„Google" kompaniýasynyň internetde ýerleşdirýän mahabatlarynyň içinde awtomobil bilen baglylaryna has köp gyzyklanma bildirilýändigini kesgitläpdirler. Dürli kysymly ulaglaryň muşdaklary awtomobilleriň satuwy, olary karzyna almagyň ýollary we ätiýaçlandyrmasy bilen bagly mahabatlary uly höwes bilen okapdyrlar. Iň ýörgünli mahabatlaryň sanawynda dükanlardaky harytlar we ýerli bildirişler (iş ýerleri, howa maglumaty we beýlekiler) degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýeläpdirler. Bu saýtda tekst arkaly mahabat bermek 2000-nji ýylda ýola goýlup, hä¬zirki wagtda onuň hyzmatyndan millionlarça adam peýdalanýar. Adamlaryň has köp isleg bildirýän mahabatlarynyň arasynda kompýuter we elektronika bi¬len baglylary telekommunkasiýalardan öňe geçip, 4-nji orna düşüpdir. Senagat harytlary bolsa, ilkinji 10-lugyň iň soňky basgançagyny düsupilir. Kanadanyň "Daymak "kompaniýasy "Shadow Ebike" ady bilen innowasion taslamany durmuşa geçirýär. Bu taslama esasynda ýasalan welosipediň aýratynlyklarynyň biri hereket edýän mahaly elektrik energiýasyny öndürip bilýandiginden hem-de ony islendik hajatlar üçin ulanmagyň mümkindiginden ybaratdyr. Agramy 26 kilog¬ram bolan bu ulag serişdesine 36 woltluk akkumulýator oturdylypdyr. Onuň akkumulýatorynyň güýji elektrowelosipede 25-30 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Eger-de, hereketi onuň çarhyny aýlamak bilen dowam etdirseň, bu aralyk 35-40 kilometre ýetýär. Onuň tizliginiň sagatda 32 kilometre barabardygyny aýtmak gerek. "Solar Sailor" kom¬paniýasynyň öndüren gibrid gämisi hem elekt¬rik energiýasy, hem-de ýangyç bilen herekete gelýär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň "Hybrid Marine Power" diýip atlandyran tehnologiýasy esasynda taýýarlanylan bu gämi Gün energiýasy arkaly hem işleýändigi bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekipdir. "Solar Wing" atly tehnologiýa boýunça öndürilýän gämiler diňe Gün energiýasynyň hasabyna işleýärler. Onuň ulanmakda amatlydygy üçin "Solar Sailor"-iň gibrid gämileri indi birnäçe ýyl bäri Sidneýiň portunda üstünlikli işleýär. Şol gämilere köp ýurtlarda uly isleg bildirilýär. ABŞ-nyň dükanlarynda peýda bolan sakgyjyň esa¬sy aýratynlygy, onuň düzüminde witaminleriň ýeterlik mukdarda bolmagy bilen baglydyr. Bu sakgyjy çeýnän mahalyň witaminleriň bir günde gerek bolan möçberini alyp bolýandygy habarlarda beýan edilýär. Olar B-6 we B-12 witaminlerinden gaýry oňa geljekde energetik içgilerde ulanylýan ýokumlaryň hem goşuljakdygy bu önümiň gadyryny artdyrar. "Kraft Foods" şereketiniň düzümine girýän "Stride" hem-de "Tri¬dent" brendleriniň astynda öndürilýän sakgyçlaryň ilkinjisinde C witamini bilen ženşen agdyklyk eder. Ilkinji synaglardan üstünlikli geçen bu witaminli sakgyçlara esasan, 23-27 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň uly isleg bildirýändiklerini hasaba alypdyrlar. Fotoapparat önümçiliginde bütin dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän "Ni¬kon" kompaniýasy alyjylaryny täze we döwrebap önümleri bi¬len geň galdyrmagyny dowam edýär. Şonuň netijesinde olaryň girdejisi-de köpelýär. "Nikon" kompaniýasynyň ýolbaşçyla¬ry optikasy çalşylýan sanly fotoapparatlarynyň satuwyny 80 göterime çenli ýokarlandyrylmagy olaryň sanyny 6 milliondanam geçirmegi meýilleşdirýär. Ýaponiýaly hünärmenleriň birleşen tagallasy bilen ýylsaýyn täze belentliklere çykýan şereket Aziýada hem, dünýäde hem söwdasy oňýan kompaniýalaryň biri ha¬saplanýar. Olaryň dünýädäki ösüşiniň 26 göterime deň bolandygy hem bu aýdylanlary tassyklaýandyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir