Iki adamyň gürrüňinden: —Bir adamyň aýaly ýaltarak eken. Çörek bişireninde, hamyryny bir gyzy alyp gitmeli, bişende, ýene biri alyp gaýtmaly. —Şükür etsin! —Nämesine şükür etmeli? —«Özümem arabaly äkidip getiriň» diýäýse nätjek... * * * Iki dost duşuşýar. Biri beýlekisine ýüzlenýär: —Ýör, öýe baraly! —Ýok, öýe barmaly! —Hä, näme üçin? —Aý, özüm öýden gaçyp gelýän-dä. * * * —Ulalypsyň öýdýän, adam tanaňog-aý! —Wah, heniz adam dälsiň, ýogsa tanardym. * * * —Kаkа, ejem şäherden geldimi? —Hawa, geldi. —Näme getirdi? —Bir kasseta gybat. * * * —Kakasy, dükana üç ýüzli aýna gelipdir, alaýaly? —Ýok, bir ýüzli Aýnaň dilini zordan tapýan. * * * Mal lukmany bilen bolan gürrüň. —Buzaw gyrýan dermanyň ýokmy? —Tutup getir, sanjym edip öldüräýeris. * * * —Kаkа, maňa welosiped alyp beräý-dä? —Sen pyýadakaň gözläp tapyp bilemzok, kowup ýetip bilemzok, welosiped alsaň dagy näderis...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir