Elkyssa Ependi... Batyrlyk Dostlar üýşüp çaýhanada otyrkalar, batyrlyk barada gürrüň edilipdir. Bir ýigit: —Meniň yzymdan adamçy öküz kowalady, şonda-da gorkmadym. Dagyň içinde maňa bars topuldy, şonda-da gorkmadym. Meni ýyldyrym urdy, şonda-da men gorkmadym. Dünýäde iň batyr adam mendirin—diýipdir. Ependi elindäki käsesini gapdalynda goýupdyr-da: —Ýok, iň batyr adam, elbetde, men—diýipdir. Oturanlar Ependiniň öwünmäni halap ýörmeýän salykatly adamdygyny bilensoňlar, geň galyşyp: . —O1 neneňsi beýle bolýar?—diýip sorapdyrlar. Ependi: —Sebäbi öýde bir çümmük çaý, bir ýanowuç şaly bolmasa-da, öýe myhman gelende, men olardan gorkamok— diýipdir. Barlag Günlerde bir gün Ependi öýüne garga alyp gelipdir. —Saňa garga nämä gerek boldy?—diýip, aýaly ondan sorapdyr. —Alymlar: «Garga üç ýüz ýyl ýaşaýar» diýýärler. Şolaryň diýýani dogrumy ýa-da ýalanmy, şony barlap görjek—diýip, Ependi jogap beripdir. Ependiniň degişlek bolşy Ependi bir gün garry köpegi görüp, ol adam ýaryp bilerem öýtmän, bir taýak alyp, oňa tarap topulypdyr. It böküp ýerinden galypdyr-da, dişlerini şatdyldadyp, hyňranyp başlapdyr. Ependi eden pikiriniň çöwre bolanyny bilensoň, taýagyny taşlap: —Ýeri, bolýar-la, hyňranmasana! Seniň bilen indi degişmegem bolmazmy näme?!—diýäýmekden başga alaç tapmandyr. Ýaşaýyş hemmä gerek Ependi bir hozy döwjek bolupdyr welin, ol depesinden uran daşynyň aşagyndan sypyp zyňlyp gidipdir. Ependi: —Dünýäň gurluşynyň täsindigini, hemme zat, hatda jansyz zatlaram ölümden gaçýan eken—diýipdir. Maslahat Ependiniň goňşusy: —Men düýşümde ýolda ýatan çüýüň üstünden basypdyryn. Aýagym şeýle bir agyrdy welin, heý, çydar ýaly bolmady—diýipdir. Oňa Ependi: —Beýle bolsa ädikli ýatybererler-dä—diýip maslahat beripdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir