Halk hakdan içen diýilýän zehinli adamlaryň beren gürrüňlerinden, aýdan rowaýatlaryndan ruhy lezzet alýar. Men hem öz gezegimde ýaşuly adamlardan eşiden paýhasa ýugrulan gürrüňlerimden, dürli wagtlarda okan kitaplarymdan ýazyp goýan belliklerimi okyjylara ýetirmekligi müwessa bildim. Syrly sanlar. Ýaşulularymyz tymsaly san bilen berçinlemegi halardylar. Köplenç olaryň ulanýan sanlary hem üç, ýedi, dokuz, kyrk. Olar: -Oglanlar üç hili bolýandyr: şahuser, serbeser, derdeser. Şahuserlik her kese ýetdirmez welin, serbeser welin boljak bolawergin, derdeserden-ä Hudaý saklasyn-diýip nesihat ederdiler. Bir oguldan ogul bolmaz, iki ogul ýarty oguldyr, üç ogul oguldyr. Ogluň üç bolsa, biri ile ýarar. Erkek kişi üç hili bolýandyr: ärleriň äri, aýalynyň äri, ondanam bäri. Özüňi gul diýip hasaplagyn Biri bilen ýoldaş bolup sapara gideniňde, sen ýolda-da, düşläniňde-de, hemişe özüňi onuň guly diýip hasaplagyn, şonda ol hem özüni seniň guluň saýar. Eger şeýtseň, mydama wepaly, ynamdar ýoldaşly bolarsyň. Saparyň-da şowly bolar, rahat bolar. Köňül gudratly patyşadyr Adam mydama niýetine görä tapýandyr. Köňül haýsy zadyň yşkynda bolsa, şony hem tapar. Köňül diýleni gudratly patyşadyr, adamyň gaýry agzalary bolsa onuň esgeridir. Köňül nämäniň yşkynda bolsa, agzalar hem şonuň yşkyndadyr. Köňül her tarapa ýüwürse welin, ol hiç zada ýaramaz. Öz köňlüm diýip, kişiniň köňlüni hergiz ýykyjy bolmagyn. Köňül ýykmakdan uly günä ýokdur. Günäkär kimkä? Iki adam hiç zat ýok ýere sögüşse, onuň akyllysy günäkärdir. Eger haýwan bilen adam oňuşmasa, adam günäkärdir. Eger halypa bilen şägirt oňuşmasa, halypa günäkärdir. Eger dana bilen samsyk oňuşmasa, dana günäkärdir. Eger är-aýal oňuşmasa, är günäkärdir. Aýal adama naçar diýilýändir. 01 enedir, ähli öýüň, maşgalaň keşigem enäniň başyndadyr. Enede hiç haçan günä bolup bilmez. Hiç wagt häsiýet üýtgemez Kimdir biri obamyzda bir ýaňrany öwüp, arşa çykardy. Onuň öň erbet hem bolsa, indi üýtgeşik gowy bolandygyny nygtady. Şonda ýaşuly aýtdy: «Dogrudyr, çyn bolsa. Ýöne şol öwýän adamyň alym bolupdyr diýseler ynanardym, uly hojaýyn bolupdyr diýseler ynanardym, ýöne häsiýetini üýtgedipdir diýseler welin, asla-da ynanmaryn».

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir