakasy tarapdanam onuň hossarlary ýokdy, sebäbi ol görgüli-de sopbaş ýetimlikde ulalypdy. Humaýyň mamasynyň elinden gelmeýän iş ýokdy. Ol öz bilýän hünärleriniň baryny-da agtygyna geçirmegiň hötdesinden gelipdi. Olar öz el işleridir dokan haly-çuwallaryny satyp, güzeranyny dolaýardylar. Olaryň gapysynda birküç sany dowary, köşeklije düýesi-de bardy. Bir gün Humaý joralary bilen boýag üçin ot-çöp ýygnamaga sähra çykypdy. Bahar aýlarydy, ähli ýer läle-reýhana gark bolupdy, tebigatda göwnüň islän boýagyň bardy, halanyňy saýlabermelidi. Günortan çagy gyzlar gülüşip-degşip, çörek iýýärdiler. Birdenem at aýaklarynyň dükürdisi ýaňlanyp ugranda, olar güsürre ýerlerinden galdylar. Seretseler, hol, ileriden birtopar atlylar çapyp gelýärdiler. Atlylar golaýlaberende, gyzlar olaryň goňşy obaly ýaş ýigitlerdigini gördüler. Olar gele-gelmäne, gyzlaryň daşyny galladylar-da, degişmäge-lak atmaga durdular. Ýigitleriň arasyndan has alçakrak biri: -Salam, gyzlar! Obaňyzdan has daşa gaýdaýypsyňiz welin, azaşarys öýdüp gorkaňyzokmy?-diýdi. Güljahan hem: -Aý, gorkasy näme barmyş?! Golaýda ýigitlerimiz barka, asla heder edýänimiz bolmaz-diýip, pert jogap berdi. Ýigidiň: -Gyz ýüregi gorkuly bolýan bolaýmasa, keýijegim, soňam, bärde ýigit-gara-da görnenok...-diýmesine ähli ýigitler gülüşdiler. -“Keýijegim” diýen bolup, öte geçýän bolaýmagyn, oglan! “Dil-bela, diş-gala” diýmänmidirler?! -“Atylan ok daşdan gaýtmaz” diýenleri-de bar-a, keýijegim bolaýsaň, armanyň näme! -Wiý, bu oglany, her öňýeteniň keýijegi bolunýanmydyr?! -Her öňýeteniň däl, ner ýeteniň, ner ýigidiň!-diýip, ýigit döşüne kakdy. Ýigidiň bu sözlerine gyzlaryň barysy gyzyl-gyran gülüşdler. Güljahan bolsa çym-gyzyl bolup, ahmyrly bakýardy. -Hany, ýigitler, gyzlary öz gününe goýalyň! Goý, olar gözel sähranyň erkin keýikleri kimin, erkana ýöresinler. Gyzlar, siz gaty görmäň, biz oýun etdik ahyryn, arkaýyn boluň, biz, türkmen ýigitleri barka, size bu sährada azar berip bilen asla-da bolmaz-diýip, dogumly ýaňlanan sözler gyzlary rahatlandyrdy. Bu sözleri aýdan ýigidi Humaý göz astyndan synlady. Gyzyň näzik kalbynda nähilidir nätanyş galagopluk ýylpyldap giden ýaly boldy. Ýigit diýseň görmegeýdi, berdaşly eginleri gujurlydy, akýagyz ýüzi nuranady, ak silkmesiniň astyndan bakýan garamyk gözleri lowurdap durdy. Şol pursatyň öz ykbalyndaky iň täsin pursat bolandygyna Humaý has soň düşünipdi. Ýigitler gyzlardan ara açyp barýarkalar, Aýsona kikir-kikir edip: -Durnalykakyň ýigitleri-ä diýseň dogumly hem görmegeý eken...-diýäýse nädersiň. Gyzlar onuň bu sözüni gyzyl-gyran gülki bilen alyp göterdiler. Bahargül gülkiniň arasynda: -Wah, şu Aýsonany diýsänim, bir salymda haýsy ýigide aşyk bolup ýetişäýdikä? Bagty çüwen ýigit kimkä? Wiý, hälki dogumly sözler bilen ähli oglanlary öz yzyna düşürmegi başaran ýigit bolaýmasyn? Öz-ä ýöne-möne ýigit däle ogşaýar?...-diýip, gyzlary has-da gyzdyrdy. Şonda Nargül: -Wiý, sen Serdar barada aýdýan ýaly-la? Ol Söýünhan zergäriň agtygy ahyryn, özi-de ýeke-ýalňyz agtygy. Beýle ýigidi garry zergär ýöne-möne gözele mynasyp göresi ýok-la, goýaweri, Aýsona jana-da, saňa-da, bar, maňa-da ojagaz ýigid-ä ýetdiresi ýok-la-diýdi. Gyzlaryň gülküsi tarpa kesildi. Bahargül gaharly: -Kimmiş ol, elýetmez ýigit bolaýşyny, islesek, yzymyzda sergezdan-sepilem ederis-diýip, ýüzüni gapdala sowdy... Şol gün Humaý Serdaryň adyny ilkinji gezek eşitdi, özüni-de ilkinji gezek gördi. Tizarada obada tutulan uly toýda altyngabak atdyrylyp, göreş tutdurylyp, at çapyşyklary-da geçirildi. Ine, altyngabakda baş baýragy alan ýigit toý mähellesiniň ortarasyna çykanda, Humaýyň ýüregi jigläp gitdi: bu hut şol Serdardy. Toý bekewüli ýigidi iň ezber mergen hökmünde taryplaýardy. Soňra geçeirilen at çapyşygynda-da Serdaryň ýeňiji bolmagy hemmäni geň galdyrdy. Ýaşulular bolsa özarasynda: -Tüweleme, ýigit diýibem şuňa aýdaýsaň! Güýç-gaýratyna kaýyl galaýmaly ýigitlerden eken, tüýs türkmeniň goç ýigidi-dä! “Ýigide ýüz dürli hünärem az” diýleni şu bolsa gerek!- diýip, onuň öwgüsini ýetirýärdiler. Pälwanlaryň tutluşygynda-da ýene-de Serdaryň baş baýragy almagy toý mähellesiniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Humaý şonda:”Alla janlarym, beýle gaýratly, berdaşly, ezber-çalasyn, mergen hem pälwan ýigit nireden peýda bolup ýör diýsene! Ol ähli ýerde birinji ahyryn, beýle-de bolsa bolaýýan eken-dä, hernä, gözden-dilden gorasyn-da...” diýip, geň galyjylyk bilen içini hümletdi. Toýdan irräk dolanan Humaý içerde el işine güýmenip otyrdy. Birden daşardan at toýnagynyň sesi eşidildi. Gyz emaý bilen daşaryk jyklady. Öýüň alkymynda owadan bedew keýerjekläp durdy, özüniňem diňe uýany asyl-asyl bolup durdy. Gyz usullyk bilen daşaryk çykdy, ata golaýlaşdy, bedew ürkmedi. Humaý onuň uýanyndan ýapyşdy, at gaçmaga-da hyýallanmady, ol arkaýyndy, çalaja hokranýardy. Humaý bedewiň uýanyny tärime iltedi. At suwsana çalym edýärdi. Gyz oňa suw berdi, soňra az-owlak arpa berdi-de, ýene öýe girdi. Birhaýýukdan mamasynyň daşardan eşidilen sesine Humaý geňirgenip, daşaryk çykdy. Görse, mamasynyň ýanynda Serdar durdy. Onýança garry mama: -Humaý jan, bar, balam, bir käse çal getir!-diýdi. Humaý bir käse düýe çalyny äberdi. Ýigit çally şakäsäni alanda, olaryň nazarlary ilkinji gezek şeýle ýakyndan çaknyşdy. Gyz utanyp aşak bakdy, ýigit çalaja ýylgyrdy. Ol çally käsäni bir demde başyna çekip, yzyna uzadanda, ýigidiň berdaşly barmaklary gyzyň sülük barmaklaryna çalaja galtaşyp gitdi, gyz tez jeren kimin, tisgindi. Serdar şo pursat:”Ylla, bu gyzyň gözeldigini! On dördi gijäniň aýy ýaly, owadan-näzikligini!..” diýip, içini gepletdi. Ýigit: -Çeşmesine bereket! Taňryýalkasyn!- diýdi. Gyz hem: -Ömrüňe bereket!- diýip, ýuwaşja jogap berdi... Sähradaky waka, soňra toýdaky wakalar, iň soňunda-da bedewli waka... Gyz bu wakalary birin-birin ýatlanda, ýüregi ersip, ýüzi lap-lap gyzýana çalym edýärdi. Ýigidiň otlukly nazary, garamyk gözleri, seçelenip duran şar-gara saçlary, dogumly hem berdaşly durum-durky, ýakymly ýylgyryşy göz öňünde janlanýardy, hatda ýakymlydan dogumly sesi-de ýaňlanan ýaly bolýardy. Humaý:“Ýok, beýle bolmagy mümkin däl, men bu hakda oýlanmaly däl” diýip, özüni näler ele almaga çalyşsa-da, barybir, ýene-de we ýene-de şol wakalar küýüne gelýärdi... Onuň ýagdaýyny ilki bilen jorasy Gülbibi syzdy. Ol: -Jora jan, saňa bir zad-a bolýana ogşaýar? Aýtsana, seni näme beýle ünjä goýýar?- diýip sorady. Humaý ýaýdandy, ýüzi-gözi üýtgedi, ol: -Aý, ýok-la, biraz tabym ýok diýäýmeseň, galan zat ýerbe-ýer-le- diýse-de, diýdi welin, derdini jorasyndan ýaşyryp bilmedi. Gülbibi: -Menden syr saklasaň, senden ömürlik öýkelärin, Humaý jan- diýip özelendi. Şonda Humaý oňa ýürek syryny açdy: -Gülbibi jan, utançdyr welin, näme diýjegimi-de bilemok, umuman-a, näme döw çalanyny-da düşündirip biljek däl welin, şol Serdar atly ýigit düýşüme girýär-dä, ýatsam-tursam, şol ýadyma düşüp dur, gyz, halys aňkam aşaýjak ýaly. -Wiý, samsyjak diýsäni, asyl sen yşk derdine ulaşaýan ýaly-la. Tüweleme, tüýs bolaýypdyr, ýigidä saýlap bilipsiň. Onuň kimlerdendigini bilýäňmi? -Hawa, bilýan, Söýünhan zergäriň agtygy. -Dogry. Olar barjamly hem özlerine göwni ýetýän ýeriň adamlarydyr, ýöne-möne ýeriň gyzyna olaryň syny oturmasa gerek, jora jan. -Wah, men nätsemkäm? -Iň ýeňil hem iň agyr ýoly-baryny bir demde unutmak. Emma sen muny başararmykaň?! -Başararyn! Hökman... Başarmak sözde aňsat, Humaý muny başarsa başarardam welin, ýene-de tötänlikde bolan waka ähli zady öz ugruna dolap aldy oturyberdi. Gyzlar ümä ýygnanypdylar. Gyz-gelinler gülşüp degşip, el işleri bilen başagaýdylar. Birdenem daşardan giren Maýsa gelneje:”Sähragözel jan, guzym, seniň üçin buýrulan kümüş şaý-sepleri-de getirdiler” diýip buşlady. Şol pursat içerik giren ýigidi görüp, Humaýyň ini jigläp gitdi. Serdar bilen olaryň nazarlary bir pursatlyk çaknyşanda, gyzyň huşy başyndan uçup, bar eden ähdi-peýmany çym-pytrak boldy... Tizarada obanyň gaýrasyndaky kakdan suw almaga baran Humaý tanyş bedewi görüp, misli tez jeren kimin, birden yza-yza tesdi, duýdansyz peýda bolan Serdary görüp, sakga durdy. Ýigit salam berdi. Gyz hem ýuwaşja jogap gaýtardy. Ýigit: -Adyňyň Humaýdygyny men bilýan, meň adymy-da seniň bilýandigiň anyk. Ýöne meni başga bir zat iňkise goýýar-diýdi. Humaý beýle sözlere garaşmansoň, näme diýjegini bilmän, dymýardy. Ahyry gyz: -Düşünýän däldirin...- diýip, ýuwaşja pyşyrdady. -Dogrusy, menem düşünemok-da..- diýip, ýigit güldi. -Nämä düşüneňok? -Hiç zada-da. -O nähili hiç zadamyş? Onda soragyň näme? -Hol, bedewi görýäňmi? Onuň ady Dorhan. Men onuň şo-ol gün siziň öýüňize nädip baryp ýörendigine geň galýan- diýip, ýigit soragyny anyklaşdyrdy. -Wiý, atmy? Hawa, ol tötänden biziň öýümize geläýendir-dä. -Dünýäde tötänleýin zat beri barmyka?! At tötänleýin hereket edýän jandar däl-ä. Ýöne ýere “At-myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” diýilmändir ahyryn. Gyzyň oýa batanyny görüp, ýigit sözüniň üstüni ýetirdi: -Ol siziň öýüňize bagtyň buşlukçysy bolup baran bolsa, näbilýäň?! -Hi-i, o nähili bolýa?!...-diýip, Humaý içini çekdi. Serdar Dorhany sygyryp çagyranda, bedew eýesiniň ýanyna çapyp geldi. Ol Humaýyň gupbasynyň aşakýanyndan çekilen gyrmyzy ýaglygy ysganda, ýigit: -Gör, ol seni tanady- diýip ýylgyrdy. Şeýdip, Dorhan ýaş juwanlaryň arasyndaky “ganatly söýgi bedewine” öwrüldi oturyberdi. Indi ýaşlar uly kakyň boýunda ýygy-ýygydan duşuşýardylar, süýjiden-süýji arzuwlar aýdylýardy, baky söýgi hakyndaky wepadarlyk sözleriniň pyşyrdysy aýly gijeleriň gujagyna dolupdy. Şeýle pynhan duşuşyklaryň birinde Humaý ähli şübhelerini serdara açyk-aýdyň aýtdy. Gyz: -Seniňkiler biziň söýgimize çürt-kesik garşy çykarlar öýdüp gorkýan- diýdi. -Beýle zat asla bolup bilmez, men senden özge gyzy hiç wagt söýmen. Ýüregim diňe sen diýip urýar, diňe sen diýibem urmasyny togtadar- diýip, ýigit pert jogap berdi. Soňra:-A sen, Humaýym, başga ýigide bakyp bilermiň?!- diýip, gyzyň ala gözlerine dikanlap seretdi. Gyzyň jogaby nagt boldy: -Ömür ýeke gezeklik berilýändir, diýmek, söýgi hem ýeke gezek berilýändir. Wepa-ygrarym ýeke-täkdir. Şonda aýly gijäniň syrly gujagynda aşyk ýigit magşuk gyza şeýle ertekini gürrüň berdi... Has gadymy zamanlarda bir ýurduň patyşasynyň ýalňyz ogly bolupdyr. Şazada ýigit çykanda, patyşa ony öýermek üçin gelinlik saýlamagyň aladasy bilen bolupdyr. Çünki şazada üçin iň gözel şa gyzyny mynasyp diýip hasaplapdyr. Emma teklip edilen şa gyzlarynyň ýekejesine-de şazadynyň syny oturmandyr. Şonda şazada özüniň ýurt aýlanyp, gelinligini özi saýlajakdygy hakynda kakasyna duýdurypdyr. Patyşa muňa ilki garşy çykan-da bolsa, soňlugy bilen ýalňyz oglunyň erkine kaýyl bolupdyr. Ine, şeýdip, ýaş şazada birnäçe ezber nökerlerini ýanyna alyp, adaty egin-eşik geýnip, ýurduň içine çykypdyr. Olar esli wagtlap obama-oba, şäherme-şäher aýlanypdyrlar, emma şazada öz ýüregini maýyl eden gyza hiç gabat gelmändir. Ahyry ol takdyryna kaýyl bolup, yzyna, şa kakasynyň huzuryna dolanmak kararyna gelipdir. Şol pursat bir ýerden peýda bolan garry çopan olaryň golaýyna gelipdir-de: -Wah, kömek ediň, ýigitler, sürä möjek darady, men garry halyma gapyl galdym- diýip, ýardam soraýar. Ýigitler desbe-dähel atlanyp, möjekleri awlaýarlar we sürini doly parçalanmakdan halas edýärler. Minnetdar garry çopan olary öz goşuna çagyryp, hezzet-hormat edýär. Şazada çopan öýüniň içiniň-daşynyň tämizligini, gap-gaçlaryň arassadygyny, ähli zadyň ýerbe-ýerdigini görüp haýran galýar. Ol garry çopa: -Atam, tüweleme, mal-gara bilen bolsaňyz-da, öý-içeriňize-de esewan edýän ekeniňiz- diýýär. Çopan muňa: -Öý-içeriniň öz perişdesi bolýandyr, ähli zat şoňa baglydyr- diýip, düşnüksizräk jogap berýär. Soňra çaý-çörek, duz-tagam çekilende, şazada datly tagamlara geň galyp: Tüweleme, atam, duz-tagamyň-da diýseň datly eken- diýýär. Garry çopan hem: -Duz-tagamyň öz perişdesi bolýandyr, datly tagamlar şonuň işidir- diýip, ýene-de geňňräk jogap gaýtarýar. Birdenem şazadanyň we nökerleriniň egin-eşikleriniň ol-bul ýyrtylan ýerlerine gözi düşen garry çopan olary tikip bermegi teklip edýär-de, eşikleri alyp, daşaryk çykýar. Az salymdan ol öňküsi ýaly bejerilen egin-eşikleri yzyna alyp gelýär. Şazada: -Atam, size kaýyl galmazça däl, bulary öňküsi ýaly bejeräýipsiňiz-ä- diýip, geň galýar. Çopan bolsa: -Tikin-çatynyň öz perişdesi bardyr, bary şonuň işidir - diýýär. Häliden bäri içi byjyklap duran şazada: -Wah, ol perişde diýýäniňiz kim boldugy, ony tanap bolmazmyka - diýýär. Şonda garry çopan özüniň ýetim gyz agtygynyň bardygyny, onuň heniz dünýäni görmändigini, emma “on barmagyndan dür saçylýan” diýilýän gaýratlydygyny, arman, onuň biraz kemlidigini, ýagny diliniň, eliniň we aýagynyň juda gysgadygyny, özem şo halyna ýeke-täk bir ýigide wepa-ygrar bilen garaşýandygyny aýdýar. Bu geň-taň gürrüňi diňläp oturan nökerler şazadyny bu kemli gyzy görmek isleginden el çekdirmeklige näçe çytraşsalar-da, şazada ýan bermeýär. Şeýlelikde, garry çopan agtygyny öýe çagyrýar. Içerik äden iki örüm şar gara nogta saçlary dyzyndan geçip duran, gyýma galam gaşlary kirpikmen owadan gara gözlerine gelşik berýän, gyrmyzy dodaklary owadan ak ýüzüne bägül kimin ýaraşyp duran misli melek kimin, owadan-näzenin gyzy gören ýigitler, aňk bolup, içlerini çekenlerini duýman galýarlar. Şu ýerde garry çopan öz agtygy Aýjahan barada aýdan göçme manydaky syrly sözleriniň asyl manysyny şazada we ýigitlere birin-birin düşündiripdir, ýagny öýüň, içeriniň-daşarynyň, biş-düşüň, tikin-çatynyň perişdesi diýlip zenanyň saýylýandygy, zenanyň gaýraty we zähmetsöýerliginiň öý-ojagyň rysgal-bereketini artdyrýandygyny, dili, eli we aýagy gysga diýlende bolsa, zenanyň bet sözlerden diliniň, bet işlerden eliniň, bet ýerlerden hem aýagynyň saklanmalydygy hakynda, bir ýigitli gürrüň bolsa, zenanyň uçursyz wepa-ygrarly bolmagynyň esasy häsiýet saýylýandygy hakynda aýdandygy barada düşündiripdir. Şazada şonda Aýjahana owadan altyn tumary sowgat beripdir. Sebäbi ol köşkden çykanda ýany bilen şol tumary hem alyp gaýdan eken. Ol ony öz saýlan gelinligine galdyrmak üçin şeýden eken. Gyssanmaç köşge dolanan şazada şa kakasyna özüne gelinlik saýlandygyny, oňa öz sowgadyny- altyn tumary gowşurandygyny aýdypdyr. Patyşalygyň gyra-çetinde şazadanyň çopan goşuna gabat gelen ýerine baran patyşanyň nökerleri ol ýerden ne gelinligi, ne-de çopan goşuny tapýarlar. Şeýdip, olar gelinligi tapman, yzyna dolanypdyrlar. Sebäbi çopan we onuň agtygy bireýýäm bu örüden göçen eken. Bu wakadan soň şazada gam-gussa batyp, agyr hassalanypdyr. Patyşa ýurda jar çekdiripdir. Şondan soň köşge ýasama altyn tumarlary dakynan gyzlar gelip, özlerini şol garry çopanyň agtygy hökmünde görkezmäge synanyşyp ugrapdyrlar. Emma şazada olaryň hiçisine-de baş galdyrmandyr. Ahyry gürrüň garry çopanyň gulagyna-da ýetipdir. Bir gün köşgkde ýüzi nikaply gyz peýda bolup, özüniň şazadanyň ideýän gyzydygyny mälim edipdir. Ony köşge goýberipdirler. Gyzyň boýnundaky altyn tumary gören dessine şazada ýerinden galyp, gyzyň nikabyny aýrypdyr. Çünki ol altyn tumary-da, gyzy-da derrew tanan eken. Şazada: -Sen meniň şazadadygymy bilmeýän halyňa hut saňa haýsydyr-bir ötegçiniň peşgeş beren tumary hakynda gürrüňiň barýandygyny nädip bildiň?- diýip sorapdyr. -Elbetde, şazadalygyň üçin seni halamandym, çünki men muny bilmeýärdim, tersine, meni kemli diýselerde, görmek isläniň üçin, söýgiňiň pynhan nyşany hökmünde-de şu altyn tumary galdyrýandygyňy duýanym üçin, özüňiň-de irde-giçde meni idejegiňe ýürekden ynanandygym üçin bildim. Sebäbi wepa-ygrarsyz söýgi-de, bagt-da başa barýan däldir -diýip, gyz pert jogap beripdir. Şeýdip, ýetim çopan gyzy şa gelinligine öwrülipdir we ýaş juwanlar myrat-maksadyna ýetipdirler. Soňra bolup geçen wakalar Serdardyr Humaýyň bagtynyň nurly asmanyna bulutlar kimin saýa salýar. Serdar öz söýen gyzyna öýermäge hossarlaryny, hatda özdiýenli garry atasy Söýünhan zergäri-de doly yryp, toý meselesi çözüldim-çözüldim diýlen günlerde ýigit alys ülkelere urşa ugramaly bolýar. Soňky gezek uly kakyň kenarynda duşuşylanda, Serdar şazada we çopan gyzy hakyndaky ertekini ýatlaýar. Şonda Serdar hem Humaýa lagl gaşlary bilen kemsiz bejerilen owadan kümüş tumary sowgat berýär. Gözel gyz kamatyny görke getiren owadan tumar Aý şöhlesine täsin nur çaýýardy. Aşyk ýigit gyza: -Ony men öz ellerim bilen bejerdim, goý, ol biziň päk söýgimiziň hem-de müdimilik wepa-ygrarymyzyň baky nyşany bolsun!- diýip pyşyrdady. Bu sözler aýly gijäniň syrly alagaraňkylygynda, kak suwunyň Aý şöhlesine kümüşsöw öwşün atýan tolkunlarynda ýaňlanyp gidene çalym edýärdi... Uruş hem ýeňişli soňlanypdy, parahat durmuş hem öz hökmüni ýöredýärdi, emma Humaý welin şol Serdaryň ýoluna bakdy ýördi. Ol özüniň şar gara nogta saçlarynyň çuw-ak bolanyny diňe kümüş tumaryny dakynyp, gözgä bakanynda duýup galdy. Wah, söýgi tumary welin şol öňküsi ýaly owadandy... Humaý enäniň täsin ykbaly, onuň baş söýgüsine bolan uçursyz wepa-ygrary Resulyň ýüregini lerzana getiripdi. Şonda ol:”Hökman öz söýgime baky wepa-ygrarly bolaryn!” diýip söz berdi. Ajaýyp toý mekanynda tutulýan bagt toýunyň dabarasy barha göge galýardy. Resul bilen Suraý ak kepderiler kimin, owadan ak güller bilen bezelen ýerde otyrdylar. Alyp baryjynyň sesi ýaňlandy: -Toý gutlagy üçin söz gezegi Durnalykak obasyndan gelen myhmanlara berilýär. Gutlagçylaryň arasynda Humaý enäni gören Resul, ony tanap ýylgyrdy. Ony ýüz ýaşan ene diýip tanyşdyranlarynda, toý mähellesi ör turupdy. Hemmäniň ünsi enededi. Ene ýaşlara süýji arzuwlary aýdansoň, olara bakan gaýtdy. Onuň elinde owadan lagl gaşlar bilen bezelen täsin kümüş tumar bardy. Ol ýiti yşyklaryň nuruna bagtyň parasy bolup lowurdaýardy...

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir