Işden gelip ,bu gün kän pikirlendim, bu mowzugy açsamykam ýa açmasamykam diýip, ahyr ertirdäki dostyma sala saldym we bolan wakany gürrüň berdim. Bolan wakaň üsti bilen belki ýene birnäçe gyzy halas edip bolar diýen pikir bilen, o wakany siz bilen hem maslahatlaşmany makul bildim Mowzugy ýazmagyma sebäp bolan gyz 1999-njy ýylyň gyzy ýagny 10 - njy synpyň okuwçysy . Bu gyz bir ýigit bilen internetdiň üsti bilen tapyşyp, bazara gitjek bahanasy bilen ,öýden birnäçe gezek gidip bazarda görşüp, tanşyp we 3 aý töweregi söýşüpdir. Oglan hem 10-njy synpyň okuwçysy Ýaşlaryň arasyndaky söýgi ody örän çalt tutaşyp, ahlah serhetden geçip gyz namysy unydylyp, gyzyň öýiniň aýak uçyndaky mal ýatakdan, ýagny şygyrdyr,göle, geçidir goýnyň şaýat bolmagynyň astynda ol gyzlyk namysy elden gidipdir Ýaşlyk hužywy bu iki ýaş juwany söýgi ummany iki ýana kürekläp ýörmegi heniz mekdebi tamamlamadyk gyzyň göwreli bolmagyna sebäp bolypdyr Gyz öziniň bu düşen ýagdaýyny ýakynlaryndan gizläpdir. Oglan gyzyň her bir diýen zadyny höwes bilen ruhsat bermeginden peýdalanyp, şu söýgi serhetden geçip är-aýallyk derejä geçenini duýman galypdyr Agzy tagam tapan ýigit gunde gelip, sygyr ýatakda gyz bilen bile bolyp daň saz berende hersi, hiç zat bolmadyk ýaly ýerli ýerinde örňäpdirler Bu aýşy-eşretli günler uzaga gitmändir ,iki üç aýyň dowamynda yigdiň ýüregne düşup başga gyzyň yşgyna düşip bu gyzdan el çekip ,gyzyň durmyşyndan ýitipdir Gyz iki ýana urnypdyr we alaç bolmansoň, buda başga yigit tapynyp ýene öňkije oýunlaryna başlapdyr Aýyň güniň geçmegi bilen bu ýigit hem gyzdan el çekipdir ... Göwredäki çaga bolsa gün geldigije ösýardi,özinde bolýan üýtgeşmeleri aňsada ,aňmadyga salyp ,syryn, syrlygyna saklap gezip ýörüpdir. Gyzyň ýagdaýyndan ne mugallymlar ne-de ejesi bihawar bolypdyrlar we şeýle bolar diýip guman hem etmändirler Gyzyň gusup gaýtarmagy zerarly hassahana gelende USB-gynyň netijesinde ýüze çykan: Kesel kesgidi: Göwrellik 20-21 hepde:- diýip netijenamany gören ejesi duran ýerinde diň arkan gaýtdy. Gan basyşy beýgelen, ýüregi hem çalt urýar. Ejesine ony muny däri derman sanjylyp, arkaýyn gürrüňdeşlik geçdik Gyzdan ses çykanok, ejesi bolsa hiç zat aňmandyryn, çaklamandydyryn beýle pohuňy iýjiligin etjegin näbileýin, kakasy biläýse ikimizi hem soýar, -diýip gan aglap çagany aýryp bermekligi haýyş edip aglady Çagany aýyrmaklyk möhletinden wagty geçipdi we indi diňe dogryma ruhsat beraýmek galypdy .... Wakaň yzy azajyk bulaşyk we wakany şu ýerde kesmegi makyl bildim Bu wakaň üsti bilen biz halkyň ýagny mekdeplerde we ilat arasynda näme iş geçirmeli ,bu barada men sizi tegelek stolyň başyna aç-açan söhbetdeşlige çagyrýan. Şoňky döwürde mekdep okuwçylaryň arasynda şeýle wakalar gaçmak ýa göwreli bolmak ondan mundan köp eşdilýar. Plan mekdepden 8 synp gyz gaçypdyr ýa planyň 10-njy klasda okap ýören gyzy gaçypdyr diýen gürrüňleri eştýas Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ösen ýurtlaryň hataryna goşylyp, ýurdymyzda lukmançylyk hyzmaty giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary boýunça ýurdumyzyň gülläp ösmegi ,ynsan saglygy, daşky gurşawy goramakda möhüm wezipeler bilen bir hatarda ýetgitjek oglan-gyzlaryň geljegini goramaklygy we olaryň arasynda söýgi temalarynda wagz nesihat işleri has hem güýçlendirmek babatda degerli işler durmyşa geçirilýar. Mekdeplerde geçirilýan ahlah sapaklar has hem güýçlendirmelimika diýýan. Muňa diňe bir saglygy goraýyş işgärleri bilen bir hatarda, ýaşlar guramasynyň wekilleri we ene atalar, ýokary synp okuwçylar we mugallymlar hem hökman gatnaşmaly Gyzlaryň şu söýgä garaýyşlary barada aç açan sapaklar geçirmeli we olaryň gyzlyk namysyny aýap, geljekki arassa päk maşgala ojagyn gurnamagyna gapdalyndan goldaw bermeli we olary urukdyrmaly Bellik: Gyzlara ýekeje zat aýdasym gelýar. Mowzygy goýan badyma telim agza we myhmanlar okaýar, goňşy saýtlara alnyp goýylýar. Hiç kim siziň zeleligiňize çapanok, elimizden gelse diňe kömek, goldaw berjek bolýas. Ýöne ýekeje zat aýdaýyn: Söýişmäň! - söýişseňiz hem arassa söýşiň we serhetden geçmäň . Siziň gyzlyk buýsanjyňyzyň arkasynda gör näçe adamlar dur, ene ataňyz, dogan jiglerňiz, ýakyn ýadyňyz, iň esasy hem size gujagyndan ýer berip söýgi bilen daş töweregiňizi gorap saklajak, size gujagyn gerip bagt berjek ýigdiňiz dur -Goý olaryň hiçisiniň hem belent başy aşak egilmesin, -Goý olar sizi görende başyny egip dälde hekkerip gezsinler Howlykmaň! Mekdep okuwçysy bolyp gatnaşyk etmani nirden bilýäňiz ,siziň gyzlyk buýsanjyňyz gel,gel gabat gelen sygyr ýatakdaky mallar şaýat bolmalymy. Türkmende gör nähili gowy,gowy däp dessurlarmyz bar, sizi ene ataňyz dawaraly ýagdaýda aýdym sazly, dogan garyndaşy, dost ýaryn üýşürüp toý edip şu oglan seňki, şu gyz seňki diýip ýanyňyza, öz elleri bilen salyp gitýaler Türkmençilikde guşak çözdi, oglan saldy nahili dawaraly ýagdaýda gyzykly geçýar. Şeýle şagalaňly, dawaraly ýagdaýlardan ýakynlarmyzy we özümizi mahrum etmäli. Gyzlyk buýsanjymyzy sygyr ýataklarda ýa onda munda ot çöplerde galdyrmaly, goralyň we gyzlyk buýsanjymyza buýsanalyň.....!? Nowça
Gyzlar nädip göwreli bolýar. Tegelek stolyň başynda aç-açan söhbetdeşlik
-
Gulsirin
8 years ago
- Berekella, yazyp govy edipsin, bulary okap gyzlarda ahlak namysjanlyk duygusy oyanar diyip oylayan.
-
Tortchy
8 years ago
- Agyyy @nowca senem barmyn gyy bardede acaydynmay bu temaby(kellesin gasap duran smaylik)
-
Muslim85
8 years ago
- Gyzyny urmaÿan - dyzlaryny urar.
-
LukeHemmings
8 years ago
- Sizin hemmanizin beyniniz yuwulypdyr, onnan nadip bu dowlet oser? Dünyan in bok dowletlerinden biri:( wah gaty gynancly, sana name başga gyzyn selkasyndan ha birde namys iki ayak arasynda dal, namys kellede
kitaphanachy 8 years ago- Gowy tema açypsyň