Pähim-paýhasy, gujurgaýraty bilen alnyp barylýan il-ýurt bähbitli syýasat netijesinde mähriban Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, ilatyň ýaşaýyş derejesi barha gowulanýar. Şeýle-de bilim ulgamynda bolup geçýän özgerişlikler, döredilen mümkinçilikler biz - mugallymlaryň ruhuny galkyndyrýar, işe bolan höwesimizi artdyrýar. Ýaş nesle çuň bilim bermek, Watana, halka söýgi döretmek, zähmet we watançylyk terbiýesini bermek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň başlangyç bilimleriň pedagogikasy we metodikasy fakultetini tamamlap, Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebe başlangyç synp mugallymy bolup işe gelenime 12 ýyl boldy. Şol döwrüň içinde maňa birnäçe gezek çagalary 1-nji synpa kabul etmek miýesser etdi. Her ýylyň 1-nji sentýabr güni güler ýüzli, päkize çagajyklary kabul etmek biz - mugallymlar üçin iň bagtly we şatlykly pursatlaryň birine öwrülýär. 1-nji synpa gelen okuwçylar öwredilýän temany dürli-dürli kabul edýärler. Munuň sebäbiniň olaryň okuwa taýýarlygynyň dürlüdigindenligi düşnükli ýagdaý. Emma nähili edilende munuň dogry boljakdygy ata-enä bagly. Käbir ata-ene çagasynyň gowy okamagyny isläp, oňa çagalar bagynda öwrenenleriniň daşyndan goşmaça okuw geçýärler. Çagadan okamagy, ýazmagy talap edýärler. Netijede, çaga ruhy taýdan ýadap, onuň okuwa bolan höwesi gaçýar. Ene-atanyň bu hereketini nädogry hasap edýärin. Sebäbi, çagalar bagynda çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyk gelýän sowat, bilim düýpli berilýär. Çaga elinde galam, ruçka tutmagy, hat ýazmagy, sanamagy, reňkleri tapawutlandyrmagy öwrenip, mekdebe taýýar gelýär. Emma ata-eneleriň çagany, bakja bagyna bermedik ýagdaýyna hem duş gelmek bolýar. Bu ýagdaýda çaga daşky gurşawdan bihabar ösýär. Okuw döwrüniň ýakynlaşmagy bilen «Sen indi okuwa gidersiň», «Tizden sen 1-nji synp okuwçysy bolarsyň», «Seniň okasyň gelýärmi?» diýen gürrüňleri ýygy-ýygydan eşidýän çagada okuwa gyzyklanma döreýär. Şonuň üçin ata-ene çagany öňünden taýýarlamaly. Ýagny, oňa okuw barada gürrüň berip, mugallymyň aýdan her bir sözüni üns bilen diňlemelidigini, pugta özleşdirmelidigini, berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmelidigini, şeýle edende okuwy 4-lük, 5-lik bahalar bilen gutarjakdygyny, okuwyny ýokary okuw mekdeplerinde dowam edip biljekdigini düşündirmeli. Çagada okuwa diňe bir gyzyklanma däl, eýsem ilki bilen höwes döretmek gerek. Öýüňizde çaganyň özüni alyp barşyna üns beriň. 01 stoluň başynda, telewizor görende dik oturmagy başarmaly. Garşylykly ýagdaýda oňa okuwda, sapak döwründe dik oturmak kyn bolýar. Okuwa gatnap başlan çaga mydama ata-enäniň, mugallymyň gözegçiligi astynda bolmaly. Ata-ene öz çagasyny ünsden düşürmeli däl. Günde onuň bilen gün tertibi, sapaklaryň geçişi, ýoldaşlary bilen aragatnaşygy barada gürrüň edilse, özüne bolan ünsi, aladany, mähri duýan çagada okuwa höwes artýar. Şol bir wagtyň özünde ata-ene mugallym bilen hem gatnaşyk saklap durmaly. Okuwa bermezden ozal çagaňyzy synlap görüň: Çagaňyz özünden ulularyň aýdanlaryna gulak asýarmy? Ünsli diňlemegi, dogry we takyk jogap bermegi başarýarmy? Daş-töwerek bilen bolan gatnaşygy nähili? Okuwa taýýarlamak maksady bilen çagalara harp, san öwretjek diýip, olary gyssamaň. Çaga öwrenen mahaly höwes bilen öwrenmegini, harplary, sanlary aýdanda dogry, takyk aýtmagyny gazanyň. Lukmançylyk barlagyndan geçireniňizde lukmanlaryň tabşyryklaryny üns bilen berjaý ediň. Birinji sentýabr gününiň çagaňyz üçin iň şatlykly gün bolmagyny gazanyň. Öýüňizde hökmany suratda çagaňyz üçin öý işini ýerine ýetirer ýaly amatly şert dörediň we gözegçilik ediň. Çagaňyzyň özüne laýyk gün tertibi bolsun. Ir ýatyp, ir turmagy, belli wagtda öý işlerini, öýe tabşyrylan ýumuşlaryny ýerine ýetirmegi öwrediň. Şeýle edilende bu çaga üçin endik bolup galýar. Çaga öz eden işine jogapkär bolmagy başarsyn. Bilim ulgamynda ýaş nesliň sowatly kemala gelmegi üçin zähmetiň inçe tärlerine uly üns berýärin. Şu okuw ýylynda meniň paýyma 1-nji synp düşdi. Bu çagalar bilen düşünişip, umumy dil tapyşyp, döwre laýyk işlärin diýen umydym bar. Ýaş nesil - Watanyň, halkyň röwşen geljegidir. Biz - mugallymlar bolsa, şol röwşeniň ruhlandyryjylarydyrys. Dünýagözel Ahmedowa, Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir