Kakasy aradan çykansoñ ejesine berlen talak sebapli 1.7 aýlykda Çynar ejesi bilen mamalaryna gaýtmaly boldy. Maşgala ýagdaýy sebapli ejesi ikinji gezek durmyşa çykdy. Kakalygynyň görkezen zarbyna kaýyl bolyp ýaşap 17-18 ýyl wagt geçdi Ejesi Çynara ýoldaşynyň berýan zarbyna özi çydaman öz erkek doganyna 18 ýaşar welin gelin edip şuny oglyňa al, gyzymyň güni gowy däl, şu sataşman geçen ärimiň görkezen oýunlaryndan,gyzyma el deger öýtýan— diýip aglap ýalwarýar Dogany kaýyl bolyp Çynary gelin edip oglyna almaga razy bolýar. Gepleşilen güni Çynar eşik almak üçin daýysynyñ ýanyna ugraýar we şo gidişi gidişi bolýar. Waka 2008 - nji ýylyň 3- nji oktýabrynda bolyp geçen Gyzyň hossarlary ,daýy daýzalary, öz hakyky kakasynyň dogan garyndaşlary gözleýaler we çar ýana bildiriş asylýar. Gyzdan hawar hatyr ýok Gyzyň ejesiniň aýtmagyna görä Çynaryň ýitmezinden öň öz ýoldaşy oýun edip:— gyzyň senden owadanla, ýa türke işe äkideýinmi ,beýle gurjak ýaly turkmen gyzlara türkler dollar seçýar, he he ?—diýip gülşini halaman, öz erkek doganyna ýoldaşynyň aýdan zadyny aýtýar. Dogany hem gyzdan göziň aýyrma we ýeke goýma diýip berk tabşyrsada, daýysynyň ýanyna ugradyp yzyna gelmänsoň ,ejesi dogannyňkydadyr diýip pikir etyar Hormatly ertirdeşler gyzyň dereksiz ýitenine 7 ýyl bolansoň patasyn almalymyş diýýaler welin diri ýitgi bolansoň hiç boýnyna alyp bilenoklar. Bir ýerden ses bolar umut bilen gözleri ýolda Bir ýerlerde birniň gelni bolyp ýaşap ýören bolmagy hem mümkin, diýip ýagşy umytda bolýalar Egerde azda kände şu gyzy gören eşden bolsa şu nomere ýa-da maňa aýtmagyňyzy haýyş edýarin Gyz dünýede diri bolsa bolsa, başga näme bolsada hossarlary kaýyl, diriligin eştdip sesini eştseler hem kaýyl. Eger-de gyzdan hawar hatyr bolyp, gyz tapylsa hossarlary uly möçberde sylaglaýar

Köneler, Nowcha2811 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir