Ýurdumyzyň her bir obasy, şäheri günsaýyn ösýär, özgerýär we gözelleşýär. Şol hatarda Watanymyzyň paýtagty hem bolan baş şäherimiziň binagärlik keşbi barha gözelleşýär. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowurak bolan 2 müňden hem köp iri desgalaryň gurluşygy alynyp barylýar. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda Paýtagtymyzyň tutýan çaginiň giňelmegi, onda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda innowasiýa tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerim bilen ösmegi göz öňünde tutulan. Şol bir wagtyň özünde öňden bar binalaryň 3600-den gowuragynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilen. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji we 14-nji tapgyrlarynyň çäklerinde gurulyp ulanylmaga berilen we gurluşygy dowam etdirilýän binalar we desgalar häzirkin zaman binagärlik sungatynyň talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem olar gurulyş we ýerleşiş taýdan ulgamlaýynlygy bilen tapawutlanýarlar. Gün-günden özgerýän Aşgabadymyzda gurulan desgalaryň biri däl, eýsem birnäçesi, şol sanda onuň özi hem “Ak mermer” şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda gözel Paýtagtymyz parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek boýunça dünýä ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýokarda aýdylanlar ak mermerli baş şäherimiziň mundan beýläkde has batly ösjekdigine we gözelleşjekdigine şaýatlyk edýär. Ýöne gynansakda, öň hem belleýşimiz ýaly, şeýle gözellik bilen sazlaşmaýan ýagdaýlara hem duş gelmek bolýar: binalara ýanaşdyrylyp bikanun we özbaşdak gurulýan bassyrmalar we jaýjagazlar, emeli diwarlar we başgalar (halk arasynda “pristroýka” adyny alan). Olar diňe bir binanyň gözelligini bozmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşaýjylar üçin hem amatsyzlyklary döredýärler. Tiz kömek, ýangyn söndüriji ulaglaryň bina golaý gelmegine päsgel berýärler. Bir zady aýratyn belläsim gelýär: bikanun, şäheriň keşbine zeper ýetirýän goşmaça gurluşyklary amala aşyrýan adamlar diňe öz bähbitlerini araýarlar we beýleki raýatlaryň hukuk drejesini bozýandyklaryny nazarda tutmaýarlar. Haçanda olardan bikanun gurluşytklaryny kanun esasynda aýyrmaklary talap edilende “Biziň hukugymyz bozulýar” diýip nägilelik bildirýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň: “... ilki özüň düzetgil” diýen wesýetini ýatdan çykarmalyň. Biz netije barada dälde, eýsem şu ýagdaýa düşülmeginiň sebäpleri barada açyk gürrüň edeliň, Sebäbi hiç bir raýat hem öz öýünüň, öz köçesiniň, öz ýaşaýan şäheriniň gözelligine şikes ýetirmek isleýän däldir, geliň hemmämiz öz şäherimiziň, öz ýurdumyzyň hakyky janköýerleri bolup ýaşalyň, onuň gözel keşbine bilelikde guwanalyň we buýsanalyň! Çünki bu eşretler bizden soňky neslimize miras galmaly. Goý olar bizden kämil we gözel şäheri miras alsynlar!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir