Umumyadamzat taryhynda mynasyp yz galdyran - ynsanyýetiň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň ösüşine uly goşant goşan merdana türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda iňňän çylşyrymly we şöhratly ýoly geçen, asylly ruhy-ahlak häsiýetlerini we baý milli medeni mirasyny asyrlaryň dowamynda mizemez derejede gorap saklamagy başaran milletdir. Türkmeniň öz mähriban topragynyň eýesi bolmak, bütewi milli döwleti esaslandyrmak baradaky ençeme asyrlaryň dowamynda nesilme-nesil arzuwlap gelen mukaddes yhlas-arzuwlarynyň hasyl bolmagyna getiren Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, milli aňyýetine, durmuş tejribesine, milli mirasyna, milli häsiýetine esaslanýan, häzirki zaman garaşsyz, özygtyýarly, demokratik, dünýewi, hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini berdi. Taryh üçin örän gysga döwürde ýaş döwletimiz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap iňňän okgunly we netijeli ýoly geçmegi hem-de halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň derejesinde yzygiderli gazanýan oňyn netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Indi Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, häzirki zaman demokratik we dünýewi döwlet hökmünde doly ykrar edildi. Garaşsyz döwletimiziň taryhyna ser salsak, ýaňy özygtyýarlygyny gazanan ýaş döwletimiziň öňünde şol döwürde ýurtda asudalygy, parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi we jemgyýetçilik bitewüligini üpjün etjek döwlet-hukuk gurluşyny işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak; bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan kuwwatly senagaty, adam üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etjek ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kemala getirmek; demokratik jemgyýeti, hukuk we dünýewi döwleti gurmak; döwletiň howpsuzlygyny we dünýä bileleşigine syýasy-ykdysady taýdan deňhukukly, çalt we netijeli goşulmagyny üpjün etjek hem-de ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň gazanylmagyna hyzmat etjek daşary syýasat strategiýasyny işläp düzmek we üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak; ýaş döwletiň howpsuzlygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek ýaly iňňän möhüm meseleleriň durandygyny görýäris. Öňki SSSR-ň dargan we GDA-ň döredilen döwründen soňky halkara jemgyýetçiligi üçin çylşyrymly we wehimli bolan pursatlarda howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etjek çözgüdiň tapylmagy ykbal kesgitleýji möhüm ähmiýete eýedi. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmak ýoluny saýlady. Ýurdumyzyň bu ugurdaky tutanýerliligi we maksadaokgunlylygy hem-de Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygy netijesinde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1995-nji ýylda Yslamabatda geçirilen duşuşygynda Türkmenistan halkara guramasynyň çäginde ilkinji gezek özüniň Bitaraplyk derejesi baradaky başlangyjyna goldaw tapdy. Döwletimiziň bu başlangyjy sebit boýunça goňşy ýurtlarymyz hem-de Goşulmazlyk Hereketi tarapyndan hem doly goldanyldy. Bitaraplyk ýörelgesi halkara gatnaşyklarynda ir döwürden bäri gollanylyp gelýär we Bitaraplyk düşünjesine syýasaty öwreniş (politologiýa) ylmynda şeýle kesgitleme berilýär: 1) kesekiniň dawasyna, taraplaryň gapma-garşylykly göreşine gatyşmazlyk; 2) döwletiň aýratyn hukuk statusy (ýagdaýy, derejesi) bolup, döwletiň harby gapma-garşylyklara (uruşlara) we harby-syýasy bileleşiklere goşulmazlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny ýöredýändigini aňladýar. Bitaraplyk harby we parahatçylyk döwründe amala aşyrylyp bilner. Bitaraplygyň birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar: 1) hemişelik Bitaraplyk (Şweýsariýa, Awstriýa we Türkmenistan tarapyndan halkara tertibinde resmileşdirilen); 2) şertnama esasyndaky Bitaraplyk; 3)däbe görä (tradision) Bitaraplyk (uzak möhletiň dowamynda Swesiýa tarapyndan saklanylyp gelýär); 4) oňyn Bitaraplyk. Halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhynda Bitaraplygyň ýörelgeleriniň düzüm bölekleriniň dürli döwürleriň dowamynda döwletler tarapyndan gollanan halatlary mälimdir. Ýöne dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşygyň esasy görnüşi hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saýlap alan ýeke-täk döwlet däldigine seretmezden, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk modeli aýratyn tapawutlydyr - Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Bu barada Türkmenistanyň hormatly Prezidenti 2010-njy ýylyň dekabrynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda şeýle belläpdi:”Bitarap döwletiň hukuk ýagdaýyny kabul edendigiňi ýöne bir yglan etmegiň özi howpsuzlygyň halkara kepillendirmeleriniň alnandygyny aňlatmaýardy. Ine, şonuň üçin hem öz Bitaraplyk baradaky meýilleriňi bütindünýä bileleşigi bilen ylalaşmagyň heniz ulanylmadyk usuly döredildi. Netijede, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň umumy ylalaşmagy arkaly ýurdumyz dünýäde ilkinji bolup Bitaraplygyň halkara hukuk ýagdaýyna eýe boldy”. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda ajaýyp taryhy waka bolup geçdi. Çünki şol gün iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda „Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky“ Kararnamany (Rezolýusiýany) kabul etdi. Dünýäniň 25 döwleti bu taryhy Kararnamanyň awtordaşlary bolandygyny bellemeklik ýerliklidir. Taryhy Kararnama kabul edilenden kän wagt geçmezden, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda „Türkmenistanyň milli baýramçylygyny - Bitaraplyk gününi bellemek hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, „Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgeşme we goşmaça girizmek hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny, „Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda“ Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny, „Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatnamasy“, „Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalary hakyndaky“ Jarnama kabul edildi. Bu hukuk resminamalary döwletimizde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýuridiki taýdan doly resmileşdirilmegi boldy. Hemişelik Bitaraplygyň özi hukuk derejesinden ybaratdyr we ol wagt taýdan çäklendirilmeýär hem-de öz ähmiýetini saklap galýar. Halkara ylalaşygynda ýa-da halkara guramasynyň dünýä bileleşiginiň agzalary üçin niýetlenen kararynda beýan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden Bitarap döwletiň eldegirilmezligini bozmakdan saklanmak borjy gelip çykýar. Bitarap döwletimiz goranmak maksady bilen ýaragly güýçlerini we desgalaryny saklamaga we Bitaraplygyna we Özygtyýarlygyna kast edilen ýagdaýynda goranmak maksady üçin peýdalanmaga doly hukuklydyr. Bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly ýurdumyz birnaçe borçnamalary hem öz üstüne aldy we olary gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Bular öz-özüňi goramakdan başga halatlarda uruşdan saklanmak; parahatçylyksöýüjilikli syýasaty ýöretmek; harby-syýasy bloklara, ylalaşyklara gatnaşmazlyk; hemişelik Bitarap döwleti urşa çekip biläýjek ylalaşyklary baglaşmazlyk; beýleki ýurtlar bilen dostlugy pugtalandyrmak, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goldamak ýaly borçlardyr. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Jarnama esasynda adam hukuklaryny giňeltmek boýunça goşmaça borçnamalaryň kabul edilmegi döwletimiziň içeri syýasaty üçin hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ilkinji ýüze çykmasy boldy- Türkmenistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup ölüm jezasyna ilki maratoriýa girizdi, soňra bu jeza çäresini doly ýatyrdy we ömürlik gadagan etdi. Şonuň ýaly-da ýurdumyzda demokratiýany giňeltmek, adam hukuklaryny berjaý etmek ulgamy yzygiderli we maksatnamalaýyn ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Hemişelik Bitarap döwlet öz üstüne alan borçlaryny berjaý edýärkä, halkara hukugy boýunça beýleki döwletler onuň hemişelik Bitaraplygyny hormatlamaga borçludyrlar. Halkymyzyň däp-dessurlaryndan, erk-isleginden, milli aňyýetinden, ruhy-ahlak garaýyşlaryndan, ilkinji nobatda, milli bähbitlerimizden ugur alyp, döwletimiz hemişelik Bitaraplygy saýlap aldy we oňa ygrarly bolmagyna galýar. Ata Watanymyzyň ummasyz baýlyklarynyň, merdana halkymyzyň parahat durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň, nesillerimiziň asuda-bagtyýar geljeginiň ygtybarly goralmagyny üpjün edýän hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň mizemez binýadyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu barada şeýle jaýdar sözleri bar: „Türkmenistan Bitarap ýurtdur we özüniň ähli daşary syýasat hereketlerine hut şu nukdaýnazardan garaýar we „Açyk gapylar“ ýörelgesinden hem-de halkara giňişliginde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur alýar“. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň adalatly, ynsanperwer we parahatçylyksöýüji döwlet syýasatynyň barha dabaralanmagy, döwletimiziň daşary syýasatynyň strategiýasyny düzýän aýdyň meýiller, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary saklamak ýörelgeleri parahatçylyga we deňhukuklylyga, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine has-da giň, netijeli ýollary açýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän halkara hukuk ýagdaýyny (statusyny) – hemişelik Bitaraplyk derejesini ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbitlerine peýdalanyp, abadançylygyň we ählumumy ösüşiň hatyrasyna giň gerim alan başlangyçlaryny günsaýyn pugtalandyrýar. Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly transport mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ynsanperwerlige we sagdyn pragmatizme esaslanýan syýasatynyň we taýsyz tagallalarynyň, syýasy erkiniň, şahsy gujur-gaýratynyň, Watanyna we eziz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesinde halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitleri üçin ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmekde uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpugurlylygyna (diwersifikasiýasyna) esaslanýan ýörelgeleri yzygiderli amala aşyrmak arkaly, Merkezi Aziýada gaz geçirijileriň täze, köpugurly ulgamynyň kemala gelmeginiň başyny başlan „Türkmenistan-Özbegistan—Gazagystan-Hytaý“ transaziýa gaz geçirijisini ulanmaga girizmek bilen, ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda anyk ädim ätdi. Eýran Yslam Respublikasyna mawy ýangyjy ibermekde ikinji gaz geçirijini- „Döwletabat-Sarahs-Hangeran“ gaz geçirijisini işe girizmek, „Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan“ transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan çäreleriň durmuşa geçirilmegi türkmen gazyny energiýa serişdelerine islegi barha artýan Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin kuwwatly itergi boljakdygy ikuçsyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty halkara diňişliginde giň goldaw tapmak bilen, biziň döwletimiz bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň has-da artmagyna alyp geldi. Häzirki wagtda biziň Watanymyz bilen diplomatik hem-de hyzmatdaşlygyň giň we köptaraply ugurlary boýunça gatnaşyklary ýola goýan dünýäniň ösen döwletleriniň hatary yzygiderli artýar. Ata Watanymyz häzir dünýäniň 130-dan gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň 44-siniň işjeň agzasydyr. Biziň ýurdumyzda iri halkara guramalarynyň ondan gowragynyň wekilhanalary işleýär. Döwletimiz tassyklan halkara Konwensiýalarynyň we Şertnamalarynyň sany ýylsaýyn artýar, ýurdumyzda halkara derejesindäki forumlar, festiwallar, ylmy-amaly maslahatlary, daşary döwletleriň Medeniýet günleri, sergileri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýynyň pugtalanýandygyna, Hormatly Prezidentimiziň dünýäde görnükli syýasyatçy we döwlet işgäri hökmünde abraý-mertebesiniň has-da artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa güwä geçýän mysallar näçe diýseň bar. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-ň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylyň aprelinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy- „Ýewropa öýi“ açyldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji sessiýalarynyň wise - başlyklygyna saýlanmak hormatyna eýe boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda, 2008-nji ýylda dünýäniň 192 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde halkara energiýa geçirijileriniň ygtybarly howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça BMG-ň ýörite „Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakyndaky“ Rezolýusiýasy kabul edildi. 2013-nji ýylyň maý aýynda şeýle Rezolýussiýa ikinji gezek kabul edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti BMG-ň 2010-njy ýylda geçirilen 65-nji hem-de 2011-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen 66-njy, 2015-nji ýylda geçen 70-nji sessiýalarynda hem birnäçe möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistan 2012-nji ýylyň aprelinde BMG-ň möhüm düzüm birligi bolan Ýewropa ykdysady toparynyň başlygynyň orunbasarlygyna, şol ýylyň noýabrynda BMG-ň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar üçin agzalygyna, şu ýylyň 13-nji noýabrynda bolsa, 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Munuň özi „Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyz 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň“ üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Türkmenistan parahatçylyksöýüji, konstruktiw syýasaty ýöretmek arkaly, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek, terrorçylyga, ekstremizme, separatizme we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek baradaky tagallalary birikdirmek, suwdan rejeli peýdalanmak, Araly halas etmek, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, häzirki zamanyň parahatçylygy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetiki, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna we beýleki global wehimlerine garşy netijeli göreşmekde halkara giňişliginde taryhy ähmiýetli syýasy başlangyçlary bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti BMG-ň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda eden taryhy çykyşynda şeýle nygtady:“ Maksatlary anyk goýmaga, olary amala aşyrmagyň geljegini görmäge we munuň üçin netijeli halkara mehanizmlerini seçip almaga esaslanan ulgamlaýyn çäreleriň zerur bolup durýandygy has aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan bu maksatlary şeýle kesgitleýär: ösüş arkaly parahatçylyk“. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hut özüniň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygy halkymyzyň ýüreginde buýsanç duýgularyny oýarýar. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi döwletimiziň özygtyýarlygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini gorap saklamak, onuň howpsuzlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Watanymyzy azat, demokratik ýurt hökmünde berkarar etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek wezipelerine hyzmat edýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti BMG-ň 62-nji sessiýsynda eden çykyşynda şeýle diýdi:“Wagt biziň ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dürslügini we esaslydygyny görkezdi. Biz döwletimiz üçin taryhy ähmiýetli wakanyň-Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararnamanyň kabul edilmeginiň hut şu ýerde bolup geçendigine hakly buýsanýarys. Bitaraplyk baradaky kararnama biziň daşary syýasat ugrumyzyň binýadyna hakykat ýüzünde öwrüldi hem-de içeri syýasatymyzyň aýratynlyklaryny köp babatda kesgitledi“. Bu gün gadymy hem müdimi türkmen topragynda höküm sürýän parahatçylygyň we abadançylygyň binýadynda döwletimiziň belent halkara derejesine we bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen, hoşniýetliligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň aýdyň ýoly hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň iňňän uly ornunyň bardygy aýdyň hakykatdyr.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir