-Ruluň başyna geçsem, özümi hudaý ýaly duýýan. Men-ä, sürýän, ärim bolsa, çokunýar. *** Iki joranyň gürrüňinden: -Aýrylyşalym bäri öňki ärim her günde telim gezek jaň edýär. -Ötünç soraýandyr haram-zada... -Ýok-la, minnetdarlyk bildirýär. *** Dermanhanada: -Sizde ýodly kaliý barmy? -Ýok, beýlekisi-hä bar. -А olaryň tapawudy ulumy? -Ýok-la, bary-ýogy 5 manat. *** Keselhana kellesine ýara düşen erkek kişini getirýärler. Şepagat uýasy resminama dolduryp otyrka sorag berýär: -Öýlenenmi? -Ýok-la, meň munym maşynyň aşagyna düşmegim sebäpli boldy. *** Aýaly gijäniň ýarymynda aýylganç sese oýanyp, ärine ýüzlenýär: -Näme, beýle ýürekýargynç gygyrýaň? -Gaty erbet düýş görüpdirin. Düýşümde ýene öýlenýän, özem ýene-de saňa öýlenýän. *** Söýgüde-de motosikldäki ýaly üçünji artykmaç bolýar. *** -Kolýan, hany sen kimi okaýanyňy aýt, men seň kimdigiňi aýdaýyn. -Aý, men Tolstoýy, Puşkini, Lermontowy okaýan. -Kezzap sen, Kolýan, kezzap. *** Iki sany aşyk-magşuk gürleşýär: -Ezizim, sen meni näme üçin söýýärsiň? -Owadanlygyň, gelşikliligiň, degişmä düşünýändigiň üçin söýýän, ezizim. А sen meni näme üçin söýýäň? -Seň mädäň şeýle iriligi üçin söýýän. *** Men duşenbe güni oýandym-da sişenbe güni işe gitmegi niýet edindim, ýöne çarşenbe güni penşenbede ýagyş ýagjagyny bildim, onsoň anna güni şeýle pikir etdim: şenbe güni işe gitmek nämä gerek, barybir ýekşenbe güni dynç güni boljak ahyry... *** -А gyz, siziň sagadyňyz barmy? -Bar. Ýediň ýary bolupdyr. -Siz maňa düşünmediňiz. Sagadyňyz bar bolsa, ony sypyryň-da, bärik äberiň! *** -Bilýärsiňizmi näme, siziň aýalyňyz meniň düýşüme giräýipdir. -Hawa, onsoň, ol size näme diýdi? -Hiç zadam diýenok. -Bolup bilmez, eger geplemedik bolsa, ol meniň aýalym däldir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir