— Parižde bolanyňyzda «Sewil dellegini gördüňizmi? — Ýok, men daşary ýurtda bolanymda dellekhana barmaýaryn. * * * Ýaş artist kärdeşleriniň ýanynda: — Meniň Anna Kareninanyň keşbini döredesim gelýär — diýip, öz arzuwyny aýdýar. Ony üns bilen diňlän režissýor: — Göwnüme bolmasa, bu keşp size başartmasa gerek. Sebäbi siz ajaýyp zenanyň ýerine ýetiren hereketlerini gaýtalap bilmersiňiz—diýýär. * * * — Uly teatrda bolduňyzmy? -Ýok. — Kiçi teatrda bolduňyzmy? -Ýok. — Diýmek, siz owadan şäherde bolup görmänsiňiz. — Siz ulag sürüp bilýärsiňizmi? -Ýok. — Onda, siz meniň ulagyma göz-gulak bolaýyň. * * * — Saňa günde gül getirip berýän ýigit görünmeýär-le? — Ol öýlenipdir. — Ol saňa öýlenmedimi? —Ýok, ol şol gül satýan gyza öýlenipdir. * * * Teatra gelen tomaşaçylaryň ikisi özara gürieşipdir. Olaryň yzynda oturan tomaşaçy: — Men hiç zat eşidemok. Ýuwaşrak bolmagyňyzy haýyş edýärin — diýeninde, olaryň biri: — Siz biziň näme hakynda gürrüň edýändigimizi eşitjek bolýaňyzmy? —diýip, onuň özüne sowal beripdir. * * * Deňiz kenaryna dynç almaga gelen zenan adamsyna: «Bärde güýçli ýagyşýagýar» diýip, hat ýazýar. Aýalynyň hatyny okan äri: — Onda yzyňa dolanaý sebäbi bärde-de ýagyş yzyny üzmän ýagýar—diýip, oňa jaň edýär. * * * — Siz sahna oýny dowam edýärkä az-kem ýalňyşdyňyz öýdýän? — Siz dogry aýdýarsyňyz, şol ýalňyşdan soňra tomaşaçylar ýerlerinden turup el çarpyşdylar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir