Futbolist gyz (bolan waka) 3- nji bölümi Köýnegim işin gördi diýsem, aglasym gelýalaý, şu wagt nebir telefonjygym işin gördä, däli diýsanim - sen natdiň gyzyň joralarnyň ýanda senem onyň nebir köýnegine kolany düňderdiňä - senem şonyňkylykmaý - ýoklohow, ýöne bolşyňyza men haýranlaý, her hili söýgi bar eken "giňdir dünýa, geňdir dünýa " Aradan bir hepde on gün geçdi Ataş gyzy naçe ýadyndan çykarjak bolsada bolanokdy. Daşary ýurda gitmeli wagty welin ýene bir ýarym aý galypdy .Ejesi bolsa daýzasynyň gyzyn alyp berjek bolýardy. Öýde maňa ýoldaş bolar, şu ýyl öýlendirmän goýjak däl, diýip Ataşy otyrsa dursa Iňirdap gulak kamatyny getirýardi Bir gün Ataş seýilgahiň deňinden gelýarka 11-12 ýaşyndaky oglanjyk otyrgyçda otyran ekeni . Ol onyň ýanyna ýetiberende oglanjyk birden otyran ýerinden titrap başlady, agzyn köpürjekledip gidip barýar . Ataş derrew onyň dilini barlady we taksi tutyp golaýdaky hassahana äkitdi. Hassahana eltip barlatdy we ony tanamaýandygny, ýolda gabat gelendigni aýdyp,ýene hawar tutyp duraryn diýip hassahanadan öýlerine gaýdy Ertesi ejesine bolan wakany aýdyp öýden ony muny alyp kiçijek dostynyň ýanyna gitdi Hassahana baranda ol gözlerine ynanmady. Ol oglanjyk ony görenden - anha meniň halaskärim diýip gygyrdy Oglanjygyň ejesi kakasy Ataşa minnetdarlyk bildirdi. Ol barmana ynha menem geldim diýip eli sokly,alma,narly futbalist gyzy görüp aňkarlyp durdy,we ondan - sen barde näme işleýäň diýip sorady - o soragy men saňa bermeli dami, diýip gyz Ataşa ýüzlendi - bu meniň jigim, seniň bilen nä dahyly bar - bu oglanjyk meniň dostym, men ony düýn hassahana getirip ýerleşdirdim - seniň gürrüň beren ýigdiň şumy diýip jigsinden sorady Jigsi: - hawa meni halas eden şu Gyz bolsa,çalaja ýylgyryp - minnetdar: - diýdi Ataş - men Ataş, tomus kanikula geldim Belorusýada okaýan, ýene bir ýylym bar dynýan - men Aýşat, sport toplymda mugallyma bolup işleýän, çagalara futbol öwretýan - beletle pökgi depişiňden- de Bular ýylgyrdylar. Bu ýylgyryş söýgi ýylgyrşy, bir birine umutly serediş bulary söýgi kenaryna çagyrdy Ol günden soň Ataş göýä ýerde dälde howada pelpeldeýän ýaly, uçup ýördi. Günde ejesine her dürlije nahar bişirdip, hassahana iki gezek gidip gelýardi. Ol Aýşady günde görýardi, onyň bilen öýe ýöräp gaýtýardy, ýolda dürli dürli gürrüňler bilen ony güýmäp, onyň bilen doly öwrenişdi Aýşat hem söýgi odyna tutaşdy, ol ýuwaşady, Ataş wagtynda gelmese gelýanja garaşyp soň bile jigsiniň yzyndan gitýardi Aradan 12 gün geçdi. Erte Aýşadyň jigsi hassahandan çykmalydy Ataş Aýşada - Aýym, men saňa bir zat aýtmalyda - Aýdyber name boldy - meni ejem günüme goýanok, sen göwneseň ejemi ugradaýyn, bir ýarym aýym bar, toý edip okuwyňa ýöremeli, sen ejeme seret, işiňe gidip gel, men gunde hawarlaşyp duraryn, iň soňky ýylym, bir ýyl okasam dynýan - Ataş, toý meseläni täze ýyla goýaýaly, men sensiz nädeýin, okuwyň gutar, men garaşaryn, sen gaýgy etme, men seni indi hiç kime bermen - beý diýmesene enem atamyň ýagdaýyna senem düşün - bor hany ugradyp gör, biziňkiler näme diýerkaler - bolýa: - diýse diýdäm welin garaşylmadyk jogaba uçaýjak boldy Wagtyň azlygy sebäpli bularyň toý sähedi uzaklaşdyrylman boldy. Toýdada Aýşat bir hokgajyk çykaryp aldy. Gyz ýeriň toý güni salondan toý mekana gaýtmaly bolanda, salondan çykan dessine Ataşyň aýagyn basdy Ataşyň - wägäý ,waý aýak basmaly däldirä, şu wagt - basmalymyş, gelnejem aýtdy, nikäm gyýylmaňka barjak ýigdiň aýagyn basyp ýetişseň, soň ýoldaşyň ömür boýy diňe sen diýip ýörermiş!? - aý senem ynanyp ýören zadyňy, ömür menem goşgylar diýip ylgasym ýok - borla bagyşla Ertesi gelinalyjy güni Aýşada atyp bilen ýaglyklarny atyp onyň üstunede agyr kürte atylansoň, ýöreýan ýolynyň diňe aýagynyň uçjagazyn görüp,ýöräp barýan Aýşady, tä ýadygärlikden öýlerine çenli, her ädiminde Ataşyň azajyk aýagyň galdyr çükür bar diýip, düýnkide aýagyn basylmagynyň aryny alyp geldi Toýdan soň toýyň diskin görende Aýşadyň haýaljak ýöräp barýan ýerinde, aralygynda aýagyn galdyprak ýöreýäni bildirip durdy Aýşat - Ataş, nämeüçin beýdiň - maňada gelnejem nikaň gyýylmaňka gyza aýdanyň etdirip bilseň, ömur seniň söziň ýörär durar diýdi - beýtmäňde-de, goňşylaryň diýeni ýöräsi ýokdy: - diýip öz gaýtalaýan sözin özine aýtdy Bir ýarym aý hem geçdi. Ataş okuwyna gitdi Aýşat gözjagazyn ýaşlap galdy Ataş gidensoň, gaýyn enesi bilen gaýyn atasynyň aladasy Aýşada galdy Olary öz ene atasyndan kem görmedi. Işine gidip gelip öýiň işi bilen gumra bolup ýördi. Ataşyň özinden uly bir gyz dogany bardy, oda durmyşa çykandy, ol iki çagasy bilen öýe gezmage gelse ony öýlerine ugradasam gelenokdy. Tiz tizden gelip duraýda diýip, her gezek ugradanda aýdyp galýady Aý gün geçip durdy Aýşat Ataş bilen gunde jaňlaşyp gunde linede gepleşýardi. Ataş ony ýekesiredenokdy. Ilkinji tanyşlygyn ýatlap, her gün güldurip alýardy. Kakowyň el çek şu gyzdan menä gorkýanlaý şu gyzdan diýen gurruňini ýatlaýardy Aýşat toýdan soň kän wagt geçirman hamyla boldy. Bu hawary eşden Ataş uçaýjak boldy Aýşadyň çagasy bolmaly wagty ýakynlaşýardy, ýöne Ataşyň gelmegine ýene bir aý töwerek wagt bardy Şu aýyň 11.06.2016 ýyl güni ,aldym berdime salyp barýan Aýşady çaga dogulýan bölüme getirdiler. Birinji göwrellik bolansoň Aýşat gorkman hem duranokdy. Çaga dogmaly wagty bir iki gün geçipdir eken, togy tutmansoň hassahana barladaly diýip getirlende USB - gynyň netijesi boýunça wagtyndan giçki dogruma gabat gelýardi Derrew lukmanlar emeli togy tutar ýaly sweçka goýdular,aňyrsy 15-20 minudyň içinde ýer bagyrlap çawalanýan Aýşady aldym berdime salyberdi, näme-de bolsa dogrum kadaly ýagdaýda geçdi Aýyň 11.06.2016ý oguljygy dünýa indi. Aýşat ene boldy Gelnine dogrymdan soň gan gerek bolanda Ataşyň dosty Kakow ýetişdi we gerek bolan gany berdi Kakowdan Aýşatda Ataşda 100 mertebe razydy, kyn günde ,ýeke goýmadygy üçin Ataş dostyna Aýşat öýe barýanja günde bejeriş lukmanyndan hawar tutyp durmagyny,oguljygyna seretmegi, Aýşada göz gulak bolmagyny tabşyrdy... Bu bagtly maşgalaň begenje güniniň şatlygyny paýlaşmak üçin, maňa ruhsat beren söýgi wakasyn kagyz ýüzine geçirmek bagty meniň paýyma düşdi Ataş aýyň 15.07 2016ý doly okuwyn dynyp eli diplomly gelmeli, heniz oguljygyn görenok, diňe suratda gördi Şu ýerde hekaýajym tamamlaýan we Ataş+ Aýşat Oguljygyňyzyň ýaşy uzun bolsun, eliňizde dursyn, goç ýigit bolup ýetişsin, enesine atasyna rakyply ýigit bolyp maňlaýňyzdan diresin, size söýeg bolup ýetişsin! Ýene bir gezek ýaşy uzyn bolsun, jany sag bolsun!? Nowça
Nowcha
-
janak
8 years ago
- Mähriban uýam 5gün ýalançy bu şu az ömirde siziñem iñ bagtyýar maşgala bolmagñy beýik ALLADAN dileýän
-
kont
8 years ago
- @Nowcha ertir.com'a nadip girmeli, komek edayda
-
Makestm
8 years ago
- sagbol
-
Makestm
8 years ago
- kont agende giryanmi
-
Makestm
8 years ago
- kont agende giryanmi
-
kont
8 years ago
- Yok giremok tel nomerim:65860353, hawarlaşalyda
janak 8 years ago- Berekella sag bol mähriban