Germanýa 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Rus birleşige duýdansyz çozdy. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý döredi. Türkmen ýazyjy-şahyrlary-da german basybalyjylaryna garşy hem ýaragly, hem çeper sözleri bilen göreşdiler. Watançylyk urşy edebiýatyň baş mowzugyna öwrüldi. Şygryýet görnüşi. Türkmen edebiýaty okyjylaryny ýowuz duşmanyň garşysyna göreşmäge çagyrýardy. Urşuň ilki döwürlerinde çagyryş äheňli goşgular halkyň duşmana bolan gahar-gazap duýgusyny oýarmakda, göreşmek hyjuwlaryny tijemekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň halk şahyrlary Durdy Gylyjyň Bökdemäň meni, Ata Salyhyň Watan bizi ar almaga çagyrýar, Gara Seýitliýewiň Halkym ýaly söweşjeň ruhly goşgularynda, Berdi Kerbabaýewiň, Gara Burunowyň, Nurberdi Pommanyň, Ruhy Alyýewiň, Kemal Işanowyň, Ata Nyýazowyň, Hoja Şükürowyň we beýlekileriň watançylyk häsiýetli eserlerinde duşmana bolan ýigrenç, onuň ýeňiljegine bolan berk ynam batly ýaňlandy. Ata Salyh urşuň ilkinji ýyllarynda döreden Ýeňjegimiz hak! diýen şygrynda halkymyzyň adalatly söweşiniň ýeňişli tamamlanjakdygyna berk ynam bilen şeýle ýazypdyr: Galamym bäşatar, sözlerim-de ok, Ata Salyh diýer, ýeňjegimiz hak! Halk şahyry Durdy Gylyç özüniň watançylyk joşgunyny we duşmana bolan çäksiz gahar-gazabyny belent hyjuw bilen beýan edip, halky söweşe, beýik ýeňşe ruhlandyryp, Bökdemäň meni goşgusynda şeýle ýazýar: Watan goramaga pikrimi berdim, Bagtymyň bedewin mündüm-de sürdüm, Duşmana gülledir sakgalym, murtum, – Gözi ýok garry — diýip, bökdemäň meni! Bu goşgyny okan adamlar batyldygyna garamazdan, agyr günde halk bilen dem almagy özüniň watançylyk borjy hasaplaýan şahyra guwandylar. Türkmen ýazyjy-şahyrlaryndan N. Saryhanow, A. Nyýazow, Ş. Kekilow, K. Işanow, H. Ysmaýylow, D. Haldurdy, N. Pomma, Ç. Aşyrow, A. Kowusow, A. Nazarow, N. Jumaýew we beýlekiler ellerine ýarag alyp, basybalyjy duşmanlara garşy söweşlere gatnaşdylar. Uruşda söweşlere gatnaşan ýazyjy-şahyrlar uruş wakalaryny öz gözleri bilen görüp, eginleri bilen çekdiler. Şonuň üçin olaryň eserlerinde uruş wakalary has dogruçyl, hakykata laýyk şekilde suratlandyrylýardy. Şahyr Durdy Haldurdynyň Ýektaýly gyz, Etseň hyzmat — ýagar rehnet, Nurberdi Pommanyň Ädigimiň ýoly, Çary Aşyrowyň Ermeni gyz, Atam ýaly goşgularynda uruş wakalarynyň janly sahnalaryny synlamak bolýar. Ç. Aşyrowyň Ermeni gyz goşgusy many babatda-da, çeperçiligi babatda-da uly täsir galdyrýar. Goşgyny okanyňda söweş meýdanynda gana bulaşyp ýatan esgeriň ýaralaryna melhem edýän şepagat uýasynyň hereketleri, mähirli keşbi göz öňünde janlanýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda göwrümli eserler hem döredildi. Muňa mysal edip B. Kerbabaýewiň Aýlar, A. Nyýazowyň Maksat, N. Pommanyň Watançy garry, Dýadýa Iwan, B. Seýtäkowyň Joralar, Ç. Aşyrowyň Duşmanyň tylynda, H. Şükürowyň Jigit şygyrlary görkezmek bolar. Emma bu şygyrlarda uruş wakalary biraz ýüzleý suratlandyryldy. Türkmen ýazyjy-şahyrlary söweşlere gatnaşyp, urşuň ajy hakykatynyň janly şaýatlary bolanlaryndan soň, urşuň elhenç sahnalaryny ähli kynçylyklary bilen eserlerinde janlandyrmaga başladylar. Kemal Işanowyň Nätanyş gyzdan, Kümede, Ketkuda gelende, Güneşli şäher, Sag bol, Mergeniň işi, Nähili garşylarsyň meni? ýaly goşgularynda uruş ýagdaýlary we uruş gahrymanlarynyň keşbi anyk suratda, janly şekilde göz öňüňe gelýär. Nemes basybaljylara garşy söweşde mertlerçe gurban bolan Ata Nyýazowyň Sarsmaz gala, Deňiz ogullary we Gahryman şäher Sewastopolyň gahrymanlaryna bagyşlap ýazan 250-nji gün ýaly goşgularynda, Ruhy Alyýewiň Ukrainaly gyz, Bir desse gül, Ur nemesi goşgularynda Watany duşmandan goramak, mertlik, gahrymançylyk görkezmek ýaly pikirler belent ýaňlanýar. N. Pommanyň Ýadygär, A. Nyýazowyň Ogulbossan şygyrlary uruş döwründe döredilen şowly eserlerdir. Bu şygyrlarda uruş ýyllarynda türkmen aýal-gyzlarynyň öz şaý-seplerini uruşda kömek üçin berişleri täsirli görkezilýär. Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken Gara Seýitliýew, Rehmet Seýidow ýaly şahyrlar hem şowly eserleri döretdiler. Olar, ylaýta-da, uruşda söweşiji esgerleriň arasynda bolup, urşy gözleri bilen görüp gaýdanlaryndan soň, uruş wakalaryny has dogruçyl suratlandyryp başladylar. Bu babatda G. Seýitliýewiň Serhetçi gyz, Halkym goşgularyny bellemek mümkin. Rehmet Seýidow bu döwürde ýazan köp sanly goşgulary bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Şahyryň Enäniň haty, Ýerkümede, Ugratmak, Garaşaryn ýaly goşgularyny muňa mysal getirmek bolar. Bu goşgularda tylda galan adamlaryň uruş bilen bile dem alyşlary, olaryň ruhy dünýäleri çuňdan açylýar. Rehmet Seýidow Garaşaryn diýen goşgusynda öz söýgülisine soňky demine çenli wepaly bolan türkmen aýalynyň asylly häsiýetlerini janlandyrýar. Goşgynyň söýgi gahrymany asylly türkmen zenany öz söýgülisine, maşgalasyna çäksiz wepalylygyň nusgasyny görkezip, tylda söwer ýarynyň ornuny tutup zähmet çekýän zenanlaryň biridir. Bu goşgy şol döwürde uruşa iberilen ençeme hatlary bezäpdi. Şahyr gözi ýolda galan aýal-gyzlaryň duýgusyny şeýle beýan edýär: Garaşaryn, hatlaryň Uzakdan gelmände-de. Garaşaryn, sen hakda Hiç kim zat bilmände-de. Bu merdana sözler köp adamyň derdine melhem bolup, olary agyr ýagdaýdan halas edip, olara umyt we güýç-kuwwat beripdi. R. Seýidow uruş döwründe döreden goşgulary bilen özüni joşgunly watançy hem-de söýgi şahyr hökmünde tanatdy. Beýik Watançylyk urşy döwründe Aman Kekilow Dagystan, Watan, Egri azar, dogry ozar ýaly watançylyk ruhuna ýugrulan ajaýyp goşgulary döretdi. Şahyr Dagystan goşgusynda Dagystanyň gözel tebigatyny, oňa duşmanyň aýak sekmejekdigini şygryýetiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Kyssa görnüşi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda kyssa görnüşi-de ep-esli kämilleşdi. Uruş döwründe kyssa görnüşiniň dürli görnüşlerinde köp eserler ýazyldy. Olardan A. Gowşudowyň Mähri-Wepa romanyny, B. Kerbabaýewiň Gurban Durdy, B. Soltannyýazowyň Kerim Dos, N. Saryhanowyň Ýagtylyga çykanlar, H. Ysmaýylowyň Bäsdeşler kyssalaryny, Ata Durdyýewiň Watançy çopanlar, Jemal, Fostenko, N. Saryhanowyň Täleý, Ene, A. Gowşudowyň Gandym awçynyň maşgalasy hekaýalaryny görkezmek bolar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda döredilen iň iri kyssa eserleriniň biri A. Gowşudowyň Mähri-Wepa romanydyr. Bu roman uruş ýyllarynda türkmen halkynyň uruşda we tylda görkezen edermenliklerini giňden görkezýän, köp sanly gahrymanly eserdir. Ýazyjy tylda zähmet çekip, uruşy her taraplaýyn goldan adamlaryň häsiýetlerini, olaryň durmuşyny, alyp baran işlerini, watansöýüjiligini, zähmetsöýerligini çeper suratlandyrýar. Romanda tylyň uruş bilen bilelikde dem alşy, adamlaryň ähli güýçlerini duşmany ýeňmek üçin tijändikleri, anyk wakalaryň, çeper keşpleriň üsti bilen görkezilýär. Romanda tylda janypkeşlikli zähmet çeken Sähet aganyň, Gylyç Mergeniň çeper keşpleri-de ör-boýuna galýar. Emma eserde uruş wakalarynyň käte ýüzleý beýan edilýän, duşmanyň ejiz edilip görkezilýän pursatlary ýok däl. Muňa garamazdan, Mähri-Wepa romany türkmen halkynyň merdana ogullarynyň uruşda we tylda görkezen edermenliklerini wasp edýän iri kyssa eseri hökmünde uly ähmiýete eýedir. B. Kerbabaýewiň Gurban Durdy kyssasynda Rus birleşigiň Gahrymany Gurban Durdynyň çeper keşbi döredilýär. Kyssanyň birinji bölüminde Gurban Durdynyň obadaky durmuşy, tutanýerliligi, zähmetsöýerligi görkezilýär. Gurban Durdy söweş şertlerinde özüniň söweşjeň dostlary bilen ysnyşykly, agzybirlikli hereket edýär. Gurban Durdy öz söweşdeş ýoldaşlary Boçarow, Weliýew bilen aňtaýşa gidýär. Bu gerçekler agzybir hereketler edip, nemesleriň bir ýüz otuz ýedisini ýok edýärler. Ýesir düşenlerinde-de bu gerçekler duşmanyň öňünde müzzermän, belent ruhuny, ýanbermezligini saklaýarlar. Ýesirligiň agyr synaglary döwründe biri-birlerini ruhy taýdan goldaýarlar. B. Soltannyýazowyň Kerim Dos kyssasynda Watançylyk urşunda uly işler bitiren, ençeme söweşlerde özüniň mertligi, batyrlygy bilen tapawutlanan, ençeme duşmanyň janyny alan Kerim Dosuň söweşjeň keşbini döretdi. Onuň geçen şöhratly söweş ýoluny suratlandyrdy. N. Saryhanow Täleý, Ene ýaly hekaýalarynda uruş wakalaryny suratlandyrýar. Ýazyjy Täleý hekaýasynda nemes harby işgäri Şwarsyň aljyraňňy ýagdaýyny suratlandyryp, onuň partizanlaryň goluna düşüşini täsirli görkezýär. Hajy Ysmaýylow özüniň hakyky döredijilik ýoluna Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda başlady. Ol söweş meýdanyndan ýazyp iberen Bäsdeşler diýen eseri bilen okyjylaryň arasynda tanalyp başlady. Bäsdeşler kyssasy ýazyjynyň öz gözi bilen gören wakasynyň esasynda ýazylypdyr. H. Ysmaýylow bu eserinde Watançylyk urşuna gatnaşan iki sany oba ýigidiniň keşplerinde olaryň arasynda heniz oglanlyk ýyllaryndan dowam edip gelen bäsdeşligi görkezýär. Soňundan bu bäsdeşlik söweş ýagdaýynda dowam edýär. Dostluga öwrülýär. Olaryň watansöýüjilik duýgularyna, hereketlerine bat berýär. Bäsdeşligiň esasy sebäpkäri oba gyzy Dursun, ol bu iki ýigide-de söweşde ganat berýär. Ýöne söweşdeş dostlaryň biri — Muhat aradan çykýar. Garýagdy agyr ýaralanyp, bir aýagyndan mahrum bolýar. Garýagdy keselhanada ýaraly ýatyrka Dursuna hat ýazyp: Men maýyp. Aýagymy injigimden aldyrdym. Sen meni ýatdan çykar! diýýär. Emma aňly-düşenjeli oba gyzy Dursun Garýagdynyň hatyny alyp, onuň yzyndan ugraýar. Ony harby keselhanadan alyp gaýdýar. Dursunyň bu hereketi türkmen gyzynyň belent adamkärçiliginden habar berýär. Ol Garýagdynyň duşman bilen mertlerçe söweşendigine guwanýar hem ony söýýär. A. Gowşudowyň Gandym awçynyň maşgalasy hekaýasy Watançylyk urşy döwründe döredilen iň gowy eserleriň biridir. Bu hekaýanyň baş gahrymany Gandym awçydyr. Onuň keşbinde pähim-paýhasly türkmen ýaşulusynyň häsiýetleri janlanýar. Ol ýurduň agyr gününde halky ýeňşe, ruhubelentlige ruhlandyrýar. Ol agtygy Myradyň öldi habaryny eşidende-de, özüni mertlerçe alyp barýar. Ol söweşiň gurbansyz bolmajakdygyna çuň düşünýär. Onuň maşgalasy agtygy Myradyň patasyny aljak bolup oturanlarynda, Gandym aga olaryň bu hereketini ýazgaryp, halky ýeňşe ruhlandyrýar. Şeýlelik bilen, türkmen kyssasy Watançylyk urşy ýyllarynda ep-esli kämilleşdi. Döwrüň öňe çykaran möhüm meselelerine öz sesini goşdy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir